kadyrowa
11.06.2023 06:24

Kaka....

Kakada şeýle bir mukaddeslik bar

Patasyn almadyk ýolda ezilýär

Perzentlerini eklän kakalar üçin

Näme üçindir az goşgular ýazylýar


Kakada bar ýürek daglary ýarar

Bize görünse-de şeýle gaharly

Gazabyň içinde gizlenip ýürek

Bu dünýäde ähli zatdan mähirli


Ýamandyr gowudyr näme bolsada

Dirikä ol seniň barlyk baýyňdyr

Kakasyny sylan, Ýaradan sylar

Kakaň bu dünýäde arkadagyňdyr


#Awtor: Nurgeldi Ilgeldigew

22
115
kadyrowa
12 Iýun 2023
gula, 👍👍👍👍👍
kadyrowa
11 Iýun 2023
educated, bolya nesip bolsa elim boşaşsa okarn işlirak şu günler👍👍👍
educated
11 Iýun 2023
kadyrowa, Kerim Gurbannepesow Ýalñyzlyk goşgysy soñky iki bendi yazanym. Okap gör gaty gowy goşgy....
kadyrowa
11 Iýun 2023
educated, Awtory kim bu goşgynyň🤔 gowy goşgy👍👍👍👍
kadyrowa
11 Iýun 2023
Akgyz💗, 👍👍👍👍👍
educated
11 Iýun 2023
Ataňy sylamak – halky sylamak.
Mähri köpdür, şonça gazabam köpdür.
Käýýäp sapak bersin, söýüp öwretsin –
Atanyň mekdebi çirksiz mekdepdir.

Şol mekdebi oňat tamamlap bilseň,
Hemişe hemraňdyr Mertlik, Tämizlik.
Ýogsa senden hiç wagt är ata bolmaz –
Mydam gerşiňdedir Betbagt ýalňyzlyk.
Akgyz💗
11 Iýun 2023
👍👍👍👍....❤👏Kakalarymyz ücin😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.