kizz
18.12.2023 14:35
Içiňdäki kinäniň agramy
Bir orta bilim berýän mekdebiň sylanýan mugallymy sapak wagty okuwçylaryna “Meniň size bir teklibim bar” diýipdir-de, olardan “Siz durmuş barlag tejribesini geçirmek isleýärsiňizmi?” diýip sorapdyr. Okuwçylaryň hemmesi bir agyzdan “ bolýa-da, bolýa” diýişip ikirjeňlenmän, mugallymyň teklibini kabul edipdirler. “Siz razy bolsaňyz, barlag tejribesi tamamlanýança men näme diýsem etmäge söz beriň” diýýär. Okuwçylar mugallym bilen razylaşýarlar. Mugallym: “Size tabşyrjak ilkinji zadym: ertir hemmäňiz ýanyňyz bilen 3kg ýeralma bilen torba getiriň” diýýär. Çagalar mugallymyň näme üçin ýeralma getir diýýänine düşünmeselerem, ertesi ýanlary ýeralmadyr torbaly okuwa gelýärler. Mugallym özüne soragly seredip oturan okuwçylara: “ Indiki etmeli zadyňyz: şu çaka çenli kim siziň göwnüňize degen bolsa, sizem bagyşlamadyk bolsaňyz, bir ýeralmaň ýüzüne şol kişiniň adyny ýazyň-da torbaňyza salyň” diýýär. Çagalaryň käsi 6-7 sany, käbiri bolsa ondanam köpräk ýeralmany torbalaryna salýarlar. Mugallym soragly nazarlaryny dikişip oturan okuwçylara ýüzlenip “Bir hepdeläp nirä gitseňiz, torbaňyzam ýanyňyz bilen alyp gidiň. Mekdebe gaýdanyňyzda-da, dogan-garyndaşlaryňyzyňka gideniňizde-de, awtobusa müneniňizde-de ýanyňyzdan aýyrmaň. Hat-da ýatanyňyzda hem ýanyňyzda goýup ýatyň” diýýär. Çagalar mugallymyň näme etjek bolýanyna entegem düşünmeýärler, ýöne bu tabşyrygy bilenem göwünli-göwünsiz razylaşýarlar.
Aradan bir hepde geçip-geçmänkä, mugallym synp otagyna gireninden okuwçylar arz-şikaýatlaryny aýtmaga başlaýarlar :
-Mugallym, torbamyzy hemme ýere äkidip ýörmek ýaman kyn, özem agyr.
-Mugallym, ýeralmalar porsap başlady, bir ýerik gitsek, töweregimizdäkiler bize geň galyp seredýärler.
Mugallym okuwçylaryň aýdanlaryny ýylgyryp diňläninden soň şeýle diýýär: “Görýäňizmi, çagalar meniň size düşündirjek bolýan zadym hem şundan ybarat. Biz göwnümize degen adamlary bagyşlaman, aslynda diňe özümizi jezalandyrýarys. Içimizde agyr, porsy ýüki göterip gezmäge özümizi mejbur edýäris. Bagyşlasak bolsa, olara ýagşylyk etdigimiz diýip pikir edýäris. Aslynda bolsa olary bagyşlamak biziň özümize eden ýagşylygymyzdyr”.
30
153
kizz
17.12.2023 22:48
Ýaş şahyr Tirkişmyrat Nurýagdyýewiň döredijiliginden bir damja.
Gözlerimden duýmadyňmy söýgümi,
Ýa-da bilmediňmi harplaryn sepläp?!
Günä mende, ýeri, neçün öňüňde
Ýalbarmadym şo gün owadan gepläp.
Sözlerim sünnäläp «Söýäý» diýmedim,
Gorkdum, birden seni aldaryn öýdüp.
Söýgi çuň bolanda beýan etmek kyn,
Ýöntem duýgulary bolýandyr aýdyp.
Owadan sözlere ýesir düşeňde
Duýup galdym bagtsyz bolup doglanym.
Gel, gör, yşkdan terkidünýä bolanny,
Seni söýýän diýmän, söýen oglanyň.
Menzil
Soňky günler ýygalypdyr gatnamam,
Ugursyz kalp bile otly menzile.
Şol ýerde çalyndy iň soňky mukam,
Hem gözden ýaş akdy söýgiň deňzine.
Ýüregmi ugradyp Murgaba tarap,
Dolandym ýüreksiz öýmüze bakan.
Seň münen otlyňa biperwaý garap,
Şonda çyn bagtymdan aýryldymmykam?
Hanha, otly!
Seni menden ogurlan,
Ynha, menzil!
Täleýdir-dä köýmede.
