ilova
22.09.2023 09:00

Logika boyuncha egzamin gidip dur.

Professor;

Ucharyn ichinde 500 sany kerpich bar.Onun biri yere gachyp galyar.Ucharda nache kerpich galyar?

Talyp;

Ol ansada 499 galyar.

Professor;

Dogry.Indiki sorag.

Uch adimde nadip pili holodilnige salmaly?

Talyp;

1.Holodilnigi achmaly.2.Pili salmaly.3.Holodilnigi yapmaly.

Professor;

Yzy,nadip 4 adimde keyigi holodilnige salmaly?

Talyp;

1.Holodilnigi achmaly.2.Pili chykarmaly.3.Keyigi salmaly.4.Holodilnigi yapmaly.

Professor;

Berekella.Indiki sorag.Hayvanlaryn shasy yolbarsyn doglan guni . Gutlamana ony hemme hayvanlar geldi,yone dine biri galdy.Name uchin?

Talyp;

Sebabi keyil entagem holodilnikde.

Professor;

Gaty dogry.

Garry dayza krokodilli batgalykdan gechip bilyami?

Talyp;

Hovva.Sebabi hemme krokodiller yolbarsyn doglan gununde.

Professor;

Bolyar indi in sonky sorag. Garry dayza bosh batgalykdan gechdi.yone ol shonda da oldi.

Name uchin?

Talyp;

-Ayy em-m-m gark bolan bolaymasa.

Professor;

Gynansakda yalnysh.Dayzan kellesine halki kerpich gachdy.

Ekzamine tazeden gelay.

23
155
ilova
21.09.2023 08:42

Salam hemme agzalar ertiriniz hayyrly bolsun gununiz shovly saglykly shatlykly bereketli ustunlikli gun bolsun🥰

18
24
ilova
19.09.2023 08:50

Bir gun mugallym ak kagyzy alyp ortasyna gara nokat chekipdir...

Okuvchylarna yuzlenip ,,Bu kagyzda name goryaniz?" diyip sorapdyr.Birinji okuvchy:"Nokat".Ikinji okuvchy:"Gara nokat". Uchunji okuvchy:"Uly gara nokat".Mugallym okuvchylarna yuzlenip:"Goryanizmi okuvchylar,sizin hemmaniz kichi nokady gorduniz,emma hichiniz bolsa ak kagyza uns bermediniz .Edil durmushda hem sheyle bolya ,biz adamlara olaryn kichi kemchilikleri boyuncha baha beryaris .Govy taraplarny bolsa gormezden gelyaris".

21
87
ilova
18.09.2023 10:52

Gözel Diýarymyzyň Garagum sährasyndaky köp ýyllardanbäri ody sönmeýän Derweze gaz krateridir. Ol “Garagum ýalkymy” diýlip atlandyryldy.




“Garagum ýalkymynyň” täsinlikleri barada gysgaça…


Derweze irki döwürlerde gazylyp alynýan peýdaly baýlyklara hem baý ýer. Derweze sebitinde tebigy taýdan arassa kükürdi gazyp almak işi amala aşyrylypdyr. 1929-njy ýylda Derweze ýaýlasynda kükürt zawodynyň düýbi tutulypdyr.



Mundan başga-da, geologlar tarapyndan gaz käniniň hem üstünden barlypdyr. Bu ýerlerde ylmy-barlag işleri geçirilip, buraw işleri amala aşyrylypdyr.

Buraw işleri geçirilen pursatynda garaşylmadyk tebigy hadysa emele gelipdir. Göz-açyp ýumasy pursatda çuň guýy emele gelipdir. Onuň çuňlugy 20 metre, giňligi 60 metre barabardyr.



Geologlar daş-töwerege gaz ysynyň ýaýrap başlandygy duýup, gazyň düzümindäki zäherleýji maddalar janly-jandara zeper ýetirmez ýaly, onuň ýakylýandygyndan ugur alyp, ony ýakmak babatda karara gelnipdir. Şeýlelikde ol müdimi ýanýan oda öwrülipdir.

