ksaparlyyev
17.03.2023 12:53
Bäş ýarym ýyllap aýan söýgümi, birinji gijämde küle öwrüldi (bolan waka)

1-nji bolum...
Men Şöhrat bilen ilkinji ertir com portalyna registrasiýa bolan günüm tanyşdym.
2010- njy ýyllaryň içidi. Ilki günler salam ,salam dost ýaly gürleşsekde, dostlygymyz söýgä öwürlenini bilmän galdym.
Şöhrat goňşy obadandy. Ol meni obadaş diýip saýtda mydama goraglap ýörerdi.
Ol daşary ýurtda okaýardy, şo ýyl birinji kurs talybydy. Biz boş wagtlarmyz saýtda pikirlerde otyrardyk, köp wagtymyzy şahsy hat alyşardyk.
Men obadaky haly sehde haly dokaýardym. Şonyň üçin köplenç gijelik girerdim
Şöhrat bilen men bäş ýarym ýyl bir birimiz bilen halaşdyk.
Ol tomus kanikula gelende görüşdik Ol meni çäksiz söýýardi, menem ony.
Men onyň okuwym gutaryp toý ederis diýip beren sözine ynanýardym we ol öz beren sözinde hem durdy .
Okuwyn sagaman dynyp gelen ýyly biz uludan toý tutdyk.
Men örän bagtlydym. Öz söýgüme gowuşmak adamyň ruhyny şat eder ekeni.
Biz bu toýa bäş ýarym ýyllap garaşdyk. Geljegimiz barada gijeler ýatman arzuw ederdik.
Ol arzuwlaryň durmyşa geçip başlamagy bize ruhy lezzetin berýardi
Meniň toý günüm.Bezenip beslenip gelen gelinalyjy maşyna ak pata alyp münüp ,söýen ýigdiň gujagyna dolmak gör nahili ,söz ýok bagt ekeni
Toý dawaralary ,bar toý däp dessurlary bolmalsy ýaly boldy
Gijelik toýdan soň yigit saldy, dawaraly ýagdaýda geçdi
Men bagtlydym,ýöne bagt diýilýan zadyň adamzada naçe wagt beriljegin biz bilmeýaris, ýöne hemme zady Allajanyň özi gowsyny edsindä hernä.
Bar zat göz açyp salmasy esasynda bolup geçdi
Şöhrat birinji gijämizde az kem içgilidigi bildirýardi, ýöne men sesim hem çykarmadym.
Ilkinji gijämde men beýle ýagdaýa düşerin öýtdüp ýatsam tursam guman hem etmeýardim.
Ol gije meni Şöhrat uly ile masgara etdi
Ikiçäk galyp durmuşymyzyň ilkinji ýolyna gadam basamyzda onyň ilkinji ýüzüme uran şarpygy heniz heniz ýadymdan çykmaz .
Ol o gün dälireli, sen gyzlygyň kime aldyrdyň diýip ýüzüme gaty ses bilen gygyranda men gorkyjyma name diýjegim bilmedim, diňe
-Şöhratjan, men seniň bilen söýşüp ýörkäm hiç kim bilen gepleşmedim men diňe saňa garaşdym, men gülden-de päk, ynanaý diýip ýalbarýan sesime onyň hiç hili rehimi gelmedi we gapdalda duran jalwaryndan kemerin sypyryp, gabat gelen ýerime saýgylap başlady...
Dowamy bar...
Gelsinmi dowamy !
15
213
nuryyewagulshat
18 Mart 2023
Довамына гойага
AhmetAhmet
17 Mart 2023
ksaparlyyev, haçan dowamyny goýjak
ksaparlyyev
17 Mart 2023
Salam ! Elbetde goyars dowamyny men okalar oytmedim okapdyrlar sps hemma!!! T soltanovyn owrenmeli saydy yapyk sebabini bilyan bolsa yazyan !!!
lalahan
17 Mart 2023
Dowamyna garasyan
AhmetAhmet
17 Mart 2023
melek06, 😔
melek06
17 Mart 2023
AhmetAhmet,Öňler beyle däldi agzalar aktiwdy, we öňki agzalaram ýitip barýalar:(
AhmetAhmet
17 Mart 2023
melek06, iç gysgynç gaty erbet
AhmetAhmet
17 Mart 2023
melek06, hm
melek06
17 Mart 2023
AhmetAhmet,Bu wagt düzediş işlerini geçirýärler
AhmetAhmet
17 Mart 2023
melek06, söhbetdeşlik işlänokmy bu wagt
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.