Zamany diňle!
Diñlemäge myş köpeldi jahanda,
Myşy däl dañ turup, azany diñle.
Dili duzsuz ynsan mydam gapanda,
Sözi geljegmize uzany diñle!
Bu ömür kerwendir gelerde, geçer,
Gün kimin dogarda, kül kimin öçer.
Geçilen menzilleñ sogabyn ölçer,
Özgäni gynaýan yzany diñle!
Görkezip dostuna nädogry ugry,
Durmuşdan iýdirdi undulmaz urgy.
Paýhassyz gardaşyñ derdinden görgi,
Görenden, paýhasly ýylany diñle!
Mertler öz agrysyn añmaýan eken,
Mertler lebizinden dänmeýän eken,
Olar ölse daşam aglaýan eken,
Pederlerden galan galany diñle!
Erkek murtuny däl, syrtyn towlady,
Adam bilen bile, aýdym ownady,
Hernä dutar doly ýüzün sowmady,
Sungat görseñ Kadyr Amany diñle!
Boýag çaldy, kirpik dakdy, gaş dakdy,
Kanagaty ýetmän döşe döş dakdy.
Durmuş gurdy ol törde kän diş kakdy,
Bagtyñ üçin näzli zybany diñle.
Her telpekli akylly däl, alym däl,
Baýlañ bary rehimsiz däl, zalym däl,
Geñeşli gerçekde hijem aşmaz päl,
Babany, käbäni, obany diñle!
Dünýäni düñderýär ynsanyñ päli,
Bigünäler ölýär, ölmeýän ýaly.
Türkmen sen bir duýma beýle gowgany,
Bagtyýar bagtly zamany diñle!
Kerim Hallyýew