kemalagamyradow
25.06.2023 03:02

Gara günüñ gamyn çekip,

Ol günleriñ geçen seniñ.

Ejeden ir jyda düşüp,

Ulalan wah ejem meniñ.


Ir säherler namaz kylyp,

Ekin ekip hasyl ýygyp,

Biziñ üçin özün dözüp,

Zähmet çeken ejem meniñ.


Kakam getirse nygmaty,

Ejemsiz bolmaz gymmaty,

Öýmüziñ ýaz tebigaty,

Güler ýüzli ejem meniñ.


Gowluk bolsun her görjegi,

Ýylydyr mährem gujagy,

Arassa saklap ojagy,

Gülleden ol ejem meniñ.


Başyma gam düşen çagy,

Gözde bolmasada agy,

Bilip mendäki perýady,

Derman bolan ejem meniñ.


Bu sungatda pata beren,

Guwanyp sungatym söýen,

Bu gün bildim goşgy düzen,

Şahyr eken ejem meniñ.


Açyp depderiniñ gatyn,

Görkezdi maña sungatyn,

Dünýädäki päk Jennetim,

Mähribanym ejem meniñ.


Bizi söýdüñ Tañrym söýsün,

Sizi munda gorap gezsin,

Gülsün käbäm ýüzüñ gülsün,

Gülkiñ bahar ejem meniñ...



Awtor:Agamyradow KemaL.

19.05.2023.

14
58
Kemal Agamyradov
26 Iýun 2023
@okan, sagbolun😊👍
Kemal Agamyradov
26 Iýun 2023
@jemal_seyitniyazowa 😊 minnetdar ejelerimiz has kop zada mynasyp
okan
25 Iýun 2023
Berekella 👍👍
2580
25 Iýun 2023
👍👍👍👍👍
durdane
25 Iýun 2023
👍👍👍👍👍👍
jemal_seyitniyazowa
25 Iýun 2023
Ejesini wasp edýän ýigitlerem bolsunna tüweleme
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.