Aýrylanlar ýyllar geçip dolanýar,
Sen şonda bir duşmaweri öýmede.
***
Ýüregmiň çalt urmasyna,
Käte wagtyň durmasyna,
Saýrak dilmiň dymmasyna
Sen sebäp!
Goşgy ýazsam galamyma,
Düşüp söýgiň bulagyna,
Başga ýigit bolanyma
Sen sebäp!
Uýalyp, habar gatmasam,
Dünýäde karar tapmasam,
Köçäňizden kän gatnasam,
Sen sebäp!
Öýtme beýle bir ýeňlesem,
Sende gözüm kän eglesem,
Maňa düşünip bilmeseň,
Men düşündirip bilmesem,
Kim sebäp?
26
39
kizz
17.12.2023 15:18
Ýaş şahyr Gülnar Geldimyradowa.
Sen gitdiň, şemlerem durkun ýitirdi,
Gelmediň, garaşdym, gideliň bäri.
Indi öňküler deý ýazamok goşgy,
Ýalňyzlyga dözendigňi bilýäňmi?!
Seniň ýollaryňa intizar gözler,
Garaşypdy aýtmak üçin syryny.
Senden özgelere dözmedim men-ä
Gursakda çaň basyp giden syrymy.
Bilýän köp täzelik toplansyň maňa,
Ýellerden, güllerden habar ugratgyn.
Ne-hä seň özüň bar, ne-de ses-selem
Aýt, sen arzuwlamy nirä ugratdyň?!
„Şu gün köp ýadadyň ýat“ diýip maňa,
Bu halyma dözmän yşgy öçürýäň.
Wah, nädeýin, janym ejem, jan ejem,
Ýazanlarmy men täzeden göçürýän.
Sen öçürip gidýäň, bagyşla, käbäm,
Kejirligim bilen kejiňe gidýän.
Çyrany ýakňan-da gapyny ýapyp,
Şygyrlaň içinde ýaňadan ýitýän.
Eje jan, ylhamyň diýenin etmesem,
Öýkelek ol, menden öýkelär juda.
Ýanymdaka onuň gadryn bilmesem,
Meni şygyrýetden düşürer jyda.
Bilýän öýkeli sen, keşbiňden aňýan,
Halyma dözeňok düşünýän, käbäm.
Ýöne bir gün şu ukusyz gijeleň
Maňa bagt bolup geljegini aňýan.
23
26
kizz
16.12.2023 22:10
Suratdaky daşlary üns bilen synlaň. Haýsyny haladyňyz?
1. Birinji daşy saýlan — “Opalit” (Aý daşy). Bu daşy saýlamagyňyz siziň hemişe azatlyga ymtylýandygyňyzy aňladýar. Siz rahatlanmak we öz içki sesiňizi diňlemek üçin ümsümlik bar bolan ýerleri gözleýärsiňiz. Siz ýekeje pursatda ähli zadyň üstüni çyzyp täze durmuşa başlamagy başarýarsyňyz. Şol sanda hem dogry ýoly saýlandygyňyza doly ynanman käwagtlar ýekelikde galyp oýlanmak isleýärsiňiz. Bu daş siziň ünsüňize, gündelik aladalara bagly bolup, rahatlyga we ümsümlige az wagt galýandygy barada aýdýar. Ýöne bu siziň durmuşyňyzyň erbetligini aňlatmaýar. Mümkin, siz ähli zatlaryň öz islegiňize görä gitmeýändigini duýýansyňyz, şonuň üçin käbir zatlary täzeden oýlanyp görüň. Şonda siz durmuşda üstünlikleri gazanandygyňyza ýa-da gazanmak daşda däldigine göz ýetirersiňiz. Haçan-da siz rahatlykda we ümsümlikde wagtyňyzy geçireniňizde sizde täze pikirler we meýilnamalar döräp başlaýar.
2. Ikinji daşy saýlan — “Ýaşyl malahit”. Eger siz bu daşy halan bolsaňyz onda siz öz durmuşyňyzdaky üýtgeşmelerden geçjekdigiňize taýýardygyňyzy aňladýar. Bu üýtgeşmeler ýaşaýyşyň ýa-da işiň üýtgemegi bilen bagly bolup biler. Siz gitdigiçe pähimli bolup, öwrenmegiň ýoly size aňsat düşýär. Ozal siziň kelläňiz aladalar bilen doly bolan bolsa, häzirki wagt durmuşda näme gazanyp boljakdygy barada oýlanýarsyňyz. Bu bolsa siz üçin ajaýyp, sebäbi durmuşyň üýtgeşmeleri bize hökmandygyny kabul etmegi başarmaly. Malahit öňe gidişligiň we bolçulygyň daşydyr. Şonuň üçin siz öz bagtyňyzy gözlemäge gideniňizde diňe şowlulyk garaşyp durar. Bu daşy saýlamak bilen siz bütin äleme “Men üstünlige taýyn. Men bagtyma duşmaga taýyn.” diýip seslenýärsiňiz.
