jemal_seyitniyazowa
03.12.2022 13:22
Hezreti Ömeriň yanyna bir adam gelip: Meniň bir gyzym bar jahyllyk döwründe ony gömdüm soňra yzyna çykaryp, biz maşgala bolup iman etdik.
Soňra gyzym bir ýalňyş iş etdi, menem oňa jeza berdim soňundan puşman boldy ýöne psihikasy bozuldy janyna kast etjek boldy bir damaryny kesdi. Bizem ony halas etdik. Gyzym köp gezek toba etdi we gün boldy gyzyma guda geldi. Menem gudalara gyzymyň öňki  durmuşyny aýtdym. Ýalňyş edipdirnmi.. diýensoň. Hezreti Ömeriň gahar gazapdan gözleri gan çanagyna döndi. "Eý adam! Eger ol gyzyň öňki ýalňyşlaryny toba edip bagyşlanmalaryny başga bir kişä aýtjak bolsaň birinji seni jezalandyrarn! indi git ol gyzyňy beýleki päk arassa gyzlar ýaly nikala we onuň bagtly bolmagy üçin dileg et." ,diýip ol adamy ugratdy.
24
125
jemal_seyitniyazowa
jemal_seyitniyazowa
02.12.2022 10:11
Puluň bize näme üçin gereklidigini bilşimiz ýaly, imanyň hem biz üçin gereklidigini bilsedik. ▪︎ Uka giden bu asyry, bir gün hakykat oýarmanka oýanalyň! ▪︎ #nusga
jemal_seyitniyazowa
jemal_seyitniyazowa
30.11.2022 19:32
Öýüň öňünde awtobusa münüp awtobusuň çaltyrak ugramagyna garaşýaryn. Awtobusdan gijä galarn diýip suw almagy unudupdyrn dilim, damagyma ýapyşdy. Awtobusuň gapysyndan dogumlyja çaga girdi 10-12
jemal_seyitniyazowa
jemal_seyitniyazowa
29.11.2022 17:46
Dogabitdi aýaklary ysmaýan gyzym 3 ýaşyna geleninde, kaka maňa aýak alsana diýen pursady 32 ýylym başyma ýykylypdy.
jemal_seyitniyazowa
26.11.2022 22:02
Öwrenmeli agzalarynyň teswirlerinden...
Toplanyp ýazylan Post!


Durmuş hem edil kitap ýaly, bir bölümi gutaransoň, beýleki bölümüni okap başlaýarys. (Paradise) agza.

Abraý puldan belentdir! (❤Gülhanym❤) agza.

Zenanlara düşünüp bilen henize çenli ýokdur. (Moana) agza.

Bardyr adam, adamlaryň nagşydyr. (İdeallider) agza.

Bagyşlamak, güýçli adamlara mahsus häsiýet. (Baýram Bejidow) agza.

Çagalar bilen wagt geçiren mahalyň aladalar ýatdan çykýar. Olara sorag bereniňde päk ýüreginden jogap berýärler, olar günäsizje. (Crazy) agza.

Saglyk sag adamlaryň başyndaky täjidir, ýöne ony diňe ýarowsyzlar görüp bilýär. (Gülşat Ataýewa97 ) agza.

Öleňsoň mazar daşda däl, ýüreklerde adyň bolsun. (Ylham_Gurbanaly ) agza.

Garyp maşgalada dogulanyň üçin sen günäkär däl, garyp bolup ölmek bu seniň öz ýalňyşyň.  (Unknown_12 ) agza.

Çaga seretmek üçin, esasy gerek zat mähir we sabr. Çagalar bir iş edeninde erwet iş diýip etmeýärler. Gowy iş diýip edýärler. (Marýam) agza.

Pul bagt getirenok diýmäň. (Rova) agza.

Her zatda owadanlyk bardyr, ýöne ony her kim görüp bilmez! (Melek06) agza.

