Ýaş şahyr Ogulnur Ataýewanyň döredijiliginden bir parça
Seni
Ge:r diýdim boýçyň deregine,
Möý çolaşsa kerebine…
Ýordum ýördüm geleriňe,
Yrymlar yrmady seni.
Söýgüň täk kepili bolup,
Gitdiň meni menden alyp,
Gijäň ser-sepili bolup,
Düýşlerim görmedi seni.
Seni alyp giden günler,
Üýşüp ýatyr münber-münber,
Ýalbardym, gaýdyp bersinler…
Gaýtaryp bermedi seni.
Ne hally, ne halsyzam men,
Ne kemli, ne kemsizem men,
Oň üstüne sensizem men,
Gör, nirä germedi seni?!
Ilip gepiň aňňalyna,
Dilim gitdi taňňaýyma,
Täleý ahyr maňlaýyma,
Gatmady, garmady seni.
***
Içim tüýdülensoň düşýärmi saçym?
Seni gözleý-gözleý äýnekli gözüm.
Meni bir zat heläk edýär salymda,
Nähili zatdygny bilemok özüm.
Düşündirjek bolsam ady ýok sözde,
Keşbi ýok, reňki ýok, binjalyk ýöne,
Men ony hut onuň özünden başga,
Deňäýin nämä?!