kemalagamyradow
27.06.2023 14:19

"Çüwmedik bagtym"


Diýýärlerä:"Aýtmak añsat diliñde",

Wah şoñada añsat däl geçen günler.

Iñ soñky posañdan bäş ýyl geçipdir,

Bir-birini yzlap geçipdir ýyllar.


Bir-birini yzlap geçipdir ýyllar,

Sen barkañ iñ ajap günlerimdi meñ.

Inçe biliñ tutup, saçlaryñ sypan,

Bu gün goşgy ýazan ellerimdi meñ.


Bu gün goşgy ýazan ellerimdi meñ,

Saña her gün ajap güller getiren.

Bilmedim nämäniñ hasaby boldy,

Seni menden alyp bagtym ýatyran.


Bilmedim nämäniñ hasaby boldy,

Öýmeli başyñy synlamak çetden.

Ýa-da söýgümize göz degdimikä,

Goranyp bilmedikmikäk biz gepden.


Ýa-da söýgümize göz degdimikä,

Gurapdyr ter açan elwan güllerim.

Bu gün doglan günüñ ýadyma düşdi,

Iki çagan bagra basan dilberim.


Iki çagan bagra basan dilberim,

Guwan çagalarña başyñ dik bolsun.

Menä hiçle ýöne seniñ ömrüñde,

Şatlykly günleriñ juda köp bolsun.


Şatlykly günleriñ juda köp bolsun,

Gözüñden akmasyn gaýgyly hünjiñ.

Hoş gal gülüp ýaşa bagtyñ içinde,

Geçmişde şatlygym, häzirki ynjym...


Awtor:Agamyradow KemaL.

26.06.2023.

11
75
kemalagamyradow
26.06.2023 16:13

"Ýazasym gelýä"

Gel ylham men senden aýra düşmäýin,

Señ bilen ömürlik bolasym gelýä.

Goýup galamymy gözden düşmäýin,

Tä ölünçäm goşgy ýazasym gelýä.


Gözden düşmän, gözlerede düşmäýin,

Gark bolup mesligiñ suwyn içmäýin,

Tozy, çañy köp bolsada ökjämiñ,

Ýol söküp köp ýerde ýazasym gelýä.


Ylham sen.Gel diýip çagyryp bilmen,

Geleñde yzyña iberip bilmen,

Görki, erki, yşky wasp edip sözlem,

Men juda köp zady ýazasym gelýä.


Duýup bilip sary güýzüñ gussasyn,

Onda solan şol ýapragyñ kyssasyn,

Öýkenime sorup Opal¹ tüssesin,

Gurbannazar ýaly ýazasym gelýä...


"Opal"- Gurbannazar Ezizowyñ çeken çiliminiñ ady.


Awtor:Agamyradow KemaL.

09.04.2023.

15
41
kemalagamyradow
25.06.2023 03:02

Gara günüñ gamyn çekip,

Ol günleriñ geçen seniñ.

Ejeden ir jyda düşüp,

Ulalan wah ejem meniñ.


Ir säherler namaz kylyp,

Ekin ekip hasyl ýygyp,

Biziñ üçin özün dözüp,

Zähmet çeken ejem meniñ.


Kakam getirse nygmaty,

Ejemsiz bolmaz gymmaty,

Öýmüziñ ýaz tebigaty,

Güler ýüzli ejem meniñ.


Gowluk bolsun her görjegi,

Ýylydyr mährem gujagy,

Arassa saklap ojagy,

Gülleden ol ejem meniñ.


Başyma gam düşen çagy,

Gözde bolmasada agy,

Bilip mendäki perýady,

Derman bolan ejem meniñ.


Bu sungatda pata beren,

Guwanyp sungatym söýen,

Bu gün bildim goşgy düzen,

Şahyr eken ejem meniñ.


Açyp depderiniñ gatyn,

Görkezdi maña sungatyn,

Dünýädäki päk Jennetim,

Mähribanym ejem meniñ.


Bizi söýdüñ Tañrym söýsün,

Sizi munda gorap gezsin,

Gülsün käbäm ýüzüñ gülsün,

Gülkiñ bahar ejem meniñ...



Awtor:Agamyradow KemaL.

19.05.2023.