Sowgady beren adamyňa, beren adamyňam näme maksat bilen alanyna bagly, zadyň tapawudy ýok. (Relax) agza.

Hiç zat ýöne ýere ýaradylan däldir ýa-da ýöne ýere döremeýär hökman bir sebäbi bar. (Wolf) agza.

Her bir hekaýanyň, bolup geçen wakanyň iki tarapy bar. Olaryň ikisi hem diňlenmäge hakly. (Olia) agza.

Görüplik etmäň. Bu durmuşuň lezzetini şonda dadarsyňyz. (Güli_ ) agza.

Her bir zat gowlugadyr. Her bir ownuk zatlardan begenmäni öwreniň, tötänleýin bolan zat ýokdur.(İneedyoutostay) agza.

Gowy tarapyndan seretseňiz, hemme zadam gowy. (Myrataly) agza.

Dünýäň gurluşy şeýle, bu günki zatlar ertir ýok. Esasy kalplar päk bolsun we päklikde ýatlanalyň. (Köwser) agza.

Söýeni söýmek söýgi däl, alyş-çalyşdyr. (A.T-Khalifa) agza.

Iki hakykat bardyr 1-nji ene göz ýaşy 2-nji çaga gülküsi. (Imissyou) agza.

Esasy ýykylanyňda turmaga synanşmaly. (Bitter) agza.

Pul bilen bagtly bolýanlar uzaga gitmez. Edil ýangyjy gutaran ulag ýaly bolar. (SerdarMyradov) agza.

Zenanlar; erkeklerden mydama 1 ädim öňdedirler. (Ovezova_ ) agza.

Kynçylyk görmedik adam, parahat durmuşuň gadryny bilmez (Serwi) agza.

Adam söýmäge başladymy, şol bir wagtyň özünde ýaşamaga-da başlar. (Arzuw_Şaýymova) agza.

Ara näçe daş bolsa-da ýürekler ýakyndyr. (Aý_kız_ ) agza.

Sabrly adam iň bagtly adam. (Ebru) agza.

Diňe özüňden ökdäni däl, adam hökmünde hemmäni hormatlamaly. (Hangeldi Amanberdiýew) agza.

Bir-birine wepaly iki ýürek bar bolsa, onda aradaşlygyň ähmiýeti ýokdur. (Melisa) agza.

Islendik käri saýlanyňda-da ilki adamçylyk  gerek. (Melisa) agza.

Aslynda söýgi sözlerde däl gözlerde görünýär.(Zoluşka) agza.

Işiň aňsat tarapyny ýalta adam tapar. (Ylham_1989) agza.

Hyýal, arzuw, isleg biziň ýaşamagymyza sebäpdir. (Barlagçy) agza.

Adamlaryň arasynda bize diňe maşgalamyz adalatly bolup biler. (Best_person) agza.

Uly baýlyk, ene-ataň barlygy. (Dream_) agza.

Adam käte öňünde duran, bagt guşuny eli bilen uçurýar. (Olka) agza.

Gowylaryň gerek bolşy ýaly erwetlerem gerekli. Sebäbi şol erwet zatlardan soňra gowluklara düşünüp bilýäris. (Gül....) agza.

Hemme şahyrlar saňa aşykmydy? Her okan goşgymda sen barsyň! (Violinist) agza.

Iň gowy ar alyş, ilki ony birinji gezek görýän ýaly bolup gujaklap, hal ahwal soraşmakdyr. (🤪CrAzYGiRl🤪) agza.

Düýnüň taryh bolar, ertiriň geljek. (Sähet_Aşyrov) agza.

Seniň begenjegiňe, gynanjaklar juda kän. (Maral) agza.

Adalat ýok diýme, döretjek bolgun. (Içki_ dünýäm_official) agza.

Bagtly bolsaň sessiz bolmaly, çünki töweregimiz görüplerden doly. (Perişdejik) agza.

Hemme zadyňam öz nesibeli güni bardyr.  (Butterfly) agza.

