king_tm
07.09.2023 00:34

Durmuşyň durmaly duralgasy ýok…


Ýaş şahyr Züleýha Allaberdiýewanyň goşgularyny poeziýa muşdaklaryna hödürleýäris.



Men durmuşa teý düşünip bilemok,

Ähli zat birhili duýdansyz bolýar.

Nämüçin söýýänim özüm bilemok,

Kalbyma bu duýgyň öz-özi dolýar.


Birdenkä gök gürläp, ýagyş ýagyp dur,

Birde al-asmanda Güneş parlaýar.

Ynha, şeýdip uç-gyraksyz älem deý,

Soňsuzlyga sary ömri aýlaýar.


Durmuşyň durmaly duralgasy ýok,

Bardyr onuň diňe indiki döwri.

Baharda janlanyp, güýzüne solýan,

Edil şol gök-sary ýapraklar ýaly,

Gidip barýan umytlara beslenip,

Çözgütsiz matal deý geljege sary.

***

Sensiz

Ýagyş damjalary ýagsyn üstüme,

Goý, süllümmaý etsin meni dessine.

Synagymy bu gazaply durmuşyň?!

Duýýan diňe ýüregimiň urgusyn.


Arzuw bilen geçip giden günleriň,

Arasynda pyşyrdaşan gülleriň,

Ýalňyz galdym sensizligiň oýunda,

Söýginiň hasraty galdy roýumda.


Şeýdip ejizlesek, aýralyk ýeňse,

Ykbalyň aýgytly pursady gelse,

Çüwmese maňlaýym, sensiz galaýsam,

Şol pursat iň soňky gezek aglaýsam,


Eger sen gidäýseň öwrüp ýüzüňi,

Ýetişmän galaýsam aýdyp sözümi,

Razy, men galaryn, galaryn sensiz,

Ýöne ýaşaryn men kalbyňda sessiz…

***

Sen geldiň

Sen geldiň-de, özgerdi meň bu dünýäm,

Ýaş kalbyma degdi yşkyň neşteri.

Ýüregim gözlerňe boldy nyşana,

Ýa seň sözleň ýüregime keşdemi?!


Sen geldiň-de, tämizlediň dünýämi,

Hasratlarmy şatlyk bilen pytradyp.

Ejizlik golundan boşan ýüregme,

Söýgi geldi yşkyň odun syçradyp.


Sen geldiň-de, ýaza doldy bu dünýäm,

Sergin şemal, asmanda Aý tegelek.

Ganym deýin al öwüsýän güllerde,

Hanha, indi uçup ýör bir kebelek.


Sen geldiň-de, erkin boldy bu dünýäm,

Ganatlarym ýaýyp uçaýyn diýdim.

Saňa bu gün sowgat edip söýgimi,

Egnime ak bagtyň lybasyn geýdim.

***

Hyýalym bilen söhbet

 

Gel, ýöräli mawy asmana tarap,

Bulutda oturyp, Zemine garap.

Görýäňmi, ezizim, Zemin aýaňda,

Şu günlerem görýän seniň saýaňda.


Bolup geçsin hyýal bolsa-da bular,

Hyýal ýalam bu howaýy bulutlar.

Söýgimizem akja bulut mysaly,

Süýşüp barýar bagtly günlere sary…


awtory:Züleýha ALLABERDIÝEWA

13
51
senorita
8 Sentýabr 2023
Gutly bolsun derejãñ gõrmãndirnã
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.