kizz
27.10.2023 15:17

Geñ galdyryjy maglumatlar.


Google Earth programmasy bilen dünýäniñ ähli ýerini diýen ýaly görüp bilersiñiz, ýöne adamlaryñ 95%- i diñe öz öýlerine seretýär.


Kofe ünsüñi jemlemäge ýardam berýär. Geçirilen barlaglara görä, mekdep ýaşly çagalaryñ az mukdarda kofe bilen süýt içenlerinde irdenki sapaklarda örän gowy dereje görkezýändigi anyklandy.


Jadyly söz bolan “abrakadabra” ilki ýokary gyzgyny bolan hassalar üçin aýdylypdyr.


Peýnir dünýäde iñ köp ogurlanýan iýmitdir.


Dünýäde adamdan soñra iñ akylly jandar delfinlerdir.


Her adamyñ aýagynyñ ululygy tirsegi bilen eliniñ arasynda galan ululyk ýalydyr.


П (pi) sanynyñ milliardynjy sany 9-dyr.


Iňlis dilinde “Goodbye” sözi “godbwdye” sözünden gelip çykypdyr. Buda “God be with” sözüniñ gysgaltmasydyr.


Ananas aslynda miwe däl.


Bir gün aslynda 23 sagat, 56 minut, 4 sekuntdyr.


Osminogyñ 3 sany ýüregi bar.


Gije giç ýatýanlar örän akylly we oýlap tapyjydyrlar.


Amazon derýasy günbatardan gündogara akýar. Emma taryhda bir gezek tersine akandyr.


CocaColanyñ hakyky reñki ýaşyldyr.


Bir adam günde 23 müñ gezek dem alýar.


Zehinli adamlar, köplenç, örän haýal gürleýärler.


Amerikanyñ ikinji uly şäher bolan Los Angeles-da adam sanyndan köp maşyn bar.


Şu wagt aýyñ üstünde 3 sany golf topy bar.


Adamlar ýylda 1500 sany düýş görýärler.

21
107
kizz
26.10.2023 15:52

Söýgüniň bir sagady ömre barabar.


Söýmek ─ birek-birege seretmek däl-de, bilelikde bir tarapa seretmekdir.

A.Sent-Ekzýuperi


Söýgüniň bir sagady ömre barabardyr.

O.Balzak


Söýgi göz bilen däl-de, ýürek bilen seredýär.

Söýgi ─ tebigatdan asyllylyk berilmedik adama hem ony bagyş edip bilýär.

W.Şekspir


Söýgüniň salan ýarasy öldürmeýär, ýöne hiç wagt ýitmeýär.

J.Baýron


Söýgi ─ bu erkek kişi bilen zenanyň arasyndaky birek-birege bagty köp bermek ýaryşydyr.

Stendal


Söýgi, edil pul ýaly, öýde gowy saklanýar.

W.Goddes


Är-aýalyň arasyndaky söýgi adamzat nesliniň dowamly bolmagyny üpjün edýär, dostluk söýgüsi ony berkidýär, azgyn söýgi ony ýumuýar we ýok edýär.

F.Bekon


Söýgi kämil kalplarda ösmek üçin, iň owadan göz öňüne getirmelerde ýaşamak üçin Asmandan berilýän sowgatdyr.

Gelwesiý


Söýgi biziň kalbymyzyň iň gowy ýüze çykmasydyr.

L.Tolstoý


Söýgi hakynda akylly sözleri aýdýan kişiniň söýgüsi ýürekden däldir.

Ž.Sand


Ýigrenje öwrülen söýgi bilen hiç bir  hyjuw deňleşip bilmez.

W.Kongriw


Kimden çekinýän bolsaň, ony söýüp bilmersiň. Senden çekinýän-de seni söýüp bilmez.

Siseron


Söýgi durmuşyň köküdir.

Biz söýgi üçin dogulýandyrys.

N.Berdýaýew


Söýgüniň syrly duýgularyny başdan geçirýän adam şöhlesi bilen däl-de, hakykatyň hut özi bilen duşuşýar.

Sokrat

24
69
kizz
25.10.2023 17:54

Zamany diňle!



