jeren_k
25.05.2023 15:14
Ýüz gülse-de a:gy tutýar gursakda,
Wagty gelip aýralyga çen boldy.
Synpdaşlarym jaň kakylan pursatda,
Soňky gezek bir suratda jem boldy.
Biz gideris ýöne ýatlama galar,
Kimisi şatlykda, kimisi aglar,
Gyzyklydy bize okuwçy çaglar,
Gerek ýerde synpdaşlarym gol boldy.
Ozallar jaň bolsa daşa ylgardyk,
Gülki şatlyk içre ýaýnap ýeňlärdik,
Elde bolsa bu gün jaňy eglärdik,
Ýöne indi on bir ýyla soň boldy.
Mollumlar siz bilen hoşlaşýas bu gün,
Göwne degen bolsak galmasyn düwün,
Çyn ýürekden ötünç soraýar göwün,
Sapaklaryňyz ýolumyza şem boldy.
Güler ýüzüňizde müň derde em bar,
Geljekde ak bagt dileýän hemmä,
Siziň bilen galmak islärdim emma,
Hoş gal mekdep, ine soňky jaň boldy!
Awtor: Şanazar Hydyrow
Uçurymlar, ýoluňyz ak bolsun!✨️🕊
21
192