ksaparlyyev
19.03.2023 21:27


Bäş ýarym ýyllap aýan söýgümi, birinji gijämde küle öwrüldi (bolan waka)

3-nji jemleyji bolum...

Ýüzüme gözüme kemeriň yzy düşupdi, ýüzim gözüm çişdi

Daň atansoň baş saljydy.

Günortana ýakyn bir ýerden gyz jigim bilen jorasy geldi, ejem uzyn gije ýatyp bilmandir, basyrganyp çykypdyr ,bir minutjyk hem bolsa görüp geliň diýip gyz jigimi ugradypdyr.Ene ýüregidirdä balasynyň zaryn sesin eşdendir, ejemjan hem

Olar gelende gaýyn ekejim bilen eltim meni görkezman öýe ugratjak bolupdyrlar ,emma gyz jigim men doganymy görmän hiç ýerik hem gitmen diýip kürsap bolýan otagyma giripdir we meniň ýüz gözümi görüp aglap başlady, men jigimi gujaklap menem saklanyp bilmedim.

Az wagtdan jigim gitdi

Şo gün öýlän erkek doganym,gelnejem we aýal doganym hem-de körekenmiz maşynly gelip göni hiç zat diýmän meni bu öýden alyp gitdi, bar goşym bilen

Toý çykdajylaryn we meniň üçin sarp edilen bar çykdajylary kakam olara köpükme köpük berdi Şöhrady zalymlyk bilen urandygy üçin hukuk goraýyş edarasyna arza ýaz diýende men kakama

- kakajan, men güldende päk, siziň ýüziňizi men söýüşdüm diýip ýere salmadym, meni bagyşla, azar berme goý gitsin, ýöne meni indi ol hojalyga iberme, men indi ol adamlaryň ýüzüne seredip ýaşap bilmen, kakajan meni olara berme, diýip kakamy gujaklap agladym

Kakam dagy maslahatlaşyp arza ýazjak däl diýen sözüme razy boldylar

Meniň bu düşen ýagdaýym, ile güne çykar ýaly bolmaly we men 5-6 aý aýal doganym öýinde boldym. Olarda bejergi aldym ,özüme seretdirdim

Aradan 6-7 aý geçensoň meni öýdakiler daşkyrak garyndaşymyzyň ogly Wepa durmyşa çykardylar. Wepaň hem birinji durmyşy bolmandyr.

Alan gelni iki aý hem ýaşaşman, oňyşman aýrylyşyp gidipdir

Kakam meniň toýymy ulydan tutyp täzeden edil gyzlaryň toýy ýaly edip toý edip berdi, ýöne hakykatdanda men gyzdym ahyry

Men Wepa bilen düşunşup agzybir ýaşap başladym

Wepa meniň birinji nikamda düşen ýagdaýym toý etmamkam bilýardi .Men oňa men heniz hem gyzlygym aýdypdym

Indi durmyşym oňat bir gyzjagazym bar, ikinji göwrämde ogla garaşýas

Birinji bagtym ikinji görgüm diýen söze köplenç garşy çykýan, dogry kimse birinji nika oňsa kimsinde ikinji nika oňýar

Meniňa bäş ýarym ýyllap dilden gözden aýap gowşan söýgüm birinji gijämde küle öwrüldi .....

Awtordan:

Işleýan ugrum aýal ugry bolansoň men ýaşlara ýekeje zat aýdasym gelýar

Durmyş guraňyzda hiç hili aljyramaň, hemme zat gowy bolar ,sähel göwnüňize çiglik gitse, erkeklik güýje ýapyşman göni maşyna ýükläp barlaga getiräýiň ....

Sony

Üsn berip okanynyz üçin sagboluñ!

Yene gelsinmi sun yaly postlar ?