Diñlemäge myş köpeldi jahanda,


Myşy däl dañ turup, azany diñle.


Dili duzsuz ynsan mydam gapanda,


Sözi geljegmize uzany diñle!



Bu ömür kerwendir gelerde, geçer,


Gün kimin dogarda, kül kimin öçer.


Geçilen menzilleñ sogabyn ölçer,


Özgäni gynaýan yzany diñle!



Görkezip dostuna nädogry ugry,


Durmuşdan iýdirdi undulmaz urgy.


Paýhassyz gardaşyñ derdinden görgi,


Görenden, paýhasly ýylany diñle!



Mertler öz agrysyn añmaýan eken,


Mertler lebizinden dänmeýän eken,


Olar ölse daşam aglaýan eken,


Pederlerden galan galany diñle!



Erkek murtuny däl, syrtyn towlady,


Adam bilen bile, aýdym ownady,


Hernä dutar doly ýüzün sowmady,


Sungat görseñ Kadyr Amany diñle!



Boýag çaldy, kirpik dakdy, gaş dakdy,


Kanagaty ýetmän döşe döş dakdy.


Durmuş gurdy ol törde kän diş kakdy,


Bagtyñ üçin näzli zybany diñle.


Her telpekli akylly däl, alym däl,


Baýlañ bary rehimsiz däl, zalym däl,


Geñeşli gerçekde hijem aşmaz päl,


Babany, käbäni, obany diñle!



Dünýäni düñderýär ynsanyñ päli,


Bigünäler ölýär, ölmeýän ýaly.


Türkmen sen bir duýma beýle gowgany,


Bagtyýar bagtly zamany diñle!


Kerim Hallyýew

19
29
kizz
18.10.2023 18:04

Her kim bu durmuşda, bir zatlar üçin ylgaýar. Biri okap gowy işiň eýesi bolmak üçin kä birleri pully adam, ýene birileri bolsa bagty bolmak  isleýärler ..


