king_tm
11.09.2023 19:52

Saçly Dursunowa 1918-nji ýylda dünýä inip, çagalygyndan ýetim galýar. 1925-nji ýylda ýaňy ýedi ýaşyny dolduran Saçlyny özünden bir ýaş uly gyz dogany Çeper bilen bir ýaş ýigit Aşgabadyň çagalar öýüne alyp gelýär. Büzmeýinde bu ýetim galan çagalara hossarlyk edip, olary çagalar öýüne getiren ýaş ýigit soň-soňlar meşhur ýazyjy bolup ýetişen Ata Gowşudowdy. Bu iki çaganyň öz kakalarynyň atlaryny bilmändikleri üçin ejeleriniň ady bilen «Çeper Dursun gyzy» we «Saçly Dursun gyzy» diýip resminamalar doldurylýar.

1932-nji ýylda Aşgabadyň ozalky Lukmançylyk tehnikumyna okuwa girip, ony tapawutlanan bahalar bilen 1936-njy ýylda tamamlan Saçly şol wagtky Türkmen döwlet medisina institutyna girýär. Onuň soňky gutardyş synaglary galanda nägehan uruş başlanýar, okuwyny tamamlan ýyly bolsa, Garrygala (häzirki Magtymguly) şäherçesine işe ugradylýar. Emma uruşdaky ýaralylara ýardam etmek maksady bilen, ol fronta gitmeli diýen gutarnykly netijä gelýär. 1942-nji ýylyň aprel aýynda Saçly Dursunowa Stalingradyň eteginde söweş alyp barýan 62-nji atyjylyk diwiziýasynyň 534-nji medisina sanitar batalýonynda ordinator-lukman bolup harby gulluga başlaýar. Ol bütin urşuň dowamynda Krymyň, Belorussiýanyň, Pribaltika ýurtlarynyň, Gündogar Prussiýanyň çäklerinde bolan söweş hereketleriniň janly şaýady bolýar, şol ýerlerde ýaraly esgerlere hem ruhy tarapdan, hem lukmançylyk tarapdan yzygiderli ýardam edýär. Şeýdibem, ýeňşiň gazanylmagyna özüniň uly goşandyny goşýar. Görkezen edermenlikleri üçin gahryman zenan «Lenin», «Gyzyl ýyldyz», «Hormat nyşany» ordenleri, «Edermenligi üçin», «Söweşjeň hyzmatlary üçin», «Stalingradyň azat edilendigi üçin», «Kýonigsbergiň eýelendigi üçin», «Germaniýanyň üstünden gazanylan ýeňiş üçin» medallary bilen sylaglanýar. 

Beýik Watançylyk urşunyň ýalnyndan doly geçenleriň hatarynda gahryman zenan Saçly Dursunowany hem agzamak bolar. 1945-nji ýylda ýeňiş gazanylsa-da, ol harby medisina gullugynda harby gullugyny dowam etdirmek bilen, bejergä mätäçlere soň hem kömek edýär. Ol 1946-njy ýylyň sentýabrynda frontdan dolanyp gelýär we belli artist Muhammet Çerkezow bilen durmuş gurýar.

Medisina gullugynyň kapitany Saçly Dursunowa 1955-nji ýylda lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, 1972-nji ýylda lukmançylyk ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesini alýar. 1961-nji ýylda Türkmenistanyň halk suratkeşi Aman Amangeldiýew Saçly Dursunowanyň portretini şekillendirýär. Suratkeş öz işinde gahrymanyň içki dünýäsine aralaşmaga synanyşmak bilen, iş pursadyndaky çuňňur pikire batyp oturan ynsany görkezýär. Bu eserde gahrymanyň zenan dünýäsinde ýyly mähir az duýulýar. Oňa derek ol ony uly bir zadyň aladasyny edýän ýaly ummasyz pikire çümen görnüşde suratlandyrýar.

