Miopiýanyň ýüze çykmagynyn esasy sebäpleriniň biride hatyn ýakyn tutyp ýazylmagy,okalmagy,gözüň daşky bardasynyň yukalmagy we nesil yzarlama bolup biler.Kesel adatça mekdep ýyllarynda başlanyp esasanda 7-15 ýaşly çagalaryň görejine uly howp salyp bilýär.Göze agram düşýär,okuwçy synp tagtasyndaky ýazylan zatlary görmekde gynalýar.Öýde telwizora ýakyndan seretmäge mejbur bolýar,käte uzakdaky zatlary görmege dyrjaşyp gözlerini süzýär,kiçelýär.Görüş ukyby yzygiderli peselýär.Haýal-ýagal edilmezden öňi alynmasa agyr gaýra üzülmeler ýüze çykýar. Häzirki wagtda şowakörlügi lazer şöhleleri bilen bejeriş iň amatly, takyk,ýeňil,agyryly däl usul hökmünde giňden ulanylýar.