Her bir orta mekdep okuwçysynyň arzuwy uly okuw jaýynda  okuwyny dowam etdirmek, şol  Jereniň hem arzuwymda bardy. Orta mekdebi tamamlap ýöriteleşdirilen mekdepde okuw synaglaryna taýýarlyga başlady. Şol ýyl ýokary okuw jaýyna girip bilmedi ýöne, hünärment mekdebiniň talyby boldy. Bu ýerde täze tanyşlar, talyp deň-duşar bilen tanyşdy.Birnäçe joralary boldy. Okuw örän gyzykly geçýärdi  Jeren okuwdan boş wagtlary sport bilen gyzyklanýardy. Birnäçe ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp boldy. Jereniň gatnaýan sporty teakwando bolany üçin talyp deхduşlary we mugallymlary mydama, sportçy gyzymyz deňduşlarнňy uraýmagyn diýip degişerdiler. Şol ýyl Jeren Türkmenistanyň çempiony  bolup medal bilen okuw jaýyny begendiripdi. Kursdaşy hem-de partadaşy Yhlas şondan soň çempionymyz diýip degişip gezerdi. Şeýdip degişgen günleri Jeren bilen Yhlasy söýgi ýoluna getirdi. Her gün irden okuwa gitmek üçin umumy ýaşaýyş jaýynyň gapysynda Jerene garaşyp durardy, sapakdan soňam bile gaýdardylar. Hatda hepdäniň ahyrynda öýlerine hem bile gaýdardylar. Yhlas Jereni obasyna gidýän maşyna mündirip soň giderdi. Okuwdan boş wagtlar aşyklar goşa gumry ýaly mydama bile gezerdiler. Aşyklary ýene baglaýan zatlaryň biri hem bularyň doglan günleri hem yzly-yzyna günler bolmagydyr ýagny, Yhlasyň doglan güni aprel aýynyň dokuzy Jereniň doglan güni bolsa onunjy aprelde. Bular biri-biriniň doglan günlerini hemmelerden öň gutlamak üçin bir gün öňünden gije sagat 12-00 garaşardylar , soňra biri-birine süýji sözler bilen gutlap arzuwlar ederdiler.Gyzykly günleri yza galdyryp 2 ýyl okuwy hem tamamladylar. Jereniň ýokary okuwa girmek arzuwyna ýetmek üçin şähere sport mekdebine gatnaýar, Yhlas bolsa Watan öňündäki gulluk borjuny ýerine ýetirmäge gitdi. Şeýlelik bilen aşyklara wagtlaýyn aýralyk geldi.  Jeren bolsa paýtagtymyzdaky Harby institutyň talyby bolup, ýokary bilim almak arzuwyna ýetdi. 2 nji kursda okuw tejribesi üçin esgerleriň öýlerine goýberlişik we täze esgerleriň alnyşyk işlerini öwrenmek bilen okuw tejribesine gitmelidigini aýtdylar. Paýtagtymyzyň demir ýol menzilinde Watan öňündäki gulluk borjuny dynyp mähriban ojaklaryna barýan esgerler we täze esgerlerden we ýolagçylardan dolydy. Şol köpçilik içinde ilkinji söýen ýigidi Yhlas hem Watan öňündäki gulluk borjuny dynyp mähriban ojagyna barýan esgerleriň arasyndady. Yhlas Jereniň harby talyp lybasynda görenine ynanyp bilmän doňup galdy. Jeren diýip sesleneni bilmän galdy. Aşyklar biri birine gowşanlaryna örän begendiler, bular bir otlyda uzyn ýoluň dowamynda geçen süýji günlerini Jeren talyp ýyllaryny Yhlas bolsa esger günlerinden gürrüňler etdiler.Geçen  günlerini  ýatlap geljek hakda arzuwlar etdiler.Yhlas mähriban ojagyna bardy, Jeren bolsa okuw tejribesini bitirip , okuw jaýyna okuwyny dowam etmek üçin paýtagtymyza geldiler. Aşyklar aýra bolsalaram her gün telefonda gürleşýärdiler, bir günem Yhlas meni öýlendirjek bolýalar diýip Jerene aýdýar. Ene -atasyna Jeren barada aýdanda olar harby gyzy ýekeje ogullaryna alyp işlemäge ugradyp bilmejegini, nägilelik bildirýändiklerini aýtdylar. Jeren ene-atalar göwnemedik ýerinde biziň söýgimiziň haýry ýok, nägilelik bilen bagt gurup bilmeris diýip söýgide ejizläp  Yhlasdan daşlaşmak bilen boldy , ol telefon belgisini täzeledi we öz okuwy bilen gümra boldy. Şeýdip 4 ýyllyk söýgüni unutmak isledi.


Indi seniň baryň ýoguň deň maňa


Söýgümiň boş sallançagy yranýar


Bagtym bolup görünipdiň öň maňa


Indi bagtym alyslarda görünýär.


Soň talyp deňduşlaryndan eşitdi. Yhlasa kakasynyň dostynyň gyzyny alyp beripdirler. Jeren hem oňa diňe öz içini gürledip bagtyň bolsun diýdi, soň ol hakda hiç kimden zat soramady kursdaşlaram Yhlas barada Jereniň ýanynda hiç zat geplemeýärdiler.


Indi sen hakynda edemok pikir


Başarsam gezýärin asla ýatlaman


Bagtym saňa bagly däl eken,


Galdy senden diňe maňa ýatlama.


Jeren okuwyny tamamlap, paýtagtymyzda işe galdy we işine uly höwes bilen gatnaýardy. Ene-atasy Jereniň bagtly bolmagy isleýändiklerini aýtdylar. Jeren hem olara razylyk berdi we kakasynyň işdeşiniň daşary ýurdy okap gelen ogluna guda boldy. Ol işden ýyllyk dynç alyş wagtynda toý sähedini bellemekçi, bizem nesip bolsa kursdaşymyz Jereniň toýuna garaşýarys. Men size bu wakany gürrüň bermegimiň sebäbi hiç kim birini käri ýa puly üçin dälde bagty, söýgüsi üçin ene-atalar goldap çagalarynyň bagtyna guwanmak nesip etsin . Söýülip hem söýüp ýaşaň!