10
421
ksaparlyyev
18.03.2023 17:45
Bäş ýarym ýyllap aýan söýgümi, birinji gijämde küle öwrüldi (bolan waka)
2-nji bolum...
Ýüzum gözum gara gana bulandy, onyň gahary beýna urdy, diňe, meni aldarmyň sen, kim bilen boldyň sen, meni nägüne saldyň sen, kim ol seniň gyzlygyn alan, seni öldürin, nameüçin hiç zat aýtman toýa razy boldyň, diýip meni kemer bilen saýgylaýşynyň zarbyna men diňe,men hiç kim bilen bolamok men, men güldende päk, ynanaý diýip aglap ýalbarsamda gulak asmady
Toý gijamde biziň bu gohymyza gapyň aňyrsyndan işigi açda, äpigäni aç diýip, daşardakylaryň gohy hem Şöhrada hiç hili tasir etmedi
Mende indi ysgyn yokdy. Ahyr özi ýadap meni baş aşyk, köýnegim ýary ýyrtym,ýyrtym halda ýakamdan süräp göni gapyny açyp meni gaýnym dagyň öňüne zyňyp göýberdi we
- iliň ulanan zady maňa gerekdäl, äkidiňde ejesine eltip beriň, diýip gygyrdy
Gaýyn ekejim kelläme ýaglyk daňyp, näme boldy diýip meni gyssady, oňada zordan "men gülden päk, men gyz"diýip bildim
Gaýyn agam Şöhrady gowy bir gezek yumrugy bilen doňdyryp göýberdi we şeýle derejä ýetip zenan maşgalany urylýarmy, hemme zadyň hem çykalgasy bardyr, mün maşyna gyzmy, gelinligin biläýeris diýdide iki maşyn bolup, meni etrapdaky ginekologiýa bölüme alyp gaýdylar
Göz öňüne getirip bilýaňizmi gaýyn agam, gaýyn atam,eltim, gaýyn ekejim bary biz bilen gaýdy
Meni lukmana elten badyna meniň daşky görnüşim görüp ol lukman hem
- birniň çagasyn beýle derejede urup alan galaň name, göwnüňe çiglik gitse göni getiräýmelidä, özümiz hazir barlap bereris ,ýöne bu çagany beýle derejese gorkyzmaly däl ekeniňiz diýdi
Men bolsa
- jan lukmanjan gowy barlap şo zady görülýan bolsa şoňa görkezäýiňdä, men naçe ýalbarsamda ynanmady ,haýyş edýan, men hiç kim bilen bolmadym: -diýdim
- bor jigim hazir ýoldaşyň ýanda barlap berjek sen gorkma hemme zat gowy bolar:-diýdi
lukman barlandan soň ol Şöhrada
- seret ynha hatda ony sen ýerinden hem mizetmänsiň, bu gyz heniz, sen doly derejede hiç zat bilman şeýle ýagdaýa düşurup urmalymy gyzy, düşunşip maşyna ýuklap barldaýmaly ekeniňiz .
Biz daş çykdyk welin gaýyn agam bizi ile masgara etdiň diýip Şöhrady urdy. Men ondan soň Şöhrady görmedim
Daň atyberipdi. Lukmanyň ýandan gelip meni banýa saldylar, tazeden köşeşdirjek boldylar ýöne wah ,ol günki düşen ýagdaýyma söz tapamokda, özümi öldüresim gelýar, ýaşap biljek daldim...
Dowamy bar...
Gyzyklymy ha ? Tasir galdyrdymy !
14
693
ksaparlyyev
ksaparlyyev
17.03.2023 12:53
Bäş ýarym ýyllap aýan söýgümi, birinji gijämde küle öwrüldi (bolan waka) 1-nji bolum... Men Şöhrat bilen ilkinji ertir com portalyna registrasiýa bolan günüm tanyşdym. 2010- njy ýyllaryň içidi. Ilki
ksaparlyyev
ksaparlyyev
16.03.2023 00:25
.
ksaparlyyev
05.03.2023 14:23
Bir wagtlar bir kör gyz bardy. Ol örän owadan. Bir ýigit ony halady. Ol gyza gowy görýändigini aýtdy we oýlenjekdigini aýtdy. Gyz oglany ret etdi. Men kör we hiç zady görüp bilemok, saňa laýyk gyz dal men, Oglan seni bagtly ederin diýdi. Bir gün gyzyň gözleri üçin donor tapyldy. Gyz özüni gaty gowy görýän ýigit bilen tanyşdy. Gyz gözleri bilen ýigide seretse, oglanyñam gözleri görenokdy. Gyz oglanyñ körligini bilip başga oglana bardy. Bir ýyldan soň gyz özüni söýýän kör ýigiden hat geldi. Hatda şu sözler ýazylypdy: - &;Hoş gal, Eýjejigim, gözlerimi gora ...!;.
20
284