Döwür!
Döwür!
Ýazýas döwür hakynda,
Döwür diýmek asyl özümiz dälmi?!
Aýyplaýas döwri bet gylyk bilen,
Olar biziñ goýan yzymyz dälmi?!
Hany öñki türkmen, hany sadalyk,
Hany dört örümli türkmen gyzlary?!
-"Biz döwürden yza galýas" diýişip,
Kelte saçly, alañ-açyk dyzlary.
Dodak, burun, gara gaşlar ýasama,
Tebigy gözellik ýitirlip barýar.
Şeýdip täze önýän ýaş nesillerem,
Şolar boljak bolup göterlip barýar.
Hany öñki türkmen, hany gerçegi,
Hany ar-namysly gaharjañ ýigdi?!
-"Ýewropa stilde geýinýäs" diýip,
Köpüsi dar, ýyrtyk balaklar geýdi.
Näçeler diýsegem döwre günäli,
Esas günä döwürde däl adamda.
Namysyn gabanman, nebsini ýuwdyp,
Ters ýollaryñ tagamyny dadanda.
Söýgi ýok, ynam ýok, wepa ýok indi,
Ynam ýitip barýar çykarlyp puja.
Äriniñ gujagy kem gelýän ýaly,
Köp gelin garaşýar zynahor gijä.
Hany Kerim agañ goşgusyndaky,
Zenanda agzalan ömürlik wepa.
Bu zatlary duýýan könelerimiz,
Uýalyp gabrynda çekýändir jepa.
Döwür!
Döwür!
Diýmäñ döwür üýtgedi,
Dogrudyr üýtgändir ýaşaýas erkin.
Päk abadan ýurtda ýaşaýan wagty,
Käşgä öz päklignem saklasa herkim...
Awtor:Agamyradow KemaL.
24.05.2023.