kemalagamyradow
27.07.2023 22:33

"Utansyn"


Bu durmuşda utanjy ýok halalyñ,

Harama bulaşan eller utansyn.

Halamazlar dogruçylyñ sözlerin,

Emma ýalan sözlän diller utansyn.


Namys beýik zatdyr,bolmaz hemmede,

Her tüýsli adam bar pany dünýede,

Päk niýet, päk pikriñ bolsun kellede,

Niýeti pis bolan başlar utansyn.


Ojagyñ görküdir edepli zenan,

Kirpigi ok ýaly, gaşlary keman,

Äriñi hasapla başyñda penañ,

Ärini pes gören ýaşmak utansyn.


Dost gerekdir söýenmäge ömürde,

Hossar gerek alýan her bir demiñde,

Bu pelegiñ hupbat salan gününde,

Şolardan ýüz öwren ýüzler utansyn.


Ulaldym men iki merdiñ elinde,

Borjum köpdür şol mertleriñ öñünde,

Hakykaty gizläp ýazsam sözümde,

Goşgy ýazan şahyr ellem utansyn...


Awtor:Agamyradow KemaL.

27.07.2023.

29
104
belki_ertir
28 Iýul 2023
Nähili ajaýyp goşgy, galamyňyz ýiti bolsun!
aikamm
28 Iýul 2023
Wow very good poem👍
kemalagamyradow
28 Iýul 2023
@mandarin, 😊saol
kemalagamyradow
28 Iýul 2023
@indi, sagbolun🙂👍
kemalagamyradow
28 Iýul 2023
@runia, Tanry yalkasyn🙂👍
kemalagamyradow
28 Iýul 2023
@roseee, minnetdar 🙂👍
okayjy
28 Iýul 2023
👍
gulnurtm
28 Iýul 2023
Utanmaly hakyky✔
mandarin
28 Iýul 2023
Berekella şu goşga like goymadygam utany bermeli
ress
27 Iýul 2023
👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.