ilova
18.09.2023 10:52

Gözel Diýarymyzyň Garagum sährasyndaky köp ýyllardanbäri ody sönmeýän Derweze gaz krateridir. Ol “Garagum ýalkymy” diýlip atlandyryldy.




“Garagum ýalkymynyň” täsinlikleri barada gysgaça…


Derweze irki döwürlerde gazylyp alynýan peýdaly baýlyklara hem baý ýer. Derweze sebitinde tebigy taýdan arassa kükürdi gazyp almak işi amala aşyrylypdyr. 1929-njy ýylda Derweze ýaýlasynda kükürt zawodynyň düýbi tutulypdyr.



Mundan başga-da, geologlar tarapyndan gaz käniniň hem üstünden barlypdyr. Bu ýerlerde ylmy-barlag işleri geçirilip, buraw işleri amala aşyrylypdyr.

Buraw işleri geçirilen pursatynda garaşylmadyk tebigy hadysa emele gelipdir. Göz-açyp ýumasy pursatda çuň guýy emele gelipdir. Onuň çuňlugy 20 metre, giňligi 60 metre barabardyr.



Geologlar daş-töwerege gaz ysynyň ýaýrap başlandygy duýup, gazyň düzümindäki zäherleýji maddalar janly-jandara zeper ýetirmez ýaly, onuň ýakylýandygyndan ugur alyp, ony ýakmak babatda karara gelnipdir. Şeýlelikde ol müdimi ýanýan oda öwrülipdir.

Häzirki wagtda “Garagum ýalkymy” ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Guýuda ýanýan oduň alawynyň 10-15 metr belentlige galýandygyny ony synlamaga gelýänlerde örän täsin duýgulary döredýär.

Tebigy ýanýan “Garagum ýalkymy” Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatdan 270 kilometr daşlykda, Ýerbent obasyndan, takmynan, 90 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Bu ýerde türkmen alymlary indi 50 ýyldan bäri ylmy-gözleg işlerini alyp barýarlar.



2013-nji ýyldan türkmen hünärmenleri kanadaly kärdeşleri bilen bilelikde 500 derejedäki gyzgynlyga çydamly ýörite enjamlary ulanyp, krateriň düýbüne düşüp, ylmy-gözleg işlerini amala aşyrdy.

Onuň düýbünden alnan topragyň düzümini öwrenmek arkaly adaty tebigatda ýaşamaga ukypsyz, diňe aýratyn şertlerde ýaşaýan janly bakteriýalaryň bardygy ýüze çykaryldy. Bu tapyndy astrobiologiýa ylmy üçin örän wajypdyr. Gün ulgamyndan daşardaky planetalarda ýaşamak üçin bar bolan şertler şu ýerdäki gaz krateriniň şertlerine meňzeşdir.



Ýarym asyrdan bäri sönmän ýanyp duran krater dünýä jemgyýetçiliginde-de uly gyzyklanma döretdi. Dünýäniň köp sanly internet neşirlerinde bu barada makalalar çap edildi. Galyberse-de, durmuşda gezip görmegi maslahat berilýän esasy syýahatçylyk merkezleriniň birine öwrüldi.

27
89
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.