19
115
kizz
17.10.2023 21:11

Men ýönekeýje garyp maşgalada dogulypdym.Men eýýäm 25 ýaşa ýetendim.Meniň enem-atamam,söýen ýarymam bardy.Men söýgülimi diýseň söýýärdim,olam meni...Ýöne meniň bir keprez tarapym bardy,olam meniň işsizligim,elimde belli bir işim ýokdy.Her gün bölek-küçek işlere giderdim.Elimden bolsa ussaçylyk gelýärdi.Meniň ýaşym eýýäm,ýigitlik ýaşyna ýeten bolansoň,söýgülimem,öýümizdäkilerem meni diýseň gyssaýardy.Wah,meniň öýlenesim gelýärle,ýöne,mende ne- bir pulym bar,ne-de toý ederlik öýüm bar...Ýagdaýym şeýle pesdi.Öýmüziň çatmadan sähel tapawudy bardy.Söýen gyzym hem baý zat däldi.Šonuň üçinem ol maňa,"-Sen uly jaý gurýançañ saña barjakdäl" diýipdi.Menem şonuň aladasynda hars urýardym.Belli bir işiň ugryna çykmak üçin,şähere iş gözlegine çykdym.Şäherdäki jaýlaryň gapy-gapy aýlanyp,iş gözläp iş gözläp başladym.Gapylary ýeke-ýeke kakýardym,ýöne olaryň hiç birinde hem maňa degerli iş ýokdy. Ahyry bir gök gapyny kakdym,bir garryja daýza çykdy.Daýza ýagdaýymy düşündirdim.Olam,"Gel,oglum maňada kömekçi gerekdi"diýdi.Men muňa begenip gitdim.Jaýa girsem,edil köşk ýalydy.Jaýy görüp haýran galdym.Daýza maňa çaý-çörek berip,bir-salym gürleşip otyrdyk.Daýza maňa içini dökýärdi,menem oňa içimi dökýärdi.Ikimiz dertleşip 2 sagada golaý gürleşipdirs.Daýzanyň maşgalasy bir ulagda gezelençden gelýätkä,ählisi bir wagtda ýol ulag heläkçiligine uçrapdyr. Ol daýza,ähli zatlary aglap,gürrüň berdi.Meniň ýüregim gyýym-gyýym boldy.Menem oña ýagdaýymy aýtdym.Daýza maňa ýokary aýlyk bahany kesdi.Men olaryñ ekin ýerlerine,mal-garalarna hem-de daýza gowy seretmelidi.Men bu işiň tapylanyna diýseň begendim.Bu barada ejem-kakama,söýen ýaryma gürrüň berdim.

Aý-günler geçip durdy...Meniň išläp ÿörenime 5-6 aý geçipdi.Daýza meni diýseñ gowy görýärdi.Ol maňa uzagyndan jaýyny hem berjegini aýtdy.Ýöne meniň muňa garaşmaga wagtym ýokdy.Ol maňa doly ynanansoň,jaýy öz adyma geçirip berdi.Men muňa diýseň begendim.Men indi bu daýza ene diýip ýüzlenýärdim.Enem maňa:"Oglum,saňa şu jaýy sowgat berýän,isleseň gelniň bilen toý tutyp,şu öýde ýaşaberiň,meniñem ömrümahyrlady indi,gyz maşgalanyñ mähiri başgaçada oglum!"

