Öwrenmeli agzalarynyň teswirlerinden...
Toplanyp ýazylan Post!
Durmuş hem edil kitap ýaly, bir bölümi gutaransoň, beýleki bölümüni okap başlaýarys. (Paradise) agza.
☆
Abraý puldan belentdir! (❤Gülhanym❤) agza.
☆
Zenanlara düşünüp bilen henize çenli ýokdur. (Moana) agza.
☆
Bardyr adam, adamlaryň nagşydyr. (İdeallider) agza.
☆
Bagyşlamak, güýçli adamlara mahsus häsiýet. (Baýram Bejidow) agza.
☆
Çagalar bilen wagt geçiren mahalyň aladalar ýatdan çykýar. Olara sorag bereniňde päk ýüreginden jogap berýärler, olar günäsizje. (Crazy) agza.
☆
Saglyk sag adamlaryň başyndaky täjidir, ýöne ony diňe ýarowsyzlar görüp bilýär. (Gülşat Ataýewa97 ) agza.
☆
Öleňsoň mazar daşda däl, ýüreklerde adyň bolsun. (Ylham_Gurbanaly ) agza.
☆
Garyp maşgalada dogulanyň üçin sen günäkär däl, garyp bolup ölmek bu seniň öz ýalňyşyň. (Unknown_12 ) agza.
☆
Çaga seretmek üçin, esasy gerek zat mähir we sabr. Çagalar bir iş edeninde erwet iş diýip etmeýärler. Gowy iş diýip edýärler. (Marýam) agza.
☆
Pul bagt getirenok diýmäň. (Rova) agza.
☆
Her zatda owadanlyk bardyr, ýöne ony her kim görüp bilmez! (Melek06) agza.
☆
Sowgady beren adamyňa, beren adamyňam näme maksat bilen alanyna bagly, zadyň tapawudy ýok. (Relax) agza.
☆
Hiç zat ýöne ýere ýaradylan däldir ýa-da ýöne ýere döremeýär hökman bir sebäbi bar. (Wolf) agza.
☆
Her bir hekaýanyň, bolup geçen wakanyň iki tarapy bar. Olaryň ikisi hem diňlenmäge hakly. (Olia) agza.
☆
Görüplik etmäň. Bu durmuşuň lezzetini şonda dadarsyňyz. (Güli_ ) agza.
☆
Her bir zat gowlugadyr. Her bir ownuk zatlardan begenmäni öwreniň, tötänleýin bolan zat ýokdur.(İneedyoutostay) agza.
☆
Gowy tarapyndan seretseňiz, hemme zadam gowy. (Myrataly) agza.
☆
Dünýäň gurluşy şeýle, bu günki zatlar ertir ýok. Esasy kalplar päk bolsun we päklikde ýatlanalyň. (Köwser) agza.
☆
Söýeni söýmek söýgi däl, alyş-çalyşdyr. (A.T-Khalifa) agza.
☆
Iki hakykat bardyr 1-nji ene göz ýaşy 2-nji çaga gülküsi. (Imissyou) agza.
☆
Esasy ýykylanyňda turmaga synanşmaly. (Bitter) agza.
☆
Pul bilen bagtly bolýanlar uzaga gitmez. Edil ýangyjy gutaran ulag ýaly bolar. (SerdarMyradov) agza.
☆
Zenanlar; erkeklerden mydama 1 ädim öňdedirler. (Ovezova_ ) agza.
☆
Kynçylyk görmedik adam, parahat durmuşuň gadryny bilmez (Serwi) agza.
☆
Adam söýmäge başladymy, şol bir wagtyň özünde ýaşamaga-da başlar. (Arzuw_Şaýymova) agza.
☆
Ara näçe daş bolsa-da ýürekler ýakyndyr. (Aý_kız_ ) agza.
☆
Sabrly adam iň bagtly adam. (Ebru) agza.
☆
Diňe özüňden ökdäni däl, adam hökmünde hemmäni hormatlamaly. (Hangeldi Amanberdiýew) agza.
☆
Bir-birine wepaly iki ýürek bar bolsa, onda aradaşlygyň ähmiýeti ýokdur. (Melisa) agza.
☆
Islendik käri saýlanyňda-da ilki adamçylyk gerek. (Melisa) agza.
☆
Aslynda söýgi sözlerde däl gözlerde görünýär.(Zoluşka) agza.
☆
Işiň aňsat tarapyny ýalta adam tapar. (Ylham_1989) agza.
☆
Hyýal, arzuw, isleg biziň ýaşamagymyza sebäpdir. (Barlagçy) agza.
☆
Adamlaryň arasynda bize diňe maşgalamyz adalatly bolup biler. (Best_person) agza.
☆
Uly baýlyk, ene-ataň barlygy. (Dream_) agza.
☆
Adam käte öňünde duran, bagt guşuny eli bilen uçurýar. (Olka) agza.
☆
Gowylaryň gerek bolşy ýaly erwetlerem gerekli. Sebäbi şol erwet zatlardan soňra gowluklara düşünüp bilýäris. (Gül....) agza.
☆
Hemme şahyrlar saňa aşykmydy? Her okan goşgymda sen barsyň! (Violinist) agza.
☆
Iň gowy ar alyş, ilki ony birinji gezek görýän ýaly bolup gujaklap, hal ahwal soraşmakdyr. (🤪CrAzYGiRl🤪) agza.
☆
Düýnüň taryh bolar, ertiriň geljek. (Sähet_Aşyrov) agza.
☆
Seniň begenjegiňe, gynanjaklar juda kän. (Maral) agza.
☆
Adalat ýok diýme, döretjek bolgun. (Içki_ dünýäm_official) agza.
☆
Bagtly bolsaň sessiz bolmaly, çünki töweregimiz görüplerden doly. (Perişdejik) agza.
☆
Hemme zadyňam öz nesibeli güni bardyr. (Butterfly) agza.
☆
Nähili ýagdaý bolanda-da özümize erk edip bilmek gerek. (Runia) agza.
☆
Postdan adyny tapyp bilmedik agzalar gaty görmäň🙁 köpiňiz teswir ýerine stikerler ullanýan ekeniňiz teswir tapyp bilmedim.! Tapan teswirlerimem post üçin däldi!
Käbir sebäpler üçin teswirleri ýapyp goýýaryn👍🏻.
Ady agzalmadyk agzalar. Belki ýene şeýle postuň dowamy bolar elbetde siziň owadan teswirleriňiz bilen❤🙈
Öwrenmeli bilen galalyň:)