Haýyş edýän ýetim diýmäñ ýetime,
Gazabyna duçar bolaýmañ Allañ...
Saparmyrat Türkmenbaşy.
"Haýyş edýän ýetim diýmäñ ýetime"
Haýyş edýän ýetim diýmäñ ýetime,
Oñ ýürek derdini bilmeýäñiz siz.
Gözlerinde galan ýatlamalarny,
Aslynda hiçiñiz görmeýäñiz siz.
Ynjytmañ ýetimiñ ýarty gursagyn,
Ol gursak ozalam çöken ahyry.
Aldyryp başyndan ol iki täjin,
Dünýäniñ ezýetin çeken ahyry.
Haýpyñyz gelse-de eziz doganlar,
-"Ho:ol duran çagajyk ýetimmiş" diýmäñ,
Birden gulagyna degäýse gürrüñ,
Bar gyzygy gaçýar oñ üçin dünýäñ.
Onuñ üçin zemin-asman arada,
Gitse-de, galsa-da bary bir ýaly.
Ýitirmegne iki eziz ynsanyn,
Günäkäri gara toprak ýer ýaly.
Ol ýere nalyşyn bildirer käte,
Mazaryñ başynda topragy dyrnap.
Çünki oñ astynda eziz käbesi,
Hem kyblasy ýatyr tümlüge ornap.
Ýöne siz ýetime ejizdir öýtmäñ,
Onuñ arkasynda Ýaradan bardyr.
Hem merhum ezizleñ edýän dogasy,
Şol ýetim perzendiñ ýanynda ýardyr.
Oñ başyn enesi sypamaz belki,
Emma perişdeler ogşar başyndan.
Bu dünýäniñ berip biljek howpuny,
Aýlap sowar şol ýetimiñ daşyndan.
Ýene-de siz ýetim diýmäñ ýetime,
Onuñ bar hasratyn gozgaýañyz siz.
Ýetim diýlen çagy nähili duýgy,
Ne bilip nehäde soraýañyz siz...
Awtor:Agamyradow KemaL.
21.01.2023