Aslynda, Saçly Dursunowa durmuşda-da, köplenç, gamgyn halda gezýän eken. Munuň sebäbini soranlarynda, ol: «Gulagyma owaz gelýär. Bu owaz howada bar. Ol ýaraly esgerleriň agyrydan jebir çekýän iňňildileriniň uruş döwründen galan yzaly owazy» diýip jogap berer eken. Hakykatdan-da, şol agyr ýyllaryň owazyny kalby bilen syzyp, ýüregini gyýan, 56 ýaşyna çenli şol owaz bilen ýaşan gahryman zenanyň özi aramyzdan gitse-de, onuň uruşda bitiren hyzmatlary hakdaky gürrüňler heniz-henizlerem dillerden düşenok.

21
131
king_tm
10.09.2023 10:08

Erbet goşgular


Erbet goşgy... Olar dürli-dürlüdir,

Käsiniň suwy kän, duzy bolsa az.

Käsi boş taňňyra ýokardan gaçan

Daş sebäpli dörän ýakymsyz owaz.


Käsi nädogrudan ýoluny başlap,

Özüni müň dürli külpete salar.

Subut etjek bolup nädogry zady,

Goşgy öňküdenem nädogry bolar.


Käsi bolsa... Çykaryp bir hokgany,

Iki ikiň jeminiň jedelin eder.

Muny çözmek üçin birje ýol barka,

Ol alar-da, egri ýollardan gider.


Egri ýollar şahyr üçin hatarly,

Ýöne dogrudanam ägä bol, şahyr!

Käte dogry pikriň artyklygyndan

Nädogry goşgy hem döräýýär ahyr.

12
109
king_tm
09.09.2023 19:31

Ony söz bilen suratlandyryp bolmaýar — diňe duýup bolýar. Söýgi wagt, logika we beýleki islendik kanunlara tabyn däldir. Söýgi baradaky psihologiki faktlary dykgatyňyza ýetirýäris:


Adamlaryň köpüsiniň aşyklygy göz bilen baglanyşyklydyr. Bu ilkinji 30 sekundyň içinde bolup geçýär. Hereketde ilkinji göreniňde — söýgi!


Adam ýuwaş-ýuwaşdan köp wagtyny bile geçirýän birine, mysal üçin, synpdaşyna ýa-da kärdeşine aşyk bolýar.


Ýakyn adamyň elinden tutmak akyl we beden agyrysyny azaldar.


Erkinlik bermek — söýgi gapma-garşylygy.


Käwagt söýgi hem endige öwrülip biler.


Geplemsek zenanlar we dymýan erkekler iň gowy jübütleri ýasamaga ýykgyn edýärler.


Erkekler zenanlardan has çalt aşyk bolýarlar.


Adam söýýän birini görse, ýürek urgusy islegsiz çaltlaşýar.


Eger gujaklamagy gowy görýän bolsaňyz, biliň, gujaklamak käbir agyrylary tebigy ýagdaýda aýyrýar.


Söýýän adamyň suraty hem agyryny aýyryp biler.


Söýýän adamlaryňyza ýönekeýje minnetdarlyk bildirmek, derrew bagtyň döremegine sebäp bolýar.


Geçirilen barlaglara görä, adamlar howply ýagdaýda biri-birine duşsa, asuda şertlerde duşuşanyndan has köp söýüşip biljek eken.


Käbir adamlar ýakynlarynyň ýoklugyna çydap bilmän, akyl ýa-da fiziki kesel sebäpli birnäçe aýdan ýa-da birnäçe ýyldan soň olaryň özleri hem dünýäni terk edýärler.


Adamlaryň 64% -i aýrylyşandan soň, daşky görnüşini üýtgedýärler.


Depressiýanyň esasy sebäbi şowsuz söýgi wakalarydyr.


Biz hemişe söýýän adamymyzy halaýan aýdymlarymyz bilen baglanyşdyrýarys.


«Gatnaşykda iň möhüm zat — ynam» diýilse-de, iň möhüm zat — wagt. Wagtyň geçmegi bilen ynam, dostluk, çäksiz we aýrylmaz baglanyşyklar ösýär.


Ýuwaş sesli erkekler has ýokary sesli erkeklere garanyňda, özüne çekiji bolup bilerler.