Men bu habary söýgülime aýtsam,ol garşy boldy.Ol meniñ bilen ýeke ýaşasy gelýärdi.Ol meni gyssap alyp barýardy.Bir günem enem syrkawlady men eneme limonly çaý demläp berýärdim.Agşam ýatmanka maña,limonly çaý demlemegi haýyš etdi.Menem çaýyň içine bir azyrak awy dermanyny goşdum,tagamyny ÿapjak bolup,köpräk şeker goşdum.Eneme eltip berim.Enem tagamynyñ üýtgänini derrew añdy:"Oglum,çaý gaty ajy bolupdyrla"Men bolsa "Enejan,täze gök limony demledim,şondan bolaýmasa"diýdim.Enem maña ynanyp hemmesini içdi.Men enäñ ölmegine garaşyp ýatyrdym.Enem batly gygyryp başlady.Adymy tutyp elewräp gygyrýardy.Men bolasa üns bermän, öz otagymda ýatdym.Az salymdan soň enem jan beripdi.Men derrew gerekli ýerlere jaň etdim.Ertesi enäni jaýladylar.Men bolsa enäniñ bar basyp goýan pulyna öýlendim.Gelnimi hem öýe alyp gaýtdym.Men diýseň bagtlydym.Enemiň õýi meñki boldy,muña ejem dagy begendi.Men bagtly durmuşda ýaşaýardym.Elim uzadan ýerime ýetýärdi.Agşam bir gün düýşümde,şol garryja enemi gördüm.Ene düýşümde zaryn aglaýardy..."Oglum,seni göresim gelýär"diýip aglaýardy.Men hopugyp oýandym. Gara-suw bolupdyrn.Aý birinji gün düýşdirdä diýip kän bir üns bermedim.Soň günde şol düýš gaýtalanyp başlady.Men molla okadyp gördüm,peýda etmedi.Bir günem gelnim bilen gülüşüp otyrkak,misli,ahyrzaman gelen ýaly jaý titräp başlady.Men derrew daşary çykdym.Ýöne gelnim çykyp ýetişmedi.Jaý ýumurylyp gaýtdy.Aýalym bolsa jaýyň aşagynda ölüpdi.Asman garaňkylap gök gümürdäp,ýagyş sil deý,guýup başlady.Menem enäniň ahy tutanyny bilýärdim.Aglap-aglap gözlerim kõr bolupdy.Içimden bagyşlaýda enejan diýip gygyryp aglaýardym.Göz-ýaşlarym ýagyşa garylyp gitdi.Asman ýagtylyp enäniň keşbi peýda boldy:"Wah,men bagyşlaýanla,ýöne,meň bagyşlanym bilen bolaýýamy näme?!"diýip ses ýaňlandy.Men şol pursat aglap öz janymy özüm ćykarypdym.Içime pyçak bilen batly saldym.

25
206
kizz
23.09.2023 16:20

Ýolyşygyň taryhyndan



Biler bolsaňyz, köçelerdäki ilkinji ýol yşygy 1868-nji ýylda Londonda peýda bolupdyr. Ony Jon Pik Naýt atly iňlis inženeri oýlap tapypdyr. Iňlis parlamentiniň binasynyň öňünde oturdylan ilkinji ýol yşyklary mehaniki görnüşde bolupdyr.


Ýol yşyklary işe girizilmezinden ozal, bu barada Londondaky neşir edilýän gazetlerde ýol yşyklar barada jikme-jik düzgünler çap edilip, ýolagçy ýaşyl we gyzyl çyralaryň hem-de beýlekileriň nämäni aňladýandygyny ilkinji gezek bilipdirler. Wagtyň geçmegi bilen bu enjam kämilleşdirilip, reňkleriň üýtgeýşi gijelerine hem görner ýaly gaz fonary bilen abzallaşdyrylypdyr.


Köçe-ýol hereketiniň awtomatik sazlaýjysynyň täzeden döreýşi bolsa 1914-nji ýylda ABŞ-nyň Kliwlend şäherinde, binäçe wagtdan soňra Çikagoda we Nýu-Ýorkda bolup geçýär. Ýol yşyklary elektrik togy bilen işläp, ol diňe gyzyl we ýaşyl reňkli bolup, her çalşykda ses bilen duýduryş beripdir. Sary reňk 1918-nji ýylda goşulypdyr.


Ýol yşyklary Fransiýada 1923-nji ýylda Parižde Grands köçesi bilen Strasburg köçesiniň çatrygynda ulanylmaga başlanypdyr.


Russiýada bolsa ilkinji ýol yşygy 1924-nji ýylda Kuzneskiý köprüsi we Petrow köçesiniň çatrygynda oturdylypdyr. Bu abzal uzak wagtlap el bilen dolandyrylyp, tehnikanyň ösmegi bilen oňa awtomatik dolandyrylyş usullary ornaşdyrylypdyr.


