jeren_k
21.05.2023 10:18
•Iň uzaga çeken küşt oýny 1989-njy ýylda Belgradda oýnalyp, ol 20 sagatdan gowrak dowam edipdir. Oýnuň dowamynda 269 göçüm edilip, ol deňe-deň tamamlanypdyr.

•Ilkinji iri möçberli küşt ýaryşy 1575-nji ýylda Madridde ispan koroly Filipp II-niň howandarlygy bilen geçirilipdir.

•Küşt oýnunda her tarap üç göçüm edeninden soň, mümkin bolan göçümleriň örän köpdügi anyklanypdyr.

•Küşt oýnamaga ukyply ilkinji kompýuter programmasyny 1958-1959-nji ýyllarda Massaçusets tehnologik institutyndan Aleks Bernşteýn taýýarlapdyr.

•Psihologlar küşt oýnamagy adamyň ýadyny ösdürmegiň ygtybarly usuly hasaplaýarlar. Şeýle-de bu oýun çylşyrymly meseleleri çözmäge, täze pikirleri orta atmaga hem ýardam berýär.
22
207
jeren_k
22 May 2023
🙄....
jeren_k
22 May 2023
shamko, 👍
jeren_k
22 May 2023
shamko, Ýok
jeren_k
21 May 2023
shamko, Jeren Lb
jeren_k
21 May 2023
shamko, Bolýa
jeren_k
21 May 2023
shamko, Hawa, täze. Arada açypdym ýöne köpden bäri giremokdym
jeren_k
21 May 2023
shamko, Salam!
olia
21 May 2023
okyjy dz, chess.comdan owrenip bolya programmasam ba
okyjy dz
21 May 2023
Bilýän adam tapamok,ýogsa öwrenjek,maglumatlar gyzykly👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.