Iki söýýän adam biri-biriniň gözüne 3 minut seredende, ýürek urşy sinhronlanýar.

28
189
king_tm
08.09.2023 23:15

Olimpiýa oýunlarynyň taryhy 2800 ýyl töweregi bolup, Gadymy Gresiýada oňa gatnaşmak örän abraýly hasaplanylypdyr.


Miladydan öňki 776-njy ýyldan başlap b.e.öň 393-nji ýyla çenli 292 gezek olimpiýa oýunlary geçirilipdir. Şondan soňra 293-nji olimpiýa oýunlaryny geçirmeklik rim imperatory tarapyndan ýatyrylypdyr.


Gadymy grek akyldarlarynyň köpüsi Olimpiýa oýunlaryna gatnaşypdyr. Mysal üçin, grek filosofy Pifagor oňa ençeme gezek söweş sungaty boýunça gatnaşypdyr.


Häzirki zaman Olimpiýa oýunlary XIX asyrda täzeden janlanýar we 1896-njy ýyldan bäri her 4 ýylda bir egzek geçirilýär.


XX asyrda bolsa gyşky olimpiýa oýunlary geçirilip başlanýar. 1960-njy ýylda Paralimpiýa oýunlary döreýär.


XIX asyryň ahurlarynda olimpiýa oýunlarynda bary-ýogy iki sany esasy baýrak bardy we altyn medal düýbünden ýokdy. Ýeňijilerden birinji ýere diňe kümüş medal hem-de däp boýunça zeýtun şahajygy, ikinji ýere bürünç medal berilýärdi. 1912-nji ýyldan başlap bolsa biriniji ýeri eýelänlere altyn medal berlip başlandy.


Olimpiýa oýunlarynyň esasy nyşany bolan bäş sany reňkli halkalar ýer ýüzünde ýaşaýyş bolan bäş sany yklymyny (Antarktidany hasaba almazdan) aňladýar.


Häzirki wagtda olimpiýa oýunlarynyň wagty berk düzgünleşdirilendir. Geçmişde bolsa oýnuň wagty belli sebäplere görä üýtgäp durupdyr. 1900-njy ýylda geçen olimpiýa oýunlary alty aýa golaý wagtlap dowam edip rekord goýupdyr.


Dürli ýyllarda olimpiýa oýunlaryna gatnaşan türgenleriň iň ýaş we iň garry gatnaşyjylarynyň arasyndaky ýaş aratapawudy 62-ä deň. 1900-nji ýylda geçirilen oýunlara gatnaşyjy iň ýaş türgen bary-ýogy 10 ýaşyndaky grek gimnastikaçysy bolup, iň uly ýaşlysy 1920-nji ýylda gatnaşan şwesiýaly türgen hasaplanylýar.


Olimpiýa oýunlarynyň resmi baýdagy 1913-nji ýylda Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan döredildi.


Olimpiýa oýunlarynyň şygary Citius, Altius, Fortius, Communis diýen latyn sözlerinden gelip çykyp, “çalt, ýokary, güýçli, bilelikde” diýmekligi aňladýar.


Olimpiýa oýunlarynyň milli toparlarynyň parady 1908-nji ýyldan bäri geçirilýär.

15
51
king_tm
08.09.2023 19:03

Häzirki wagtda adamlara Ýer ýüzünde ýaşaýan guşlaryň 10694 görnüşi belli.


• Düýeguşyň ýumurtgasyny gaýnatmak üçin 1,5-2 sagat wagt gerek bolýar.


• Dünýäde umuman ganatlary bolmadyk ýeketäk guş -bu kiwidir.


• Guşlaryň bedeniniň temperaturasy adamlaryňka garanda 7-8 esse ýokarydyr.


• Uçuş wagtynda leglekler ýere gonmazdan uklap bilýärler.


• Guşlar derlemeýärler.


• Dünýädäki iň kiçi ýumurtga goňur guşa degişli.


• Guşlaryň ýelekleri olaryň süňklerinden agyr.


• Guşlaryň ýüregi uçup barýarka minutda 1000 gezek, dynç alan wagtynda bolsa 400 gezek urýar.


