kemalagamyradow
28.07.2023 16:37

"Durmuşda herkim öz deñin tapmaly"


Durmuşda her kim öz deñin tapmaly,

Baýguş ak kepderä ýar bolup bilmez.

Baýguşyñ mekany harabalykdyr,

Ol ýer ak kepderä dar, oñup bilmez...


Durmuşda her kim öz deñin tapmaly,

Husyt baý garyba dost bolup bilmez.

Iñ bärkisi şol garybyñ bir sözi,

Baýyñ ýüregine rast bolup bilmez.


Bu dogry zat, undan artan kepekden,

Mele myssyk çörek, nan bolup bilmez.

Dogruçylyñ dosty az bolar ýöne,

Dogruçyl ters zada lal bolup bilmez.


Ene bu dünýede Jennetdir Jennet,

Oñ ornunda hiç kim ýer alyp bilmez.

Ene dogasynyñ başaran zadyn,

Millýonlap harçlasañ zer alyp bilmez...


Awtor:Agamyradow KemaL.

28.07.2023.

11
42
kemalagamyradow
27.07.2023 22:33

"Utansyn"


Bu durmuşda utanjy ýok halalyñ,

Harama bulaşan eller utansyn.

Halamazlar dogruçylyñ sözlerin,

Emma ýalan sözlän diller utansyn.


Namys beýik zatdyr,bolmaz hemmede,

Her tüýsli adam bar pany dünýede,

Päk niýet, päk pikriñ bolsun kellede,

Niýeti pis bolan başlar utansyn.


Ojagyñ görküdir edepli zenan,

Kirpigi ok ýaly, gaşlary keman,

Äriñi hasapla başyñda penañ,

Ärini pes gören ýaşmak utansyn.


Dost gerekdir söýenmäge ömürde,

Hossar gerek alýan her bir demiñde,

Bu pelegiñ hupbat salan gününde,

Şolardan ýüz öwren ýüzler utansyn.


Ulaldym men iki merdiñ elinde,

Borjum köpdür şol mertleriñ öñünde,

Hakykaty gizläp ýazsam sözümde,

Goşgy ýazan şahyr ellem utansyn...


Awtor:Agamyradow KemaL.

27.07.2023.

29
104
kemalagamyradow
16.07.2023 02:09

"Asman bilen zeminiñ ysnyşygy"


Ýagyş ýagýar zemin asman arada,

Gatnaşyk bul örän täsin gatnaşyk.

Belki-de ynsana terbiýe berjek,

Gök, zeminiñ arasynda ysnyşyk.


Toprak suwy sorýar buggarýar ýene,

Bagryndan geçirip tonlarça suwy.

Alan amanadyn gaýtaryp berýär,

Şeýdibem döredýär ullakan bugy.


Döreýär ýene-de täze bulutlar,

Gök asmanda ak ýa gara reñk bilen.

Başymyza hupbat bolup düşenok,

Gezýär olar gök asmanda erk bilen.


Käte gussadanmy bilemok aýan,

Açyk asman garalyga bürenýär.

Ýere aýak basýanlaryñ bolşuna,

Gahary gelýän deý eýmenç elenýär.


Şeýdip ýer ýuwmaga meýilli ýaly,

Ýagýar ýere çekip müñlerçe nagyş.

Käşgä ýer ýüzüni ýuwuşy ýaly,

Adamlañ kalbynam ýuwsady ýagyş...


Awtor:Agamyradow KemaL.

26.02.2023

7
24
kemalagamyradow
15.07.2023 07:12

"Durmuş meselesi"


Döwür nirä gidip barýa,

Gyzlarymyz ýitip barýa.

Şol ýaglyksyz gelinlerem,

Ojaklary ýykyp barýa.


Öñler topuk görünmezdi,

Indi dyza ýetenogam.

Ýaşy ýeten käbir gyzlar,

Öýlerinde ýatanogam.


Erkekde-de günä ýok däl,

Namys-ary ýuwutdylar.

Köpi gören gözel görüp,

Öz öýüni unutdylar.


Namemiş halalmyş munda,

Ikinjini saklamagyñ.

Meñ pikrimçe il içinde,

Bul bir özüñ aklamagyñ.


