kizz
10.09.2023 19:48

"llleriň çagasy bela ýaly-la...”,

Diýip, gyjyndyrdyň, okatdyň, eje!

Bäsdeş edip illeň çagalaryna,

Ejiz ýüregmizi beketdiň, eje!


"Ilin çagasyndan kem galmaly» diýp,

Okadyk, öwrendik, gaýtdyk şähere.

Dynçja uklaýarka iliň çagasy,

Şygyr cyrşap, ýetdik her bir sähere.


"llin çagasyndan kem galmaly» diýp,

Giň şäherden işem tapyndyk, şükür!

Kän öňe ozsak-da «garşydaşlardan»,

Käte ýüwürdýärin kalbymda pikir.


Eje, seniň diýýän "Ot dey çagalaň",

Obada bakyp ýör sygyrdyr, goýun.

Her gün käbelerniň elinden öpüp,

Halaldan ekläp ýör rysgally öýün.


Seniň ogluň bolsa, ozup olardan,

Gyzgyn mähriňdenem gaýtdy üzülip.

Her gezek janlaşsak gyzyl düwmäni,

Basdygym gussalam gelýär düzülip.


Eje, senin sözleň ylgatdy öňe,

Aşyrdy şanymy, ejiz halymy.

Men şäherde, emma obada galan,

"llleriň çagasy" ýeňen ýalymy...


Kerim Hallyyew

23
67
runia
11 Sentýabr 2023
Hal goýýanaý şu Kerim şahyrymyza
lola
11 Sentýabr 2023
Gowy gosgy 👍🏼👍🏼
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.