•  Göwresi boýunça iň uly guş 2 metrden geçýän düýeguşdyr.


• Düýeguşlar, kiwiler, kazowarlar, dodoslar we pingiwinler uçup bilmeýärler.


• Bütün  dünýäde zäherli guşlaryň 6 görnüşi bar.


• Iň agyr guş-dudakidir.



kim öýinde toty guş 🦜saklaýar, kim saklasy gelýär?

16
87
king_tm
07.09.2023 00:34

Durmuşyň durmaly duralgasy ýok…


Ýaş şahyr Züleýha Allaberdiýewanyň goşgularyny poeziýa muşdaklaryna hödürleýäris.



Men durmuşa teý düşünip bilemok,

Ähli zat birhili duýdansyz bolýar.

Nämüçin söýýänim özüm bilemok,

Kalbyma bu duýgyň öz-özi dolýar.


Birdenkä gök gürläp, ýagyş ýagyp dur,

Birde al-asmanda Güneş parlaýar.

Ynha, şeýdip uç-gyraksyz älem deý,

Soňsuzlyga sary ömri aýlaýar.


Durmuşyň durmaly duralgasy ýok,

Bardyr onuň diňe indiki döwri.

Baharda janlanyp, güýzüne solýan,

Edil şol gök-sary ýapraklar ýaly,

Gidip barýan umytlara beslenip,

Çözgütsiz matal deý geljege sary.

***

Sensiz

Ýagyş damjalary ýagsyn üstüme,

Goý, süllümmaý etsin meni dessine.

Synagymy bu gazaply durmuşyň?!

Duýýan diňe ýüregimiň urgusyn.


Arzuw bilen geçip giden günleriň,

Arasynda pyşyrdaşan gülleriň,

Ýalňyz galdym sensizligiň oýunda,

Söýginiň hasraty galdy roýumda.


Şeýdip ejizlesek, aýralyk ýeňse,

Ykbalyň aýgytly pursady gelse,

Çüwmese maňlaýym, sensiz galaýsam,

Şol pursat iň soňky gezek aglaýsam,


Eger sen gidäýseň öwrüp ýüzüňi,

Ýetişmän galaýsam aýdyp sözümi,

Razy, men galaryn, galaryn sensiz,

Ýöne ýaşaryn men kalbyňda sessiz…

***

Sen geldiň

Sen geldiň-de, özgerdi meň bu dünýäm,

Ýaş kalbyma degdi yşkyň neşteri.

Ýüregim gözlerňe boldy nyşana,

Ýa seň sözleň ýüregime keşdemi?!


Sen geldiň-de, tämizlediň dünýämi,

Hasratlarmy şatlyk bilen pytradyp.

Ejizlik golundan boşan ýüregme,

Söýgi geldi yşkyň odun syçradyp.


Sen geldiň-de, ýaza doldy bu dünýäm,

Sergin şemal, asmanda Aý tegelek.

Ganym deýin al öwüsýän güllerde,

Hanha, indi uçup ýör bir kebelek.


Sen geldiň-de, erkin boldy bu dünýäm,

Ganatlarym ýaýyp uçaýyn diýdim.

Saňa bu gün sowgat edip söýgimi,

Egnime ak bagtyň lybasyn geýdim.

***

Hyýalym bilen söhbet

 

Gel, ýöräli mawy asmana tarap,

Bulutda oturyp, Zemine garap.

Görýäňmi, ezizim, Zemin aýaňda,

Şu günlerem görýän seniň saýaňda.


Bolup geçsin hyýal bolsa-da bular,

Hyýal ýalam bu howaýy bulutlar.

Söýgimizem akja bulut mysaly,

Süýşüp barýar bagtly günlere sary…


awtory:Züleýha ALLABERDIÝEWA

13
51
king_tm
06.09.2023 10:01

Häzirki güne çenli gelip ýeten iň köne şäher haýsy?!


Döredilen gününden bäri häzirki wagta çenli gelip ýeten Jericho şäheri hasaplanylýar. Bu şäher henizem aýakda duran iň gadymy şäher hasaplanýar. Arheologiki subutnamalar bu şäherde ýüzlerçe taýpalaryň ýaşandygyny görkezýär. Şäher takmynan miladydan öňki 9000-nji ýylda gurlupdyr.


