kizz
14.12.2023 17:24
Nerwleriňizi barlaň!

Siziň nerw sistemalaryňyz nähili? Fransuzlaryň “Ell” atly hepdede bir gezek çykýan žurnaly size nerwleriňizi barlamagy teklip edýär. Berilýän sowallara jogap beriň:

1. Jaýdan çykanyňyzda, gapyny bat bilen ýapýarsyňyzmy?

2. Otagda ýerleşdirilen mebeller gaharyňyzy getirýärmi? Gezim edýärkäňiz, şolara büdreýärsiňizmi?

3. Jedelleşeniňizde gaharyňyz gelýärmi?

4. Gürrüňdeşiňiziň sözüni bölmän diňläp bilýärsiňizmi?

5. Gepläniňizde eliňizi galgadýarsyňyzmy?

6. Barmaklaryňyzyň ujunda kagyz bölegini titretmän saklap bilýärsiňizmi?

7. Käwagt öz-özüňiz bilen gürleşýärsiňizmi?

8. Ýönekeý zat üçin öýkeleýärsiňizmi?

9.Ýeriňize girip, uzak wagtlap uklap bilmeýärsiňizmi?

Şeýlelik bilen, siz dokuz sany “hawa” toplan bolsaňyz, siziň nerw ulgamyňyz ähli serhetden geçipdir.

Şeýle bolanynda, öz saglygyňyzy ele almaga howlugyň. Ýogsa siz özüňizem, goňşy-golamlaryňyzyňam durmuşyny zaýalarsyňyz.

Eger ýedi sany “hawa” toplan bolsaňyz, “gaharjaňlyk” diýen zadyň alamatydyr. Bu hem sizi ýagşylygyň üstünden eltmez.

Eger üç ýa-da ondanam az “hawa” toplasaňyz, siziň nerwleriňiz ýerli ýerinde.
31
229
sazsoft
15 Dekabr 2023
@Serwi, 😁
sazsoft
15 Dekabr 2023
@Serwi, Şularyň hemmesem :) Bolmanam psihiki näsag halda däl 😂
sazsoft
15 Dekabr 2023
@Serwi, Hawa :)
sazsoft
15 Dekabr 2023
4, 7, 8 - hawa :)
kizz
14 Dekabr 2023
@shamko, bah natdinay
rousey
14 Dekabr 2023
menne hemmesem bar😑
kamil
14 Dekabr 2023
Nerwä degme, please😀
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.