BU ömürde ep eslije zat gördük
Ýakyndanam has mähriban ýat gördük
Özi garyp ýöne göwni şat gördük
Gara ak bolupdyr diýip eşdemok
Kä ondan kä mundan öwüsýär şemal
Azgyna ahyry tapylýar zowal
Öwüt ündew bilen asly bikemal Kemal tapanmyşyn diýip eşdemok
Synlap bu dünýäde töwerek daşy
Eşitsemde her hiliräk myş myşy
Gara gazan ýaly şar gara kişi Duw ak bolaýypdyr dýip eşdemok
Söýýäniň ýalandyr özge ynsany Onuň üçin ýakyp bilmeseň jany Gördüm akmakdyrn diýýän danany
Almaklary beýdiýenin eşdemok
Şeýleräk bu dünýä şeýleräk durmuş
Haýrandyrn akly dolumy ýa boş
Hemmeleriň öz özünden göwni hoş