kizz
13.12.2023 17:28
Öýkelemegi nädip bes etmeli?

Ynsanyň duýgy häsiýetleriniň biri-de öýkedir. Aslynda, öýke – bu göwnüçökgünlikdir.

Öýkelemek, esasan hem çagalara mahsus bolup, ol uly ýaşdakylara gelişmeýän häsiýetdir. Emma nähili bolanda-da, durmuşda öýke duýgusy her birimiziň içki dünýämizi gurşap alýar. Öýkäniň esasy maksady töweregiňdäkileriň ünsüni özüňe çekmek bilen olaryň garaýşyny, pikirini üýtgetmek. Çaga öýkesi bilen ulularyň öýkesiniň arasynda uly tapawut bar. Muny her birimiz bilýän bolsak gerek. Ýöne adam ulaldygyça, öýkäniň zerursyzdygyna göz ýetirip başlaýar. Öýkäniň soňunyň gahar-gazap bilen hem gutarýan pursatlary az däl. Gahar-gazap bolsa biziň durmuşymyzy “zäherleýär”, ýalňyzlyk duýgusyny artdyrýar, mylaýymlyk ýitip, töweregiňdäkiler bilen aragatnaşyk peselýär. Aşa köp öýkelemeklik hem oňlanylmaýar. Bu ýagdaý töweregiňdäki ynsanlarda sen hakdaky gowy pikirleriň azalmagyna sebäp bolýar.

Öýkelemegi bes etmegiň ýa-da azaltmagyň 7 ýoly durmuşymyzy aňsatlaşdyryp biler:

▪️Özüňe bolan sylag-hormaty artdyrmak.

▪️Daşarky dünýä bilen süýji gatnaşygy saklamak.

▪️Adamlary bagyşlamagy öwrenmek.

▪️Özüňize wagt aýyryň.

▪️Pikiriňi içiňde saklamazlyk.

▪️Ilki öz hereketiňi ölçerip görmek.

▪️Özüňi şadyýan hem rahat alyp barmak.

Owadan hem asuda dünýämizde bize peşgeş berlen çäklije ömrümizi öýke bilen däl-de, diňe gowulyklar bilen bezemek her birimize nesip etsin!
28
207
altyyeva
14 Dekabr 2023
@sazsoft, mümkinmi, sizden birzat soramakçy ?! öňräk siz aýdyp geçipdiňiz bir agzamyza bir postda görüpdim, kelleagyryny aýyrmagyň usulyny suw içmegiň tertibi arkalydy öýdýän !? Nähilidi ?! men ol teswiriňizi skrenshot edip goyupdym emma tapmadym 😶 haýyş, kyn görmeseňiz ýene-de aýdyp geçseňiz, please..
altyyeva
13 Dekabr 2023
@sazsoft, minnetdar ✨
altyyeva
13 Dekabr 2023
@sazsoft, 👍. Şükür oňat !
sazsoft
13 Dekabr 2023
@altyyeva, Salam! Hawa, baryn. Şükür, gowy. Gowumy öz ýagdaýlaryňyzam?
altyyeva
13 Dekabr 2023
@sazsoft, siz barmy ? Salam. Oňatmysyňyz ?
altyyeva
13 Dekabr 2023
Özüňi şadyýan we rahat alyp barmak 👍💫
sazsoft
13 Dekabr 2023
@kizz, Sebäbine pikirlenseňiz düşünersiňiz. :) Mowzuga däl, sözbaşysyna jogap ýazypdym :)
kizz
13 Dekabr 2023
@sazsoft, sebap. Bir zat yazdynyzmy yzynam doly jogaplan.
sazsoft
13 Dekabr 2023
@kizz, Düşünmäň gowusy :)))
kizz
13 Dekabr 2023
@sazsoft, dusunmedim
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.