Bu günki gün ýol yşyklary has-da kämilleşdirilip, Koreýada batyllara niýetlenen sesli duýduryş beriji ýol yşyklary öndürileni. Bu önüm gysga wagtda Ýewropa hem giňden ýaýrapdyr.


Sürüjileriň we pyýadalaryň arasyndaky ýol hereketiniň düzgünlerini kadalaşdyrýan ýol yşyklarynyň giňden ulanylmagy ýol-ulag hadysalarynyň azalmagyna getirýär.

21
60
kizz
13.09.2023 21:06

Beýni we nerw hirurgiýasy boýunça hünärmen Dr. Memduh Kerman beýni çişiniň häzirki wagtda ýaýran keselleriň birine öwrülendigini aýdýar. Bu barada «haberturk.com» saýty habar berýär.


Kerman smartfonlary uzak wagtlap ulanmazlygyň saglygymyz üçin diýseň peýdalydygyny belläp, garrylygyň, kelle şikesiniň we käbir rak öýjükleriniň beýnä ýaýramagy ýaly faktorlaryň hem bu kesele sebäp bolup biljekdigini nygtaýar.


Mundan başga-da, beýni çişiniň alamatlary hökmünde irden kelle agyry we ýürek bulanma bilen oýanmagyň, çişiň alamaty bolup biljekdigini belledi.


Sözleýişiň bozulmagy hem beýni çişiniň görkezijilerinden biridir. Ösümlik söz merkezlerine ýakyn bolansoň, gürlemek kynlaşyp, hassada görüş we eşidiş bozulmalary hem bolup biler. Elleriň we aýaklaryň gowşaklygy, deňagramlylygyň ýitmegi we şahsyýetiň üýtgemegi frontal sebitdäki çişlerde döreýär.


Ösümligi bejermekde hirurgiki amal ulanyp, çişiň aýrylyp bilinjekdigini aýdýan Kerman şeýle usul bilen köp operasiýa edendikleriniň üstüni çyzdy

19
39
kizz
12.09.2023 18:48

Matematiki amallarda giňden peýdalanylýan köpeltmek jedweli öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Gadymy Müsürde has irki döwürlerde köpeltmek hasaby ulanylyp başlanypdyr. Müsürliler gaýtadan goşmak ýa-da yzygiderli iki esse artdyrmak arkaly köpeltmegi ýerine ýetiripdirler. Wawilonda sanlar köpeldilende, ýörite jedwelden peýdalanypdyrlar.


Gadymy Hindistanda sanlary köpeltmegiň dürli usullary ulanylypdyr. Bu usullar häzirki döwürdäki köpeltmek hasaplaryna örän ýakyndyr. Hindiler sanlary köpeltmekde ýokarky hatarlaryndan başlap, amaly ýerine ýetiripdirler. Şol bir wagtyň özünde indiki amallar ýerine ýetirilýän wagtynda çalşylmaly sanlary bozup, onuň deregine köpeldilende, ýadynda saklaýan belgini goşupdyrlar. Şeýlelik bilen Hindistanyň matematikleri gysga köpeltmek hasaplamalary ýerine ýetirip, köpeltmek hasabyny ýazypdyrlar. Araplar köpeltmek usulyny hindilerden öwrenip, ony has kämilleşdiripdirler. Emma araplar sanlary bozman, olary kesipdirler we kesilenleriň üstünden täze belgini ýazypdyrlar. Bular häzirki wagtda mekdepde dürli hasaplama işlerini geçirenimizde ýerine ýetirýän hem-de bize tanyş bolan matematik amallardyr.


Ýewropa ýurtlarynda uzak wagtlap köpeltmek hasabyna köpeltmegiň jemi diýlipdir. «Köpeldiji» adalgasy VI asyryň, «köpeliji» bolsa XIII asyryň matematikleriniň işlerinde agzalýar. XVII asyrda käbir matematikler «X» belgi bilen köpeltmegi aňladyp başlapdyrlar. Käbirleri bolsa köpeltmek belgisini aňlatmak üçin nokatlary ulanypdyr. Ol häzirki wagtda-da giňden ulanylýar. Diňe XVIII asyryň ahyrynda matematikleriň köpüsi köpeltmek alamaty hökmünde nokady ulanyp başlady. Köpeltmek we deňdir alamatlary meşhur nemes matematigi Gottfid Wilgelm Leibniziň (1646 — 1716-njy ýyllar) teklibi netijesinde umumy ykrar edildi.


