jeren_k
25.05.2023 15:14
Ýüz gülse-de a:gy tutýar gursakda,
Wagty gelip aýralyga çen boldy.
Synpdaşlarym jaň kakylan pursatda,
Soňky gezek bir suratda jem boldy.

Biz gideris ýöne ýatlama galar,
Kimisi şatlykda, kimisi aglar,
Gyzyklydy bize okuwçy çaglar,
Gerek ýerde synpdaşlarym gol boldy.

Ozallar jaň bolsa daşa ylgardyk,
Gülki şatlyk içre ýaýnap ýeňlärdik,
Elde bolsa bu gün jaňy eglärdik,
Ýöne indi on bir ýyla soň boldy.

Mollumlar siz bilen hoşlaşýas bu gün,
Göwne degen bolsak galmasyn düwün,
Çyn ýürekden ötünç soraýar göwün,
Sapaklaryňyz ýolumyza şem boldy.

Güler ýüzüňizde müň derde em bar,
Geljekde ak bagt dileýän hemmä,
Siziň bilen galmak islärdim emma,
Hoş gal mekdep, ine soňky jaň boldy!

Awtor: Şanazar Hydyrow

Uçurymlar, ýoluňyz ak bolsun!✨️🕊
21
192
Dovlet Ashyrov
25 May 2023
👍👍👍....
senorita
25 May 2023
atakulyyewa_humay, hawa her kim soñky jañ bilen başagaý bolupdyr 😁
atakulyyewa_humay
25 May 2023
senorita, şu wagta çenli hiç kim belläp geçmändir, şu wagt gördüm siz post paýlaşypsyňyz...
senorita
25 May 2023
atakulyyewa_humay, ony ýatlaman bolmaza)
atakulyyewa_humay
25 May 2023
Bu gün hemme agzalar diňe soňky jaň baýramçylygy barada post goýupdyr, ýöne näme üçindir hiç kim Aşgabat şäheriniň günini ýatlamandyr...🤔😐
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.