Gadymy şäher häzirki şäher merkezinden (Palestina) takmynan 2 km demirgazykda ýerleşýär we «Tell es-Soltan» ady bilen bellidir. Taryh boýunça şäherde hemişelik oturymly ýeriň bardygy ýa-da ýokdugy baradaky käbir jedeller bar bolsa-da, onuň dünýäniň iň gadymy şäherlerinden biridigi bellidir.


Damask ozal iň gadymy şäher hasaplanýardy we arheologiki galyndylar adamlaryň miladydan öňki 9000-nji ýyllarda bu sebitde bolandygyny görkezýär. Şeýle-de bolsa, häzirki gözlegleriň netijesinde ýüze çykan bir pikir, takmynan 6000 ýyl soň häzirki Damaskda adamlaryň hemişelik mesgen tutmandygyny subut edýär.


Ýene bir iň köne şäher Halap bolup biler. Arheologiki galyndylar Halapyň miladydan öňki altynjy müňýyllykdan bäri hemişelik mesgen tutulan şäherdigini görkezýär. Şäher hakykatdanam XII asyrdan XV asyryň başlaryna çenli Ýüpek ýolunyň altyn asyrynda gülläp ösüpdir.


Şeýle hem iň gadymy şäher hökmünde Müsüriň Faýýum şäherini hem agzap geçmek bolar. Ilkibaşda gadymy müsürliler tarapyndan Şetet diýip esaslandyrylan bu şäher, grekler tarapyndan «Krokodilopolis» (Krokodil şäheri) diýlip atlandyrylypdyr. Häzirki zaman paýtagty Kairiň takmynan 130 km günorta-günbatarynda ýerleşýän arheologiki galyndylar şäheriň golaýynda adamlaryň takmynan miladydan öňki 5500-nji ýyldan bäri ýaşap gelendigini görkezýär, bu Müsüriň iň köne şäheri we Afrikanyň iň gadymy şäherleriniň biridir.

15
125
king_tm
05.09.2023 17:08

Hasyl bolmawersin hemmäñ arzuwy




Hasyl bolmawersin hemmäñ arzuwy,

Onda-da adamlañ ownan mahaly.

Ýamanlaryñ gara netinden ýaña,

Ýere ýeter ýagşy bendäñ sakaly.

 

Menzilne ýetmesin ähli niýetler,

Kä künjekde enä ölüm dilener.

Toba-toba kabul bolsa hemmesi,

Tikenli gül ýaşar, tämiz gül öler.

 

Goý güllesin enäñ ogla dilegi,

Kabul bolsun atañ ýagşy myrady.

Eger hemme arzuw hasyl bolaýsa,

Ýitäýmegem ahmal ynsabyñ ady.

 

Hemmäñ arzuwynyñ hasyl bolmagyn

Gyssanyp tost aýdañda-da dileme.

Hemme ýürek ak däl,

(Şeýle bolsady)

Diläberseñ näme gelse diliñe.

 

Emma welin Hudaýynam unudyp,

Başarsalar ýykjaklar bar dünýäni.

Goý kabul bolmasyn hemme niýetler,

Terezimiz abat saklanar ýaly.

Kerim HALLY

23
128
king_tm
04.09.2023 22:50

Öý bikelerine 8 maslahat


Bulary bilmek gyzykly



Gök önümleriň çigidini nädip arassalamaly?

Hyýaryň çigidini aýyrmak isleseňiz, onda doňdurma çemçejigini ulanyň. Şeýle-de, inçejik dilimlenen işdäaçar taýýarlamak üçin doňdurma çemçejigi ulanyp bilersiňiz.



Bişiren naharyňyz gaty ýagly bolsa…

Eger-de, bişiren naharyňyz gaty ýagly bolsa, onda bir jübüt buz bölejigini naharyňyzyň üstüne damdyryň. Buz naharyňyzyň içinde magnit ýaly hereket edip, ýag dokumalaryny özüne çeker.



