jemal_seyitniyazowa
30.11.2022 19:32
Öýüň öňünde awtobusa münüp awtobusuň çaltyrak ugramagyna garaşýaryn.
Awtobusdan gijä galarn diýip suw almagy unudupdyrn dilim, damagyma ýapyşdy.

Awtobusuň gapysyndan dogumlyja çaga girdi 10-12 ýaşlarynda üsti başy halys ýagdaýda elinde özüniň ýarty boýyndan bolan suw gaby bilen...

-Suw isleýän barmy, diýip sorady?
-Birini ber ýaş ýigit, diýdim.

Ol suwy getirýärkä pulumy barladym uşak pulum galmandyr. Bäş manat berdim, kiçijek çaganyň alnyndan akýan der, hakykatdanam köpçüligiň unudan alyn derini süpürdi. We elini jübüsine atdy onuňam iki manat uşak puly bar eken.

- Bolýar diýdim ýaş ýigit galsyn bäş manat.
-Ýok diýdi gidip uşadyp gelern derrew.
-Onda iki manadyňy ber beýlekiler galsyn.
-Olam bolmaz suw bir manat!.. diýdi.
-Bolýar zyýany ýok bergiň bolsun maňa.
-Men bergili bolmarn. Hökman birimiz bergili bolmaly bolsak al suwy sen bergili bol.
-Bolýar diýdim gaharlanma ine al puly uşadyp gel.
-Ýok. Men gelýänçäm awtobus gitmegi mümkin al öz puluňy men öz pulumy uşadyp gelern.
-Awtobus gitse men näme etmeli? diýdim.
-Seniň puluň mende galsa sen ýaly men hiçkime berip bilmern. Ýöne ýollarda meniň ýaly suw satýan çagalar köp! Sen maňa berip bilmeseň olara berersiň iň soňy hemmämiziň ykbalymyz meňzeş.

Gözlerim ýaşly-ýaşly seretdim bäş manat elimde...
Gitdi öz puluny uşatdyryp geldi maňa dört manady berdi başyny sypaladym.
-Bir günde näçe sany suw satýarsyň? diýdim.
-200-e golaý, diýdi. Ýöne bu gün seniň bilen biraz eglendim hemem başga wajyp işim bardy.
-Ol näme üçin? diýdim.
-Suwum gutarypdy suw almak üçin gitdim. Seretdim Juma namazy wagty bolupdyr. Namazymy okadym suw alyp zordan ýetişdim.
- Bolýar, diýdim. Bu günki gazananlaryň ýetermi saňa?

We biziň bolluk içinde unudup ýatlamaýan bir sözümizi aýtdy.
"AZYŇ BEREKETI BOLARMYŞ"
-Diýerdi kakam.
-Kakaň nirede? diýdim.
-"Şehit boldy, Şehidiň ogly men" diýdi...

Men aglaýardym bütin awtobusdakylar bize seredýärdi. Şeýdibem sürüji geldi we "sagbol" diýdi kiçijek Ada'm.

-Maňa dileg edip berersiňmi? diýdim.
-Bolýar ýöne senem maňa, ejeme we jigime etmelisiň. Hassa bolmaz ýaly we her gün dok, asuda ýatyp turaly diýip...
-"Bolýar!". Söz berýän...diýdim.

Bu dört manady bir ömür ýanymda göterjek her isrip edenimde seredip isripden saklanarn nesip bolsa...

Men
Bu gün
Durmuşumuň sapagyny aldym
Hemde
Iň hakykysyndan...

Dünýä iň soňy geçiji yzymyzda goýan owadan ahlagymyz bizi mydama ýatladyp durar. Bir öýüm bolsa bolýar diýers ol bolansoň has gowy maşynym bolsun diýers. Şeýlelikde adam doýmak bilmeýän bir nebse eýe. Asyl baýlyk kanagat etmekde. Näme-de bolsa bu dünýä synag dünýäsi...

Iň orginalyndan...

33
183
Myhman Myhman
3 Dekabr 2022
Berekella
aymekel
2 Dekabr 2022
Haladym kabir adamlara degisli,👍👍
wolf
1 Dekabr 2022
We şeýle ýigit oglan şeýle adam galypdyrmy 5 manat bersek 1 suw geler ýöne 4 manady jübä soraman
wolf
1 Dekabr 2022
Aslynda açlyk, garyplary doýuryp bilmeýänligimiz üçin däl, baýlary doýuryp bilmeýänligimiz üçin gutarmaýar.
Oʀᴀᴢᴢɪ
30 Noýabr 2022
Gaty gowy post
Lalın
30 Noýabr 2022
Elernize saglyk gaty manyly post paylasanyz ucin kop sag bolun👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.