Köpeltmek jedweliniň orta asyrlarda Angliýadaky mekdeplerde ilkinji gezek okuw meýilnamalaryna girizilendigi bize mälimdir. Şol döwürlerde köpeltmek jedweli sanlary 12-ä çenli köpeltmek ulgamyna meňzeýärdi. Bu nusga häzir diňe Beýik Britaniýanyň özünde saklanyp galypdyr. Sebäbi iňlisleriň durmuşynda, köplenç, 12 san bilen köpeltmek amallary has köp ýerine ýetirilýär. Meselem, ölçeg ulgamyny alanymyzda, 1 funt 12 dýuýma deň. Öňler hasaplaşyk işleri ýerine ýetirilende, dolanyşykdaky puluň gymmaty 1 şilling 12 pense deň bolupdyr. Görşümiz ýaly, köpeltmek jedweliniň dünýäniň her döwletinde özüne mahsus usullary ulanylypdyr.

20
96
kizz
11.09.2023 19:46

Enemjanyň pensiýasy...




Çagalyk goşgularymdan


Bizi uzak garaşdyrýar,


Enemjanyñ pensiýasy.


Agtyklary birleşdirýär,


Enemjanyñ pensiýasy



Iýdi:r süýji, pişme, pisse,


Gülki artar iki esse,


Biziñ şatlygmyza ussa,


Enemjanyñ pensiýasy



Esen, Myrat, hatar-hatar,


Nejep, Wellek ondan beter,


Az bolsa-da hemmä ýeter,


Enemjanyñ pensiýasy



Ogullaram umydygär,


Gelinlerem umydygär,


"Artygyñ harmanna" meñzär,


Enemjanyñ pensiýasy



Enem gülüp paýlar hemmä,


Agtyk, çowluk, daýy, ýeññä,


Ýüregi ak sahy hernä,


Bar perzendin hökman deñlär,


Enemjanyñ pensiýasy



Bersin uzak ýaş eneme,


Saglyk bersin ak ýüregne,


Dahylly däl bu dilegme,


Enemjanyñ pensiýasy.


Sözüdir adamyñ iñ gözel nagşy,


Hereketiñ söze bap gelse ýagşy.


Päk söýgi hakynda aýdym aýdyp ýör,


Ýetmiş gyzyñ bagtyn ýatyran bagşy


Kerim Hallyyew

11
23
kizz
10.09.2023 19:48

"llleriň çagasy bela ýaly-la...”,

Diýip, gyjyndyrdyň, okatdyň, eje!

Bäsdeş edip illeň çagalaryna,

Ejiz ýüregmizi beketdiň, eje!


"Ilin çagasyndan kem galmaly» diýp,

Okadyk, öwrendik, gaýtdyk şähere.

Dynçja uklaýarka iliň çagasy,

Şygyr cyrşap, ýetdik her bir sähere.


"llin çagasyndan kem galmaly» diýp,

Giň şäherden işem tapyndyk, şükür!

Kän öňe ozsak-da «garşydaşlardan»,

Käte ýüwürdýärin kalbymda pikir.


Eje, seniň diýýän "Ot dey çagalaň",

Obada bakyp ýör sygyrdyr, goýun.

Her gün käbelerniň elinden öpüp,

Halaldan ekläp ýör rysgally öýün.


Seniň ogluň bolsa, ozup olardan,

Gyzgyn mähriňdenem gaýtdy üzülip.

Her gezek janlaşsak gyzyl düwmäni,

Basdygym gussalam gelýär düzülip.


Eje, senin sözleň ylgatdy öňe,

Aşyrdy şanymy, ejiz halymy.

Men şäherde, emma obada galan,

"llleriň çagasy" ýeňen ýalymy...


Kerim Hallyyew

23
67