Nähili ýagdaý bolanda-da özümize erk edip bilmek gerek. (Runia) agza.

Postdan adyny tapyp bilmedik agzalar gaty görmäň🙁 köpiňiz teswir ýerine stikerler ullanýan ekeniňiz teswir tapyp bilmedim.! Tapan teswirlerimem post üçin däldi!
Käbir sebäpler üçin teswirleri ýapyp goýýaryn👍🏻.

Ady agzalmadyk agzalar. Belki ýene şeýle postuň dowamy bolar elbetde siziň owadan teswirleriňiz bilen❤🙈

Öwrenmeli bilen galalyň:)
44
231
jemal_seyitniyazowa
25.11.2022 10:28
Täze çykan düwürtügi nädip aýyryp bolar?
Bu aşakdaky ýazylanlary ýerine ýetirmänkäňiz, ýüzüňizi sabynlap ýuwmagy unutmaň! Ýuwanyňyzdan soňra plantensa bilen guradyň.
Ýene peýdaly bir zady aýdyp geçeýin ýüzüňizi platensa süpüreniňizde ýüzüňizi ýuwaşjadan basyp-basyp suwuny aýyryň!
Düşündirip bilendirn diýip umyt edýärin👍🏻

Bir diş sarymsagy alyp gabygy bilen stoluň üstünde goýuň ýumruguňyzyň güýji bilen sarymsagy eziň(mynjyradyň) ýüzüňizdäki düwürtük bar bolan ýere ezilen sarymsagy gabygyndan alyp bir bölegini düwürtügiň üstünde goýuň(Ýöne çalsaňyzam bolar goýmaga gorksaňyz). 10 minut saklap ýüzüňizi ýuwuň. Eger sarymsagy çalan wagtyňyz düwürtügiň töweregi gyzaryp başlasa 5minutdan köp saklamajak boluň. Sarymsak deriňizi ýakyp biler. Seresap boluň! Men muny 2 gün edenimde täsirini görkezipdi. Ýöne gurak ýüzliler üçin howplyrak bolup biler.
Sarymsagy pyçak bilen hem kesip edip bolar ýöne pyçak demir bolany üçin sarymsak täsirini ýitirýän eken.

Elin, azotsyz klubnikadan 2 sany alyp 2 kiçi çemçe hakyky ary baly bilen tahta çemçejikde ýa-da eliňizde eziň(mynjyradyň) demir çemçe ulanaýmaň.
Ýüzüňize çalyň ýüzüňizde 25 minut saklap ýuwuň. Klubnika bilen ary bal hiç gorkuly däldir arkaýyn ulanyp bilersiňiz ary bal ýüzüňizdäki agyrylary hem aýyrmaga kömek eder. Hem-de düwürtükleriňiz ýitip gider.

Siz hem peýdalaryny görüň..❤..
61
739
jemal_seyitniyazowa
jemal_seyitniyazowa
19.11.2022 11:36
Agzyňda 32 diş bar 50 ýyl ullandyň habaryň bolmady..
jemal_seyitniyazowa
jemal_seyitniyazowa
18.11.2022 10:53
Ugandanyň alymlary; ukyňyz tutsa ýatmagyňyzy maslahat berýärler.
jemal_seyitniyazowa
jemal_seyitniyazowa
16.11.2022 09:35
Syn etdim... Gurply adamlar; ýagdaýy pes adamlaryň aýtmaga, ýazmaga çekinýän zadyny aňsatlyk bilen beýan edip bilýär... #ozpikirim 9:37...♡
jemal_seyitniyazowa
jemal_seyitniyazowa
15.11.2022 12:04
Psihologlara görä sosiallykdan uzak durýan her adam "Asosial" diýip pikir edilmeli däl. Aslynda 8 kişiden 1'i "Ýalançylara kanagat edip bilmänsoň" ýekeligi saýlaýan eken. Emile