Bäş ýarym ýyllap aýan söýgümi, birinji gijämde küle öwrüldi (bolan waka)
2-nji bolum...
Ýüzum gözum gara gana bulandy, onyň gahary beýna urdy, diňe, meni aldarmyň sen, kim bilen boldyň sen, meni nägüne saldyň sen, kim ol seniň gyzlygyn alan, seni öldürin, nameüçin hiç zat aýtman toýa razy boldyň, diýip meni kemer bilen saýgylaýşynyň zarbyna men diňe,men hiç kim bilen bolamok men, men güldende päk, ynanaý diýip aglap ýalbarsamda gulak asmady
Toý gijamde biziň bu gohymyza gapyň aňyrsyndan işigi açda, äpigäni aç diýip, daşardakylaryň gohy hem Şöhrada hiç hili tasir etmedi
Mende indi ysgyn yokdy. Ahyr özi ýadap meni baş aşyk, köýnegim ýary ýyrtym,ýyrtym halda ýakamdan süräp göni gapyny açyp meni gaýnym dagyň öňüne zyňyp göýberdi we
- iliň ulanan zady maňa gerekdäl, äkidiňde ejesine eltip beriň, diýip gygyrdy
Gaýyn ekejim kelläme ýaglyk daňyp, näme boldy diýip meni gyssady, oňada zordan "men gülden päk, men gyz"diýip bildim
Gaýyn agam Şöhrady gowy bir gezek yumrugy bilen doňdyryp göýberdi we şeýle derejä ýetip zenan maşgalany urylýarmy, hemme zadyň hem çykalgasy bardyr, mün maşyna gyzmy, gelinligin biläýeris diýdide iki maşyn bolup, meni etrapdaky ginekologiýa bölüme alyp gaýdylar
Göz öňüne getirip bilýaňizmi gaýyn agam, gaýyn atam,eltim, gaýyn ekejim bary biz bilen gaýdy
Meni lukmana elten badyna meniň daşky görnüşim görüp ol lukman hem
- birniň çagasyn beýle derejede urup alan galaň name, göwnüňe çiglik gitse göni getiräýmelidä, özümiz hazir barlap bereris ,ýöne bu çagany beýle derejese gorkyzmaly däl ekeniňiz diýdi
Men bolsa
- jan lukmanjan gowy barlap şo zady görülýan bolsa şoňa görkezäýiňdä, men naçe ýalbarsamda ynanmady ,haýyş edýan, men hiç kim bilen bolmadym: -diýdim
- bor jigim hazir ýoldaşyň ýanda barlap berjek sen gorkma hemme zat gowy bolar:-diýdi
lukman barlandan soň ol Şöhrada
- seret ynha hatda ony sen ýerinden hem mizetmänsiň, bu gyz heniz, sen doly derejede hiç zat bilman şeýle ýagdaýa düşurup urmalymy gyzy, düşunşip maşyna ýuklap barldaýmaly ekeniňiz .
Biz daş çykdyk welin gaýyn agam bizi ile masgara etdiň diýip Şöhrady urdy. Men ondan soň Şöhrady görmedim
Daň atyberipdi. Lukmanyň ýandan gelip meni banýa saldylar, tazeden köşeşdirjek boldylar ýöne wah ,ol günki düşen ýagdaýyma söz tapamokda, özümi öldüresim gelýar, ýaşap biljek daldim...
Dowamy bar...
Gyzyklymy ha ? Tasir galdyrdymy !