14
58
kemalagamyradow
24.06.2023 17:12

Eý ykbalym nägile däl men senden,

Ýöne käte agyr degýär öwrümiñ.

Içinde ýitirdim iki ak guşum,

Sende ýigrim üç ýyl ýaşan ömrümiñ.


Birisi bagşydy bilbil mysaly,

Biri gül-gunçady bägül mysaly,

Ikisinem aldyñ meniñ elimden,

Sözle ykbal bul nämäniñ hasaby.


Şolaryñ ýoklugy gynaýar meni,

Käte almak agyr bolýar her demi,

Birisin duýdansyz, birisin bolsa,

Aldyñ berip gutulgysyz derdini.


Düşünýän sen bäş gün ýalançy ykbal,

Ýöne düşünmeklik tutanok ornun.

Men:ä gül uýamdan aýra düşürdiñ,

Ejesiz goýduñ sen oñ ýeke oglun.


Bu gün dertlerimi gozgan sebäpkär,

Ýaz ýagyşy düwün boldy damagma.

Aldyñ sekiz gülden iki sanysyn,

Galan bäşisinden ykbal aýyrma...


Awtor:Agamyradow KemaL.

05.05.2023.

10
36
kemalagamyradow
23.06.2023 03:11

Döwür!

Döwür!

Ýazýas döwür hakynda,

Döwür diýmek asyl özümiz dälmi?!

Aýyplaýas döwri bet gylyk bilen,

Olar biziñ goýan yzymyz dälmi?!


Hany öñki türkmen, hany sadalyk,

Hany dört örümli türkmen gyzlary?!

-"Biz döwürden yza galýas" diýişip,

Kelte saçly, alañ-açyk dyzlary.


Dodak, burun, gara gaşlar ýasama,

Tebigy gözellik ýitirlip barýar.

Şeýdip täze önýän ýaş nesillerem,

Şolar boljak bolup göterlip barýar.


Hany öñki türkmen, hany gerçegi,

Hany ar-namysly gaharjañ ýigdi?!

-"Ýewropa stilde geýinýäs" diýip,

Köpüsi dar, ýyrtyk balaklar geýdi.


Näçeler diýsegem döwre günäli,

Esas günä döwürde däl adamda.

Namysyn gabanman, nebsini ýuwdyp,

Ters ýollaryñ tagamyny dadanda.


Söýgi ýok, ynam ýok, wepa ýok indi,

Ynam ýitip barýar çykarlyp puja.

Äriniñ gujagy kem gelýän ýaly,

Köp gelin garaşýar zynahor gijä.


Hany Kerim agañ goşgusyndaky,

Zenanda agzalan ömürlik wepa.

Bu zatlary duýýan könelerimiz,

Uýalyp gabrynda çekýändir jepa.


Döwür!

Döwür!

Diýmäñ döwür üýtgedi,

Dogrudyr üýtgändir ýaşaýas erkin.

Päk abadan ýurtda ýaşaýan wagty,

Käşgä öz päklignem saklasa herkim...


Awtor:Agamyradow KemaL.

24.05.2023.

9
28
kemalagamyradow
21.06.2023 21:05

Öñ körmikäm görmändirin görküñi,

Ýa şirmikäm bermändirin erkimi,

Bu gün synlap doñup galdym durkuñy,

Durkuñ durşuñ bilen arşda Aýmy gyz,

Aldyñ erkim klasdaşym hally gyz.


Gözleriñ bar baksam doýa bilme ýok,

Sen bolmasañ indi maña gülme ýok,

Meñki bolsañ maña munda ölme ýok,

Dodaklaryñ süýji nabat bally gyz,

Ok kirpigi, gaşlary ýaý hally gyz.


Ýylgyr, ýylgyrşyñdan em tapsyn ýürek,

Dünýä iki gelsem söýmäge derek,

Maña diñe, ýeke diñe sen gerek,

Gül köýnegiñ ajap ýaşyl ally gyz,

Meñ dünýämiñ bahary sen hally gyz.


Gel dünýäme gyşym öwrüp ýazyma,

Geljegim bol seretmäýin yzyma,

Nesip dünýä injek oglum-gyzyma,

Eje bol sen, ömrüm saña bagly gyz,

Söýdüm seni güler ýüzi hally gyz...


Awtor:Agamyradow KemaL.

11
67