Häzirki wagtda “Garagum ýalkymy” ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Guýuda ýanýan oduň alawynyň 10-15 metr belentlige galýandygyny ony synlamaga gelýänlerde örän täsin duýgulary döredýär.

Tebigy ýanýan “Garagum ýalkymy” Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatdan 270 kilometr daşlykda, Ýerbent obasyndan, takmynan, 90 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Bu ýerde türkmen alymlary indi 50 ýyldan bäri ylmy-gözleg işlerini alyp barýarlar.



2013-nji ýyldan türkmen hünärmenleri kanadaly kärdeşleri bilen bilelikde 500 derejedäki gyzgynlyga çydamly ýörite enjamlary ulanyp, krateriň düýbüne düşüp, ylmy-gözleg işlerini amala aşyrdy.

Onuň düýbünden alnan topragyň düzümini öwrenmek arkaly adaty tebigatda ýaşamaga ukypsyz, diňe aýratyn şertlerde ýaşaýan janly bakteriýalaryň bardygy ýüze çykaryldy. Bu tapyndy astrobiologiýa ylmy üçin örän wajypdyr. Gün ulgamyndan daşardaky planetalarda ýaşamak üçin bar bolan şertler şu ýerdäki gaz krateriniň şertlerine meňzeşdir.



Ýarym asyrdan bäri sönmän ýanyp duran krater dünýä jemgyýetçiliginde-de uly gyzyklanma döretdi. Dünýäniň köp sanly internet neşirlerinde bu barada makalalar çap edildi. Galyberse-de, durmuşda gezip görmegi maslahat berilýän esasy syýahatçylyk merkezleriniň birine öwrüldi.

27
89
ilova
17.09.2023 19:47

🍇 Amerikanyn Wirjiniya ştatynyn yaşayjylary Karolina we Ralf Kamminsin maşgalasynda 7 çaga bar .Olaryn başisinin doglan guni 20-nji fewraldyr.Yok olar başem çaga dal . Olar durli yyllarda şol bir gunde doglupdyr.

🍇 Doñuñ dykyzlygy betonyn dykyzlygyna deñeçerdir.

🍇 Ortaça bir ayal ömrünin dowamynda 2 kg dodak pomadasyny ulanyar.

🍇 Iñ uly sana sentilon diyilyar.Bu sanyn 600 sany noly bar. Ol 1852-nji yylda yazylypdyr.

🍇 Dünyâde in meşhur zenan ady Annadyr.Hazir milliona golay zenan şol ady goteryar.

🍇 Elektrik akymynyn islendik bir nokadyndan 1 sekundyn dowamynda 6 242 000 000 000 000 000 sany elektronlar geçyar.

🍇 Adamlaryn 97 goterimi eline taze ruçka alanynda,ilki bilen,oz adyny we familyasyny yazyar.

🍇 Beyik Hytay diwaryny diwar kagyzlary bilen yapmak üçin 15 840 000 sany kagyz düyrmegi gerek bolar

32
367
ilova
16.09.2023 07:36

Salam hemmäňize



Erkek adam aýalyny juda söýýär, hemde şeýle bir gawanýardy. Günortan öz iş ýerinde nahar berilsede, her öýlän uzyn ýoly geçip öýüne gelýärdi. Aýaly bilen birlikde nahar iýýärdi. Aýaly, ärini diňe nahar iýmek üçin gelýändir diýip pikir edýärdi. Bilmeýän zady bardy aýalynyň, äriniň her gün aýalyna göz aýlap gitýänini bilmeýärdi.


Elbetde äri gelibem, öýünde aýalyny tapmadyk wagta çenli.

Gapyny açyp seslendi aýalyndan ses ýok...Her otaga aýlanyp çykdy,ýok..ýok..ýok. Telefonyna jaň edip gördi. Aýalynyň telefony öçürilipdir. Birden pikirlendi, aýalym meni aldatýar diýip pikir etdi. Hemme tanyşlaryna jaň edip gördi maşgalasyna, dostlaryna, goňşularyna hiçkim görmändir aýalyny. Sagatlar geçýär aýalyndan habar-hatyr ýokdy. Agşam boldy erkek adam öýünde kellesinde garyşan pikirler bilen umytsyz halda otyrdy.

