Kaka....
Kakada şeýle bir mukaddeslik bar
Patasyn almadyk ýolda ezilýär
Perzentlerini eklän kakalar üçin
Näme üçindir az goşgular ýazylýar
Kakada bar ýürek daglary ýarar
Bize görünse-de şeýle gaharly
Gazabyň içinde gizlenip ýürek
Bu dünýäde ähli zatdan mähirli
Ýamandyr gowudyr näme bolsada
Dirikä ol seniň barlyk baýyňdyr
Kakasyny sylan, Ýaradan sylar
Kakaň bu dünýäde arkadagyňdyr
#Awtor: Nurgeldi Ilgeldigew