3. Üçünji daşy saýlan — “Gün daşy”. Göz öňüne getiriň, ukudan oýananyňyzda size ilki bilen garaşýan zat — bu şatlykdyr. Siz üçin hakyky şatlyk bu — size täze ajaýyp günüň garaşmagy we siziň töweregiňizde sizi söýýän ynsanlaryň bolmagydyr. Ýatda saklaň haçan-da şatlyk siziň bedeniňiziň her-bir öýjügini dolduran pursady siz dünýädäki ähli gowulyklary özüňize çekýärsiňiz. Bu bolsa size islendik meseleleri çözmeklige güýç berýär. Siz durmuşyň şatlygy we mümkinçilikleri özüňize duş edýänini görýärsiňiz. Eger siz ykbala ynanýan bolsaňyz onda bilip goýuň güneşli günleriňiz ýakynda.
4. Dördünji daşy saýlan — “Obsidian” (Gyzyl bag). Bu daşy saýlan adam “Meni gurşap alýan näsazlyklardan çykyp, bagtly adam bolmaga taýýar.” diýýän adamdyr. Asmanda uçmagy bes edip, töwerekdäki adamlaryň size görä has ugruna bolmaýandygyna, her kimiň öz aladalarynyň bardygyna we olar barada hiç kime aýtmaly däldigini makul bilýändiklerine düşünip başlaýarsyňyz. Gabanjaňlyk, öýke-kinelik ýaly duýgular sizi ýykýar. Ters pikirler sizi awulandyrýar we sizi ynjytýar. Ýakyn wagtda siz baryna şükür etmekligiň we ýetmeýän zada zeýrenmezligiň bagta barýan ýeke-täk ýoldugyna düşünersiňiz.
5. Bäşinji daşy saýlan — “Gowlit”. Eger bu daş sizi özüne çeken bolsa, onda siz ýakyn wagtda düýşüňizde ýagty pikirleri görersiňiz. Siz häzirki wagt duýgurlyk bilen kesgitli ýodadan barýarsyňyz, bu bolsa dogry. Şonuň üçin duýujylygyňyzyň bardygyna ynanyp, ony diňlemegi başaryň. Ol size üstünligi çalt gazanmaga kömek eder. Siz ýalňyz däl we gowulyga ymtylma syýahatyňyzda hem ýeke däl.
6. Altynjy daşy saýlan — “Dalmatin Jasper”. Şu wagt siziň üçin durmuşdan lezzet almaly we degişme bilen doldurmaly pursat geldi. Siziň içki sesiňiz “Meniň oýnasym we şatlanasym gelýär” diýip seslenýär. Belki siz uzak wagtlap sussupes, öýkeli, we haýasyz bolansyňyz. Siz üçin degişme hem-de ýumor maşgala agzalaryňyzy birleşdirýän güýçdür. Siziň her bir gülkiňiz size kynçylyklary ýeňmäge ýardam beryar
29
338
kizz
16.12.2023 19:02
Erigiň ynsan saglygyna peýdasy
Ynsan saglygyna peýdalydygy bilen uly isleg bildirilýän, irki döwürlerden bäri türkmen topragynda ýetişdirilýän datly miweleriň biri hem erikdir. Gahryman Arkadagymyz erigiň peýdasy barada «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 6-njy jildinde has giňişleýin maglumat berýär.
Ter, kakadylan, bişirilen erik adam bedenine örän ýokumly. Erigi lukmançylykda hem-de kosmetik serişdeler öndürilýän senagatda giňden ulanýarlar.
Tejribeli bagbanlarymyzyň yhlasy bilen bitýän erik miwesi terligine iýlende adam bedenine aýratyn güýç-kuwwat berýär. Erik miwesi esasan, tomus paslynda bişip ýetişýär. Ony terligine-de, kakadylan görnüşde-de iýmek örän peýdalydyr. Kakadylan erik çaýa atylyp, gowy demini alanyndan soň içilse, ýüregi agyrýanlara haýyrly. Ene-mamalarymyz unaş, çorba, şüle ýaly milli tagamlarymyzy taýýarlanlarynda hem olaryň içine erik kişdesini salypdyrlar. Erik kişdesi nahara aýratyn, üýtgeşik tagam beripdir. Bulardan başga-da, ýaz ýa-da tomus aýlary erik agajynyň daşyna çykyp duran şepbigi hem nabada meňzeş bolup, ony iýmek gaty peýdalydyr. Erik agajy şepbigi Günüň ýiti şöhlesiniň täsiri astynda daşyna bölüp çykarýar. Ol ajy, tagamsyz önüm. Ýöne gözüň üçin peýdasy gaty uly.