Ýöne çaga haýpym gelýä,

Diri ýetim adyn alýa,

Bihaýalar sürse döwran,

Dünýäñ ýüki şoña galýa.


Kerim agañ diýşi ýaly,

Belki döwür däl günäli.

Emma ahlak temasynda,

Bilýäs juda kän günäli.


Türkmenligmiz ýitirdiler,

Özge dili getirdiler.

Beýle bolma dogan diýse,

-"Sana ne" diýp geçirdiler.


Bolya şahyr goýaý indi,

Sözleriñi diñleýän ýok.

Açyk geýsin, öýün ýyksyn,

Indi muny geñleýän ýok...


Awtor:Agamyradow KemaL.

06.02.2023.

12
37
kemalagamyradow
14.07.2023 07:50

"Garramasyn kinä ýer berip gursak"


Garramasyn kinä ýer berip gursak,

Kä agyr sözleri unudalyñ biz.

Dolsa-da damaklar gahar-gazapdan,

Tüýkürmän kä mahal ýuwudalyñ biz.


Kine öz-özüñe bermek zyýany,

Ýaş ýüregi gojalyga öwürmek.

Gussa orun berip çytyp gaşyñy,

Gahar bilen gül ýüzüñi ýygyrmak.


Bagyşlañ, beýiklik şondadyr şonda,

Goý utansyn göwne degen adamlar.

Olar pesdir, beýiklere bahyldyr,

Olar pesdir, ynsabyndan ädenler...


Awtor:Agamyradow KemaL.

28.01.2023.

14
27
kemalagamyradow
13.07.2023 07:07

"Bir adam aglasa ejizlik däldir"


Bir adam aglasa ejizlik däldir,

Goý aglasyn egsip ýürek derdini.

Gussasyn gezendir ýüzne çykarman,

Onuñ merdem duran dertli gerdeni.


Bir adam aglasa ejizlik däldir,

Käte begençdenem aglaýar ynsan.

Ýa-da aglar azatlyga çykan dek,

Başyndan aýrylsa musallat nogsan.


Aglamak nyşan däl ejiz ýürekden,

Aglamak mahsus däl diñe zenana.

Aglamak utanç hem haýanyñ işi,

Muny bize unutdyrdy zamana.


Goý, gözýaşlar şatlyk üçin seçilsin,

Dert ýaşyn dökdüren adam bet päldir.

Juda agraslaram aglaýar käte,

Bir adam aglasa ejizlik däldir...


Awtor:Agamyradow KemaL.

23.01.2023.

12
27
kemalagamyradow
12.07.2023 00:24

Haýyş edýän ýetim diýmäñ ýetime,

Gazabyna duçar bolaýmañ Allañ...

Saparmyrat Türkmenbaşy.



"Haýyş edýän ýetim diýmäñ ýetime"


Haýyş edýän ýetim diýmäñ ýetime,

Oñ ýürek derdini bilmeýäñiz siz.

Gözlerinde galan ýatlamalarny,

Aslynda hiçiñiz görmeýäñiz siz.


Ynjytmañ ýetimiñ ýarty gursagyn,

Ol gursak ozalam çöken ahyry.

Aldyryp başyndan ol iki täjin,

Dünýäniñ ezýetin çeken ahyry.


Haýpyñyz gelse-de eziz doganlar,

-"Ho:ol duran çagajyk ýetimmiş" diýmäñ,

Birden gulagyna degäýse gürrüñ,

Bar gyzygy gaçýar oñ üçin dünýäñ.


Onuñ üçin zemin-asman arada,

Gitse-de, galsa-da bary bir ýaly.

Ýitirmegne iki eziz ynsanyn,

Günäkäri gara toprak ýer ýaly.


Ol ýere nalyşyn bildirer käte,

Mazaryñ başynda topragy dyrnap.

Çünki oñ astynda eziz käbesi,

Hem kyblasy ýatyr tümlüge ornap.


Ýöne siz ýetime ejizdir öýtmäñ,

Onuñ arkasynda Ýaradan bardyr.

Hem merhum ezizleñ edýän dogasy,

Şol ýetim perzendiñ ýanynda ýardyr.