Şeýdip bir gije geçdi, daň atdy aýaly gelmedi. Erkek adam özüne adwokat tutunyp aýaly bilen aýrylyşmagy karar berdi, indi dolanyp gelmeýär, geler ýaly ýüzi ýok. Aýalym meni aldatýar diýip dawa açdyrmaga gitdi.


Öýûne gelende aýalyna degişli näme ba bolsa surat, eşikleri hemmesini ýakdy. Telefona jaň geldi.

Erkek adam: Alo diýdi.

Telefondaky: Salam ertiriňiz haýyrly bolsun. Men ( plan ) hassahanadan jaň edýärin. Bir gün mundan öň hassahanamyza ýaralanan bir ýaş aýaly getirdiler. Şükürler bolsun şuwagt özüne geldi bolsada. Siziň adyňyzy aýtdy, häziriň özünde geliň diýdi...

Adamsy ýene ýalňyş pikirler edip başlady, nädip ýaralandyka. Başga söýgülisi urandyr diýdi içinden. Indi gitsemmi ýa gitmesemmi diýip pikirlendi. Ýok gideýin gowusy ýüzüne tüýküreýin diýdi aldany üçin. Hassahana geldi aýalynyň otagyny tapdy. Girmän aýnadan seretdi dogrydanam gaty ýaralanmyşdy aýaly, ýöne nädip?

Gapyny kakyp doktorlar bilen gürleşdi, özüni tanatdy we aýalymy görmek isleýän diýdi...

Doktorlardan biri " Yzy ýarasyn " aýalyňyzy halas edip bilmedik diýdi. Erkek adam söýdügi üçinmi ýada aldadyldygy üçinmi seretmedi aýalynyň ýüzüne soňky gezek, jynaza işlerini hem aýalynyň maşgalasyna goýdy.


Aradan 10 gün geçdi, erkek adam ruhy çökgün. durmuşdan sowan ýaly oturýardy. Dowamly aýalynyň söýgüliler gününde sowgat eden kartyna seretýärdi, kartda "Elmydama seniňki, seniňki bolup galaryn" diýip ýazdyrypdyr.

Gapy kakyldy. Gapyny açdy, bir ýaş oglan: Salam doglan günüňiz gutly bolsun. aýalyňyz 10 gün mundan öň bize sowgat sargap goýupdy, we edil şu gün doglan günüňizde bermeli diýip sargady diýdi. Sowgatly gutyny berip gitdi. Näme etjegini bilmeýärdi erkek adam doňup galdy birden.

Sowgady açdy ýokarda aýalynyň ýazan haty bardy.

Ezizim bilýäňmi maňa köýnek alyp bermek üçin, öz gowy görýän sagadyňy almakdan boýun towladyň. Indi men sowgat etýän.

" Ezizim doglan güniň gutly bolsun. Bu sowgadym kabul et" diýip ýazylgydy. Gutyda goşar sagat bardy.

Ýenede bir ýazgy bar.

"Işden öýe gijä galan wagtlaryň garaşýan her minudym ölüm ýalydy. Belkide indi gijä galmarsyň." Doglan güniň bilen uzak ýaşa.



Şol gün adamsy işden gelende aýalyny tapmadyk güni.

Aýaly, adamsyna sowgat saýlamaga hemde, doglan güninde getirip bermekleri üçin marketlere sargamaga gidipdi. Öýüne gelýärkä hem telefony zarýady öçýär. Adamym meni alada etmesin diýip köçedäki telefondan adamsyna jaň etmek üçin, ýoluň beýleki tarapyna geçip barýarka, örän tizlikli gelýän ulagy görmändi. Şeýdip ýaralanyp hassahana düşýär.

23
159
ilova
15.09.2023 08:08

Bize mälim bolan tyllaýy güýz pasly Ýer ýüzüniň ähli ýerinde ýok. Mysal üçin, Ekwatorda hiç wagt güýz bolanok.


