kizz
27.10.2023 15:17

Geñ galdyryjy maglumatlar.


Google Earth programmasy bilen dünýäniñ ähli ýerini diýen ýaly görüp bilersiñiz, ýöne adamlaryñ 95%- i diñe öz öýlerine seretýär.


Kofe ünsüñi jemlemäge ýardam berýär. Geçirilen barlaglara görä, mekdep ýaşly çagalaryñ az mukdarda kofe bilen süýt içenlerinde irdenki sapaklarda örän gowy dereje görkezýändigi anyklandy.


Jadyly söz bolan “abrakadabra” ilki ýokary gyzgyny bolan hassalar üçin aýdylypdyr.


Peýnir dünýäde iñ köp ogurlanýan iýmitdir.


Dünýäde adamdan soñra iñ akylly jandar delfinlerdir.


Her adamyñ aýagynyñ ululygy tirsegi bilen eliniñ arasynda galan ululyk ýalydyr.


П (pi) sanynyñ milliardynjy sany 9-dyr.


Iňlis dilinde “Goodbye” sözi “godbwdye” sözünden gelip çykypdyr. Buda “God be with” sözüniñ gysgaltmasydyr.


Ananas aslynda miwe däl.


Bir gün aslynda 23 sagat, 56 minut, 4 sekuntdyr.


Osminogyñ 3 sany ýüregi bar.


Gije giç ýatýanlar örän akylly we oýlap tapyjydyrlar.


Amazon derýasy günbatardan gündogara akýar. Emma taryhda bir gezek tersine akandyr.


CocaColanyñ hakyky reñki ýaşyldyr.


Bir adam günde 23 müñ gezek dem alýar.


Zehinli adamlar, köplenç, örän haýal gürleýärler.


Amerikanyñ ikinji uly şäher bolan Los Angeles-da adam sanyndan köp maşyn bar.


Şu wagt aýyñ üstünde 3 sany golf topy bar.


Adamlar ýylda 1500 sany düýş görýärler.

21
107
tmyigit76
27 Oktýabr 2023
@moonlight, aý dogry sazladym menem. Çeträk ýeri görkezenak my ýa 😀
tmyigit76
27 Oktýabr 2023
@guldesse, menem haýran şoňa. Oý ýok daşarda duran ýaly
sazsoft
27 Oktýabr 2023
@guldesse, 😅
moonlight
27 Oktýabr 2023
@tmyigit76, dogry sazlap bilen dälsiñiz, kimiñ öýüni görjek diýseñizem görkezip duran bolmaly. Arada görüpdim, şondan aýtýan..
tmyigit76
27 Oktýabr 2023
Google kartada öými görjek bolsam görkezmedi.kartasy köne öý ýoga 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.