king_tm
03.09.2023 18:56

Ukyň tutanokmy?


(Ukusyzlygy nädip ýeňip geçmeli)

 Çopantelpegiň çaýy – Çopantelpegiň çaýy ukyny sazlaýar we rahatlandyryjy hasaplanýar. Stress ýagdaýlarda özüňi dolandyrmagy üpjün edýär. Olardan başga-da wirusa garşy täsirliligi ýokary we möwsümleýin gaýtalanýan üsgülewük, sowuklama kesellerini bejeriji dermandyr.

 

Ýyly süýt – Bu ,,Tebigy Antidepressant’’. Bu içginiň içilmegi howsalany we ynjalyksyzlygy peseldýär. Her gün agşam bir bulgur ýyly süýt içip ýatmaklyk bagt garmonynyň bir görnüşi bolan organizmde serotaniniň  bölünip çykmagyny güýçlendirýär, ukunyň kadaly bolmagyna täsir edýär.

 

Narpyzly çaý – Nerw öýjükleri has ýadan wagty içmeklik özüňi ýeňil duýmaga ýardam berýär, gyjynmalaryň öňüni alýar. Ýadawlyk stress ýagdaýlarynyň öňüni alýar. Esasan-da Narpyzly we Çopantelpekli  çaýy  gyş möwsümlerde içmek has peýdalydyr. Olar sowuklamanyň öňüni alýar. Narpyzly çaý diňe ukuny sazlamak bilen çäklenmän, eýsem aşgazan – içege ýollaryny arassalaýar, gandaky şekeriň mukdaryny kadalaşdyrýar.

Kokosly suw – Kokosyň suwy witaminlere baýdyr . Esasanda B witamin has köp. Kokosly suw ten gowşamasynyň öňüni alýar. Immunitetiňi ýokarlandyrýar.  Gan basyşyňy sazlaýar.

 

Ülje şiresi – Üljäniň düzuminde triptafon aminokislotasy köp saklanýar. Onuň köp mukdarda saklanmagy melotanini, ýagny uky garmonyny sazlaýar, agşamky ukunyň kadaly bolmagyna ýardam berýär. Her gün agşamyna ülje şiresiniň 400 ml-sini  içmek maslahat berilýär.

34
211
mzzy
3 Sentýabr 2023
Haladym
king_tm
3 Sentýabr 2023
@diamond, mendä ba
king_tm
3 Sentýabr 2023
@mrjn, 👏👍spasibo, goşan goşandyn ün🙂
orazow96
3 Sentýabr 2023
@mrjn, salam bellap goýaýmaly sözler ekeni
0331
3 Sentýabr 2023
👍👍👍👍👍
arzuvym_talyp
3 Sentýabr 2023
@king_tm, agsham edip gorjek nesip bolsa 3njini
king_tm
3 Sentýabr 2023
@arzuvym_talyp, alyň onda ýaltanmanjyk demläň, menem çaý içsem gowy ýatýan🫖☕
arzuvym_talyp
3 Sentýabr 2023
Maňa gerek melhem eken hemmesi 👍😁
milasxka
3 Sentýabr 2023
@king_tm, nez ☺
king_tm
3 Sentýabr 2023
@milasxka, spasibo👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.