Russiýada we Ýer ýüzüniň demirgazyk şarynda güýz pasly sentýabr aýynda başlaýar we noýabrda tamamlanýar. Tersine Günorta ýarym şarda mart aýynda başlanyp, maý aýynyň ahyryna çenli dowam edýär.

XVIII asyra çenli Russiýada güýz pasly düýbünden başgaça hasaba alyndy, ýagny ol 23-nji sentýabrda başlanyp, 23-nji dekabrda tamamlanypdyr.

Ýewropanyň ýurtlarynyň hemmesinde güýz aýlary sentýabr- noýabr aralygy hasaplanýar. Irlandiýada bolsa köp adamlar köne däbe eýerýär we güýz awgust aýynda başlanýar diýlip hasaplanýar.

Amerikaly alymlar geçiren synagynyň çäginde gyzykly statistika ýygnamagy başardylar. Netijede güýzde doglan adamlaryň ortaça beýleki aýlarda doglanlardan uzak ýaşaýandyklary öňe sürüldi.

Güýz depressiýasy düşünjesi ählimize tanyş bolsa gerek. Geçirilen gözleglere görä, ortaça her 100 adamdan 5-si güýz reňkinden ejir çekýär.

Meteorologiki sebäplere görä, atmosfera basyşynyň peselmegi ýylyň beýleki döwürlerine garanda güýzde has aýdyň ýüze çykýar, oňa esasan hem uly ýaşly adamlar duýgur bolýarlar.

Ýüze çykýan heläkçilikleriň köpüsi güýzde bolýar, ýagny bu ýagdaý ýagynyň güýçli ýagmagy, düşen ýapraklaryň köp ýygnanmagy we şemalyň täsirinde öwüsmegi bilen baglanyşykly. Şeýle ýagdaýlar pyýadalar, ýolagçylar üçin kynçylyklary döredýär.

“Güýz” sözi dürli dillerde “hasyl” diýmekligi aňladýar.

Ýapraklar diňe güýzde däl-de başga möwsümlerde hem düşýär, ekwatorial we tropiki zolaklardaky ösümlikleriň köpüsi ýapragyny dökýärler.

Sentýabr-noýabr aýlarynda doglan bäbejikleriň beýleki möwsümlerde doglanlara garanda 100 ýaşa çenli ýaşamak ähtimallygy ýokarydyr.

Alymlar global ýylylygyň güýz reňkine täsir edip biljekdigini öňe sürýärler.Ýer şary gyzdygyça ýapraklar reňkiniň üýtgemegini yza süýşürip başlaýar. Mundan başga-da ýapraklar düzümindäki glýukozany gyzyl pigmentiň emele gelmegi üçin däl-de, täze şahalaryň ösmegi üçin harçlaýarlar.

