ksaparlyyev
19.03.2023 21:27


Bäş ýarym ýyllap aýan söýgümi, birinji gijämde küle öwrüldi (bolan waka)

3-nji jemleyji bolum...

Ýüzüme gözüme kemeriň yzy düşupdi, ýüzim gözüm çişdi

Daň atansoň baş saljydy.

Günortana ýakyn bir ýerden gyz jigim bilen jorasy geldi, ejem uzyn gije ýatyp bilmandir, basyrganyp çykypdyr ,bir minutjyk hem bolsa görüp geliň diýip gyz jigimi ugradypdyr.Ene ýüregidirdä balasynyň zaryn sesin eşdendir, ejemjan hem

Olar gelende gaýyn ekejim bilen eltim meni görkezman öýe ugratjak bolupdyrlar ,emma gyz jigim men doganymy görmän hiç ýerik hem gitmen diýip kürsap bolýan otagyma giripdir we meniň ýüz gözümi görüp aglap başlady, men jigimi gujaklap menem saklanyp bilmedim.

Az wagtdan jigim gitdi

Şo gün öýlän erkek doganym,gelnejem we aýal doganym hem-de körekenmiz maşynly gelip göni hiç zat diýmän meni bu öýden alyp gitdi, bar goşym bilen

Toý çykdajylaryn we meniň üçin sarp edilen bar çykdajylary kakam olara köpükme köpük berdi Şöhrady zalymlyk bilen urandygy üçin hukuk goraýyş edarasyna arza ýaz diýende men kakama

- kakajan, men güldende päk, siziň ýüziňizi men söýüşdüm diýip ýere salmadym, meni bagyşla, azar berme goý gitsin, ýöne meni indi ol hojalyga iberme, men indi ol adamlaryň ýüzüne seredip ýaşap bilmen, kakajan meni olara berme, diýip kakamy gujaklap agladym

Kakam dagy maslahatlaşyp arza ýazjak däl diýen sözüme razy boldylar

Meniň bu düşen ýagdaýym, ile güne çykar ýaly bolmaly we men 5-6 aý aýal doganym öýinde boldym. Olarda bejergi aldym ,özüme seretdirdim

Aradan 6-7 aý geçensoň meni öýdakiler daşkyrak garyndaşymyzyň ogly Wepa durmyşa çykardylar. Wepaň hem birinji durmyşy bolmandyr.

Alan gelni iki aý hem ýaşaşman, oňyşman aýrylyşyp gidipdir

Kakam meniň toýymy ulydan tutyp täzeden edil gyzlaryň toýy ýaly edip toý edip berdi, ýöne hakykatdanda men gyzdym ahyry

Men Wepa bilen düşunşup agzybir ýaşap başladym

Wepa meniň birinji nikamda düşen ýagdaýym toý etmamkam bilýardi .Men oňa men heniz hem gyzlygym aýdypdym

Indi durmyşym oňat bir gyzjagazym bar, ikinji göwrämde ogla garaşýas

Birinji bagtym ikinji görgüm diýen söze köplenç garşy çykýan, dogry kimse birinji nika oňsa kimsinde ikinji nika oňýar

Meniňa bäş ýarym ýyllap dilden gözden aýap gowşan söýgüm birinji gijämde küle öwrüldi .....

Awtordan:

Işleýan ugrum aýal ugry bolansoň men ýaşlara ýekeje zat aýdasym gelýar

Durmyş guraňyzda hiç hili aljyramaň, hemme zat gowy bolar ,sähel göwnüňize çiglik gitse, erkeklik güýje ýapyşman göni maşyna ýükläp barlaga getiräýiň ....

Sony

Üsn berip okanynyz üçin sagboluñ!

Yene gelsinmi sun yaly postlar ?

10
421
Myhman Myhman
27 Mart 2023
Soygi gor nahili pursatlara getirya sen birini jandan soyup yasayn ol bir gun here uranda in agyr zat ynana adamynda beyle zada garasmak gaty agyr zat
Myhman Myhman
23 Mart 2023
Birinji bolümüni goýaýyň
nuryyewagulshat
21 Mart 2023
Говы довам
asyrowa
21 Mart 2023
Hawo goyayyyn yone nirde bar sunyaly post
Ayjahan 04
20 Mart 2023
Gyzykly
numa
20 Mart 2023
ksaparlyyev nirden alyanyz seyle wakalary
Myhman Myhman
20 Mart 2023
Gaty dogry edipdir gaydyp gadyr bilmezlereyar bolandan bolmadygyn yeg
ksaparlyyev
20 Mart 2023
Myhman Myhman, yzyda shul !!! Bir temada 3 post goydym 3 njisi sul sonky !!!
numa
20 Mart 2023
🌟👍🌟🌟🌟👍🌟👍👍🌟🌟👍🌟👍🌟👍
melek06
20 Mart 2023
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.