Hezreti Ömeriň yanyna bir adam gelip: Meniň bir gyzym bar jahyllyk döwründe ony gömdüm soňra yzyna çykaryp, biz maşgala bolup iman etdik.
Soňra gyzym bir ýalňyş iş etdi, menem oňa jeza berdim soňundan puşman boldy ýöne psihikasy bozuldy janyna kast etjek boldy bir damaryny kesdi. Bizem ony halas etdik. Gyzym köp gezek toba etdi we gün boldy gyzyma guda geldi. Menem gudalara gyzymyň öňki durmuşyny aýtdym. Ýalňyş edipdirnmi.. diýensoň. Hezreti Ömeriň gahar gazapdan gözleri gan çanagyna döndi. "Eý adam! Eger ol gyzyň öňki ýalňyşlaryny toba edip bagyşlanmalaryny başga bir kişä aýtjak bolsaň birinji seni jezalandyrarn! indi git ol gyzyňy beýleki päk arassa gyzlar ýaly nikala we onuň bagtly bolmagy üçin dileg et." ,diýip ol adamy ugratdy.