Oñ başyn enesi sypamaz belki,

Emma perişdeler ogşar başyndan.

Bu dünýäniñ berip biljek howpuny,

Aýlap sowar şol ýetimiñ daşyndan.


Ýene-de siz ýetim diýmäñ ýetime,

Onuñ bar hasratyn gozgaýañyz siz.

Ýetim diýlen çagy nähili duýgy,

Ne bilip nehäde soraýañyz siz...


Awtor:Agamyradow KemaL.

21.01.2023

17
84
kemalagamyradow
11.07.2023 20:15

"Bu tebigat söýülmäge mynasyp"


Bu tebigat söýülmage mynasyp,

Dag deresi, köl, deñizi, derýasy.

Gyşda gary, ýazda elwan gülleri,

Güýzde sary ýapraklaryñ perýady.


Bu tebigat söýülmäge mynasyp,

Geçdi munda ýatlamalañ ilkisi.

Tomusda toraññyñ astynda ýapda,

Ýañlanyp dur çagalygmyñ gülküsi.


Ba:aý hezildi kän düşerdik şo ýa:ba,

Kiçijek torañña eşigmiz asyp.

Şol agrama başyn egýän şahalar,

Bekäpdir ýyllaryñ jepasyn çekip.


Emma welin iki zada gynandym,

Çagalygym ýyllar bilen gidipdir.

Birem şo:ol jülpüldäp düşen ýabymyz,

Gurap galyp içinde çyg ýitipdir.


Her paslyň özüniñ gözelligi bar,

Olam waspyn edilmäge mynasyp.

Ýaby, toraññysy bar zady bilen,

Bu tebigat söýülmäge mynasyp.


Guratmalyñ tebigaty goralyñ,

Hat-da demimiz hem bitip dur şondan.

Ene ýer mährinden gandyryp durka,

Bizem söýgümizi egsmäliñ ondan...


Awtor:Agamyradow KemaL.

16.01.2023.

7
33
kemalagamyradow
10.07.2023 16:16

"Sabr bilen şükür"


Ähli zat ynsana bagly däl munda,

İlki Allah, soñra onuñ ýazgydy.

Başyña dert inse sabyrly bolsañ,

Geler eken Biribardan çözgüdi.


Ýöne biz nalaýas ýazgydymyzdan,

Unudýarys ýagty günleñ geljegin.

Tüm gijede öýkenimiz dolduryp,

Pikir edýäs tüssäñ gussan ýeñjegin.


Pikir etmän sabr bilen şüküri,

Köp bolupdy öz içimden aglanym.

Belki şol sebäpden gaýgymyz köpdür,

Gahary gelýändir Beýik Allanyñ.


Eger şeýle bolsa bagyşla Allam,

Öt günämi köp günäli guluñ men.

Gorap bizi jähennemiñ odundan,

Bize nesip eýle Jennet gülünden...


Awtor:Agamyradow KemaL.

10.12.2022

9
43
kemalagamyradow
29.06.2023 00:16
"Hakykat"

Durmuş ýüzüñ dyrnar aýamaz her wagt,
Dowam etmeli bor ömrüñ solmasa.
Adam diýlen janly bolmasyn kem bagt,
Ömrüñ şonda solar bagtyñ bolmasa.

Her şahyram başlan wagty kämil däl,
Her gazylan çukur suwly käriz däl,
Her mollanyñ imanyda tämiz däl,
Allah diýen päk gursagy bolmasa.

Ýetime Hakdan ýat gol geren bolmaz,
Gyzda görk bolmasa gül beren bolmaz,
Garyp aş paýlasa husytlar almaz,
Tabakda et doly palow bolmasa.

Söýenä söýülmez, söýlenem söýmez,
Käbirem ýygradyr söýenin diýmez,
Söýüp söýlende-de bagt gurup bilmez,
Bu durmuşda ýollary bir bolmasa.

Durmuş ýoly beýikli bor pesli bor,
Iliñ agzy mydam doly gepli bor,
Mährem ene ýanar içi, dertli bor,
Gujagynda gül perzendi bolmasa...

Awtor:Agamyradow KemaL.
05.02.2023.
12
35