jeren_k
24.05.2023 18:19
•Awstraliýa (latynça "australis"-günorta) Günorta ýarym şarda ýerleşýän materik diýildigidir.

•Arktika (grekçe "arktikos"-demirgazyk) Ýer şarynyň demirgazyk bölegi manysyndadyr.

•Antarktida (grekçe "anti"-garşy we "arktikos"-demirgazyk) Demirgazygyň garşysynda ýerleşýän kontinent, Ýer şarynyň günorta bölegi diýildigidir.

•"Aziýa" hem "Ýewropa" sözleriniň manysynda düşünmek üçin bolsa Assiriýa tarap ugralyň. Olary ikisi-de bir dilden gelip çykan we biri-biri bilen baglanyşykly bolmaly. Assiriýalylaryň dilinde "asu"-gündogar, "ereb"-günbatar diýmekdir.

•Amerika-Amerigo Wespuççiniň (1499-1504-nji ýyllarda Günorta Amerikanyň kenarlaryna ençeme gezek ispan-portugal ekspedisiýalaryna gatnaşan adam) hatyrasyna kartografiýaçy M.Walmdzemýuller 1507-nji ýylda şol täze açylan ýere Ameriko(W.Amerigo) diýip at beripdir.
13
64
Dovlet Ashyrov
25 May 2023
👍👍👍....
atakulyyewa_humay
25 May 2023
Ýene bellemeli zat, Demirgazyk Amerika hem kartada ilkinji gezek Gerard Merkator tarapyndan 1538-nji yylda atlandyrylýar...
atakulyyewa_humay
25 May 2023
Afrika materigi barada maglumat ýokmy?!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.