Lukmançylyk ylmynyň barlagnamalarynyň netijesinde erigiň düzüminde 10 göterim şeker, şeýle hem limon, alma, salisil kislotasy, P, B1, PP, C witaminleri, karotin (käşirde, ýumurtganyň sarysynda, süýtde bolýan mämişi sary pigment) bardygy anyklanyldy. Erigiň düzümindäki 16 mg karotin başga hiç bir miwede ýokdur. Erigiň düzümindäki şire bedenden toksini (mikroorganizmlerde döreýän zyýanly maddalary) we holesterini çykarmaga kömek edýär. Çagalara, uly ýaşlylara erik iýmek maslahat berilýär. Çünki erik nerw ulgamyny kuwwatlandyrýar we ýadawlygy aýyrýar. Yzygiderli erik iýmek deriniň ýaşarmagyna we görejiň ýitelmegine getirýär. Halk lukmançylygynda hem ýürek-damar keselinden ejir çekýän adamlara erigi terligine we kakadylan görnüşinde iýmek maslahat berlipdir. Şeýle hem erik miwesiniň şäniginiň içindäki maňzy hem ynsan saglygy üçin örän peýdaly hasaplanylýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde tejribeli bagbanlarymyz tarapyndan erik agajynyň köp görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Dermanlyk hem azyklyk önüm hökmünde terligine we kakadylan görnüşde ulanmakdan daşary, erikden dürli mürepbeler, gaýnatmalar taýýarlanylýar.
Ýurdumyzda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagyny, bagbançylygy ösdürmäge, türkmen topragynda bitýän gök we bakja önümleriniň, ter miweleriň ähli görnüşleri bilen bazarlarymyzy, her bir maşgalanyň saçaklaryny bolelin üpjün etmäge aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
28
25
kizz
15.12.2023 21:17
Ýaş şahyr Ogulnur Ataýewanyň döredijiliginden bir parça
Seni
Ge:r diýdim boýçyň deregine,
Möý çolaşsa kerebine…
Ýordum ýördüm geleriňe,
Yrymlar yrmady seni.
Söýgüň täk kepili bolup,
Gitdiň meni menden alyp,
Gijäň ser-sepili bolup,
Düýşlerim görmedi seni.
Seni alyp giden günler,
Üýşüp ýatyr münber-münber,
Ýalbardym, gaýdyp bersinler…
Gaýtaryp bermedi seni.
Ne hally, ne halsyzam men,
Ne kemli, ne kemsizem men,
Oň üstüne sensizem men,
Gör, nirä germedi seni?!
Ilip gepiň aňňalyna,
Dilim gitdi taňňaýyma,
Täleý ahyr maňlaýyma,
Gatmady, garmady seni.
***
Içim tüýdülensoň düşýärmi saçym?
Seni gözleý-gözleý äýnekli gözüm.
Meni bir zat heläk edýär salymda,
Nähili zatdygny bilemok özüm.
Düşündirjek bolsam ady ýok sözde,
Keşbi ýok, reňki ýok, binjalyk ýöne,
Men ony hut onuň özünden başga,
Deňäýin nämä?!
24
63
kizz
13.12.2023 20:53
Aşakdaky surata serediň! Haýsy pişigi saýlaýarsyňyz? Ine, siziň üçin täze psihologik test!
1. Birinji pişigi saýlan bolsaňyz — onda siz ýumşak we rahat, şeýle hem wepaly dost. Has dogrusy, siz ile goşulmaýan we köpçüligi halamaýan adam. Nätanyş adamlaryň ýanynda siz özüňizi oňaýsyz duýýarsyňyz, emma ýakynlaryň we dostlaryň arasynda azat. Haçan-da siz nätanyş adamlaryň arasynda bolup geleniňizden soň, elmydama ýekelikde galasyňyz gelýär.
2. Ikinji pişigi saýlan bolsaňyz — onda siz aladaçyl we gowulygy isleýän adam. Başgalaryň meselelerini siz özüňizkiden ýokarda goýýarsyňyz. Siz duýgur we duýgudaşlyk bildirýan adam. Siz wepaly adam we dostlaryňyzyň başga bir ýere ugramagy ýaly ýakymsyz pursatlary kyn başdan geçirýärsiňiz. Siz hemme zadyň oňat bolmagy üçi örän köp aladalanýarsyňyz.
