kemalagamyradow
26.06.2023 16:13

"Ýazasym gelýä"

Gel ylham men senden aýra düşmäýin,

Señ bilen ömürlik bolasym gelýä.

Goýup galamymy gözden düşmäýin,

Tä ölünçäm goşgy ýazasym gelýä.


Gözden düşmän, gözlerede düşmäýin,

Gark bolup mesligiñ suwyn içmäýin,

Tozy, çañy köp bolsada ökjämiñ,

Ýol söküp köp ýerde ýazasym gelýä.


Ylham sen.Gel diýip çagyryp bilmen,

Geleñde yzyña iberip bilmen,

Görki, erki, yşky wasp edip sözlem,

Men juda köp zady ýazasym gelýä.


Duýup bilip sary güýzüñ gussasyn,

Onda solan şol ýapragyñ kyssasyn,

Öýkenime sorup Opal¹ tüssesin,

Gurbannazar ýaly ýazasym gelýä...


"Opal"- Gurbannazar Ezizowyñ çeken çiliminiñ ady.


Awtor:Agamyradow KemaL.

09.04.2023.

15
41
graz
19 Fewral 2024
@graz, yzy men Yazyp igratjak bölüp ibere baştan velin edenok son basyp duryan velin garasyn diyip durya menem 20 minutdagy garaşdym Emma iberenok a sizdede şeyle bolyarymka
graz
19 Fewral 2024
Salam men owrenmela taze gosuldym we menem goşgy Yazyp paylasasym gelya owrenmelide
Kemal Agamyradov
26 Iýun 2023
@okan, Allah razy bolsun minnetdar😊👍
okan
26 Iýun 2023
Galamynyz batly bolsun gowy gosgy 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.