"Asman bilen zeminiñ ysnyşygy"
Ýagyş ýagýar zemin asman arada,
Gatnaşyk bul örän täsin gatnaşyk.
Belki-de ynsana terbiýe berjek,
Gök, zeminiñ arasynda ysnyşyk.
Toprak suwy sorýar buggarýar ýene,
Bagryndan geçirip tonlarça suwy.
Alan amanadyn gaýtaryp berýär,
Şeýdibem döredýär ullakan bugy.
Döreýär ýene-de täze bulutlar,
Gök asmanda ak ýa gara reñk bilen.
Başymyza hupbat bolup düşenok,
Gezýär olar gök asmanda erk bilen.
Käte gussadanmy bilemok aýan,
Açyk asman garalyga bürenýär.
Ýere aýak basýanlaryñ bolşuna,
Gahary gelýän deý eýmenç elenýär.
Şeýdip ýer ýuwmaga meýilli ýaly,
Ýagýar ýere çekip müñlerçe nagyş.
Käşgä ýer ýüzüni ýuwuşy ýaly,
Adamlañ kalbynam ýuwsady ýagyş...
Awtor:Agamyradow KemaL.
26.02.2023