Miweleriň gabygyny aňsatlyk bilen arassalamak üçin

Apelsinleriň we limonlaryň daşky gabygyny aýyrmakda kynçylyk çekýärsiňizmi? Miweleriňizi mikrotolkunda 20 sekunt goýuň. Şeýlelikde, onuň aňsatlyk bilen aýrylandygyna göz ýetirersiňiz.



Gaýnadylan ýumurtganyň gabygyny aňsatlyk bilen aýyrmak

Ýumurtgany gaýnadýan suwuňyza soda ýa-da sirke goşuň. Bu maddalar ýumurtganyň gabygynyň içine girip, onuň gabygynyň has aňsat ýol bilen aýrylmagyna mümkinçilik berer.



Sitrus miwelerinden has köp suw almak

Limony soňky damjasyna çenli ulanmak isleseňiz, ilki miwäni sowadyjyda salkyn ýerde goýuň, soňra ony mikrotolkunda 15-20 sekunt goýuň we netijäni görüň.



Sogan dogranyňyzda gözýaş dökmezlik üçin

Sogany dogramazdan ozal 30 minut doňduryjyda goýuň. Sogan dograp duran wagtyňyzda sakgyç çeýneseňiz ýa-da duza seredip dursaňyz gözýaşyňyzy saklap biler.



Bişirilen önümleri gyzdyrmagyň dogry usuly

Mikrotolkunda pizza ýa-da bişirilen nahar gyzdyrylanda, gapdalynda bir stakan suw goýuň. Sebäbi çyglylyk iýmitiň guramagynyň öňüni alýar.



Lezzetli ýumurtga bişirmek

Ýumurtga bişirýän gabyňyza biraz suw goşuň. Bu usulyň kömegi bilen bişirýän  ýumurtgaňyz tagamy has lezzetli bolar.

15
53
king_tm
03.09.2023 18:56

Ukyň tutanokmy?


(Ukusyzlygy nädip ýeňip geçmeli)

 Çopantelpegiň çaýy – Çopantelpegiň çaýy ukyny sazlaýar we rahatlandyryjy hasaplanýar. Stress ýagdaýlarda özüňi dolandyrmagy üpjün edýär. Olardan başga-da wirusa garşy täsirliligi ýokary we möwsümleýin gaýtalanýan üsgülewük, sowuklama kesellerini bejeriji dermandyr.

 

Ýyly süýt – Bu ,,Tebigy Antidepressant’’. Bu içginiň içilmegi howsalany we ynjalyksyzlygy peseldýär. Her gün agşam bir bulgur ýyly süýt içip ýatmaklyk bagt garmonynyň bir görnüşi bolan organizmde serotaniniň  bölünip çykmagyny güýçlendirýär, ukunyň kadaly bolmagyna täsir edýär.

 

Narpyzly çaý – Nerw öýjükleri has ýadan wagty içmeklik özüňi ýeňil duýmaga ýardam berýär, gyjynmalaryň öňüni alýar. Ýadawlyk stress ýagdaýlarynyň öňüni alýar. Esasan-da Narpyzly we Çopantelpekli  çaýy  gyş möwsümlerde içmek has peýdalydyr. Olar sowuklamanyň öňüni alýar. Narpyzly çaý diňe ukuny sazlamak bilen çäklenmän, eýsem aşgazan – içege ýollaryny arassalaýar, gandaky şekeriň mukdaryny kadalaşdyrýar.

Kokosly suw – Kokosyň suwy witaminlere baýdyr . Esasanda B witamin has köp. Kokosly suw ten gowşamasynyň öňüni alýar. Immunitetiňi ýokarlandyrýar.  Gan basyşyňy sazlaýar.

 

Ülje şiresi – Üljäniň düzuminde triptafon aminokislotasy köp saklanýar. Onuň köp mukdarda saklanmagy melotanini, ýagny uky garmonyny sazlaýar, agşamky ukunyň kadaly bolmagyna ýardam berýär. Her gün agşamyna ülje şiresiniň 400 ml-sini  içmek maslahat berilýär.

34
211