18
31
ilova
14.09.2023 23:42

Aslynda hakyky soygi diymeklik, satlykda we gaygyda, bilelikde biri- birine goldag berip yasamaklyk diymekdir. Yone gynansakda bizin jemgyyetimizdaki adamlar koplenc halatda, adamyn ykdysady yagdayy, isi we dasky gornusi bn has kop gyzyklanyarlar. Bu gun size sonky yylarda internetde ginden yayran bolan wakany gurrun bermekci. Yone munyn kimin cap edendigi barada hic hili maglumat yok. Yone awtor maksadyna yetmekligi we hakyky soygunin namedigini adamlara gorkezmegi basarypdyr . Onno waka seylerak baslanyar: Waka ady nabelli bolan bir adamyn is gozlemek un uly sahere gelende baslapdyr. Ol adam is tapyp gurlusyk isgari bp ise baslayar. Birnace gunden son, ol owadan gozleri bolan uzyn sacly bir gozel gyz bn tanysyar. Bu oglany esasysan hem gyzyn asyllylygy, mylayym hasiyeti ozune cekyar. Derrew oglan ol gyza asyk bolyar we tiz wagtdan ozune durmusa cykmaklygy hayys edyar. We ahyrynda seydip olaryn toyy tutulyar. Olar bagtly durmusda yasasalaram, das towerekdaki adamlar, olary tankytlayadylar. Beyle owadan gyzyn duybunden basga bir gursawdaky yasayan garyp adama nadip durmusa cykandygy barada goz onune getirip bilmeyadiler. Nace wagt gecenson isi gutaryar we ol adam tiz wagtdan obasyna dolanmaly bolyar. Onun ayaly butin omruni saherde yasasada subhesiz adamsy bn taze yere gocup gitmane razy bolyar. Oba baransonlar pul gazanmaklyk un adamsy bn gelni meydanda islap baslayarlar. Yone bir gun ol adam ayalynyn beyle agyr is un gaty ejizdigini gorup oyunde galmany hayys edyar we ona durmusda hemme zadyn in gowysyny bermeklik un elinden gelenini etjekdigini aytyar. Basda ayaly biz bir masgala ikimiz bilelikde hereket etsek gowy bolar dp yuz owuryar. Yone ahyrynda adamsynyn hayysyna gulak asyar. Sondan birnace gun gecyar, ol adam ise ir bn gidip gic bolanda-da oyune dolanyp gelyardi. We her gunem ayalyna iymit almak un pul goyup gityan ekeni. Emma gynansakda koplenc halatda, pulun yeterlik dal gunleri hem bardy. Gunlerde bir gun ol adam ise gitmezden ozal ondan ayaly taze darak almak un pul sorayar. Adamsy muna oran gynanyar we ol ozinin sagadyny bejertmeklik un hem yeterlik pulynyn yokdugyny aydyp, pul berip bilmejekdigini aytyar. Ayaly adamsynyn yagdayyna dusunip ikinji gezek soramayar we adamsy isine gityar. Sol gun ol adam isden ir cykyp gaydyp, sagat dukanyna gityar. We ol ayalynyn hayysyny yadyna dusurip sagadyny onartmagynyn yerine sagadyny arzan bahadan satyp ayalynyn hayysyny yerine yetirmekligi yuregine duwyar. We ol seylede etyar. Ayaly un taze darak alyp, yany bn ayna we iymit zat alysdyryp oyune tarap yola dusyar. Oyune ol adatdakysyndan ir gelyar. We ol oyune girip ayalyny gorip gozune ynanmayar. Ayalynyn saclary kesilip gysgaldylandy. Ol adam ayalyndan: "ezizim nm un sacyny kesdin dp sorayar"? Ayaly hem yuzini asak bakyp dursuna ona seyle jog beryar:"Sacymy kesendigimin sebabi, mn sana taze sagat alyp bermek un sacymy kesip satdym dp aytyar". Seydip ayaly adamsyny begendirmek un ozinin in bir gymmatly zadyny gurban eden eken. Ayaly sonra adamsynyn eline seredip ozi un satyn alan zatlaryny goryar. Bular biri- birine seredip duruslaryna gozlerine yas aylanyar. Sebabi olar ozlerinin pidalary sebapli dal-de, eysem soygulerinin seyle guyclidigini yene bir gezek goz yetirendikleri un begenjinden yana gozleri yasaryardy.

14
98
ilova
12.09.2023 08:36

Saglygy satyn alyp bolmaýar, onuň bilen diňe töleg edip bolýar.

***

Saglygyň iň uly eşreti dünýäden lezzet alyp bilmekde.

***

Ähli sagdyn adamlar durmuşy söýýändirler.

***

Umyt iň uly lukmandyr.

***

Lukman keseli bejerýär, saglygy bolsa özüň gazanmaly.

***

Saglyk — hiliň hem-de mukdaryň sazlaşykly deň agramlylygy.

***

Sagalmagyň wajyp şertleriniň biri-de sagdynlyga ymtylmakdyr.

***

Saglyk — hemme zat däl, ýöne hemme zat saglyksyz hiç zatdyr.

***

Dynç almaga wagt tapmaýan adam irde-giçde saglygyny bejermäge wagt tapmaly bolar.

***

Bagt — bu gowy saglyk bilen gowşak ýatkeşlikdir

13
33
ilova
11.09.2023 08:31

Yylgyryn🙂

15
252