3. Üçünji pişigi saýlan bolsaňyz — onda siz döredijilikli we köpçüligiň yzyndan ýöremegi halamaýan adam. Siz ökde we köplenç, aşa syzgyr şahsyýet. Siz köp adamlardan duýgularyňyzy has çuňňur başdan geçirýärsiňiz. Siz täze taglymatlary oýlap tapmagy we olar barada bilmegi halaýarsyňyz.
4. Dördünji pişigi saýlan bolsaňyz — onda siz açyk we şadyýan adam, ýone kä wagt guramaçyly Siz adamlary bagtly etmegi gowy görýärsiňiz.. Munda size wäşilik başarnygyňyz we aşpezlik endikleriňiz ýardam berýär. Siz wagtyňyzy açyk meýdanda arzuw edip geçirmegi halaýarsyňyz. Şuny etmek bilen, siz wagtlaýynça bolsa-da, hakyky durmuşdaky jogapkärçiliklerden gaçýarsyňyz. Ýöne haýsydyr bir işe başlasaňyz, onda siziň içiňizde hakyky işeňňir adam oýanýar. Siz özüňizi bolşuňyz ýaly alyp barýarsyňyz we ýasamalygy halamaýarsyňyz.
5. Bäşinji pişigi saýlan bolsaňyz — onda siz ünsli we açyk adam. Siz elmydama öz pikiriňizi aýtmazdan öň başgalary diňlemäge taýýar. Käwagt siz adamlaryň haýsy duýgulary başdan geçirýändiklerini, olary gizlemeklige çalyşsalar hem duýýarsyňyz. Siz uly üstünlikli meseleleri çözmegi başarýarsyňyz we hemişe her bir adamyň garaýşyny göz öňünde tutýarsyňyz.
6. Altynjy pişigi saýlan bolsaňyz — onda siz işeňňir we maksada okgunly adam. Siz näme isleýäniňizi bilýärsiňiz we maksada ýetmek üçin yhlas edýärsiňiz. Size bolan garaýyşlar siz üçin wajyp, şonuň üçin adamlar sizi gowy tarapdan görmekleri üçin islendik wagtyňyzy sarp edip bilersiňiz. Siz mätäjä kömek etmäge hem taýýar. Käwagt siz çenden aşa köp wagtlap agras bolýarsyňyz we aňsat rahatlanmaýarsyňyz.
31
226
kizz
13.12.2023 17:28
Öýkelemegi nädip bes etmeli?
Ynsanyň duýgy häsiýetleriniň biri-de öýkedir. Aslynda, öýke – bu göwnüçökgünlikdir.
Öýkelemek, esasan hem çagalara mahsus bolup, ol uly ýaşdakylara gelişmeýän häsiýetdir. Emma nähili bolanda-da, durmuşda öýke duýgusy her birimiziň içki dünýämizi gurşap alýar. Öýkäniň esasy maksady töweregiňdäkileriň ünsüni özüňe çekmek bilen olaryň garaýşyny, pikirini üýtgetmek. Çaga öýkesi bilen ulularyň öýkesiniň arasynda uly tapawut bar. Muny her birimiz bilýän bolsak gerek. Ýöne adam ulaldygyça, öýkäniň zerursyzdygyna göz ýetirip başlaýar. Öýkäniň soňunyň gahar-gazap bilen hem gutarýan pursatlary az däl. Gahar-gazap bolsa biziň durmuşymyzy “zäherleýär”, ýalňyzlyk duýgusyny artdyrýar, mylaýymlyk ýitip, töweregiňdäkiler bilen aragatnaşyk peselýär. Aşa köp öýkelemeklik hem oňlanylmaýar. Bu ýagdaý töweregiňdäki ynsanlarda sen hakdaky gowy pikirleriň azalmagyna sebäp bolýar.
Öýkelemegi bes etmegiň ýa-da azaltmagyň 7 ýoly durmuşymyzy aňsatlaşdyryp biler:
▪️Özüňe bolan sylag-hormaty artdyrmak.
▪️Daşarky dünýä bilen süýji gatnaşygy saklamak.
▪️Adamlary bagyşlamagy öwrenmek.
▪️Özüňize wagt aýyryň.
▪️Pikiriňi içiňde saklamazlyk.
▪️Ilki öz hereketiňi ölçerip görmek.
▪️Özüňi şadyýan hem rahat alyp barmak.
Owadan hem asuda dünýämizde bize peşgeş berlen çäklije ömrümizi öýke bilen däl-de, diňe gowulyklar bilen bezemek her birimize nesip etsin!
28
207