Göz ýaşlar näme üçin döreýär eken
Göz ýaşa göwünler ereýän eken
Göz ýaşlar şeýle bir pespäldir welin
Ýüzün aşak salyp ýöreýär eken
Göz ýaşam utansa gizlenýär eken
Ýüzüňde ýitmäge tizlenýär eken
Gussaly mahalyň ýa bagtly wagtyň
Olar saňa derek ýüzlenýär eken
Göwnüňem gözleri deý aglaýar eken
Ýöne ony hiç kim aňmaýar eken
Göwnüne ýaşlary ot bolup çyksa
Diňe öz içini daglaýar eken
Ýöne ony hiç kim aňmaýar eken
#Awtor:🤷