king_tm
05.09.2023 17:08

Hasyl bolmawersin hemmäñ arzuwy




Hasyl bolmawersin hemmäñ arzuwy,

Onda-da adamlañ ownan mahaly.

Ýamanlaryñ gara netinden ýaña,

Ýere ýeter ýagşy bendäñ sakaly.

 

Menzilne ýetmesin ähli niýetler,

Kä künjekde enä ölüm dilener.

Toba-toba kabul bolsa hemmesi,

Tikenli gül ýaşar, tämiz gül öler.

 

Goý güllesin enäñ ogla dilegi,

Kabul bolsun atañ ýagşy myrady.

Eger hemme arzuw hasyl bolaýsa,

Ýitäýmegem ahmal ynsabyñ ady.

 

Hemmäñ arzuwynyñ hasyl bolmagyn

Gyssanyp tost aýdañda-da dileme.

Hemme ýürek ak däl,

(Şeýle bolsady)

Diläberseñ näme gelse diliñe.

 

Emma welin Hudaýynam unudyp,

Başarsalar ýykjaklar bar dünýäni.

Goý kabul bolmasyn hemme niýetler,

Terezimiz abat saklanar ýaly.

Kerim HALLY

23
128
king_tm
6 Sentýabr 2023
@mawy, 👍
king_tm
5 Sentýabr 2023
@mawy, palow mesele däl 2ýarym sagada taýýar etýän
arzuvym_talyp
5 Sentýabr 2023
👍🔥
king_tm
5 Sentýabr 2023
Zyýany ýok dos şo mendede bolýa çykyp täzdän girmeli eken@wolf,
king_tm
5 Sentýabr 2023
@mawy, gaýtam se bilmeýän zadyn bosa soraber arkaýyn,
wolf
5 Sentýabr 2023
Mawy bilemok like dislike basyp bolonoga (
wolf
5 Sentýabr 2023
King tm like a basyp bilemok teswirlap gecaymesem 😁
king_tm
5 Sentýabr 2023
@mawy, bagyslarsynda, nahar etýän basagaýrak
king_tm
5 Sentýabr 2023
@mawy, 🙂
king_tm
5 Sentýabr 2023
Gowmy@mawy,
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.