Salam hemmäňize
Erkek adam aýalyny juda söýýär, hemde şeýle bir gawanýardy. Günortan öz iş ýerinde nahar berilsede, her öýlän uzyn ýoly geçip öýüne gelýärdi. Aýaly bilen birlikde nahar iýýärdi. Aýaly, ärini diňe nahar iýmek üçin gelýändir diýip pikir edýärdi. Bilmeýän zady bardy aýalynyň, äriniň her gün aýalyna göz aýlap gitýänini bilmeýärdi.
Elbetde äri gelibem, öýünde aýalyny tapmadyk wagta çenli.
Gapyny açyp seslendi aýalyndan ses ýok...Her otaga aýlanyp çykdy,ýok..ýok..ýok. Telefonyna jaň edip gördi. Aýalynyň telefony öçürilipdir. Birden pikirlendi, aýalym meni aldatýar diýip pikir etdi. Hemme tanyşlaryna jaň edip gördi maşgalasyna, dostlaryna, goňşularyna hiçkim görmändir aýalyny. Sagatlar geçýär aýalyndan habar-hatyr ýokdy. Agşam boldy erkek adam öýünde kellesinde garyşan pikirler bilen umytsyz halda otyrdy.
Şeýdip bir gije geçdi, daň atdy aýaly gelmedi. Erkek adam özüne adwokat tutunyp aýaly bilen aýrylyşmagy karar berdi, indi dolanyp gelmeýär, geler ýaly ýüzi ýok. Aýalym meni aldatýar diýip dawa açdyrmaga gitdi.
Öýûne gelende aýalyna degişli näme ba bolsa surat, eşikleri hemmesini ýakdy. Telefona jaň geldi.
Erkek adam: Alo diýdi.
Telefondaky: Salam ertiriňiz haýyrly bolsun. Men ( plan ) hassahanadan jaň edýärin. Bir gün mundan öň hassahanamyza ýaralanan bir ýaş aýaly getirdiler. Şükürler bolsun şuwagt özüne geldi bolsada. Siziň adyňyzy aýtdy, häziriň özünde geliň diýdi...
Adamsy ýene ýalňyş pikirler edip başlady, nädip ýaralandyka. Başga söýgülisi urandyr diýdi içinden. Indi gitsemmi ýa gitmesemmi diýip pikirlendi. Ýok gideýin gowusy ýüzüne tüýküreýin diýdi aldany üçin. Hassahana geldi aýalynyň otagyny tapdy. Girmän aýnadan seretdi dogrydanam gaty ýaralanmyşdy aýaly, ýöne nädip?
Gapyny kakyp doktorlar bilen gürleşdi, özüni tanatdy we aýalymy görmek isleýän diýdi...
Doktorlardan biri " Yzy ýarasyn " aýalyňyzy halas edip bilmedik diýdi. Erkek adam söýdügi üçinmi ýada aldadyldygy üçinmi seretmedi aýalynyň ýüzüne soňky gezek, jynaza işlerini hem aýalynyň maşgalasyna goýdy.
Aradan 10 gün geçdi, erkek adam ruhy çökgün. durmuşdan sowan ýaly oturýardy. Dowamly aýalynyň söýgüliler gününde sowgat eden kartyna seretýärdi, kartda "Elmydama seniňki, seniňki bolup galaryn" diýip ýazdyrypdyr.
Gapy kakyldy. Gapyny açdy, bir ýaş oglan: Salam doglan günüňiz gutly bolsun. aýalyňyz 10 gün mundan öň bize sowgat sargap goýupdy, we edil şu gün doglan günüňizde bermeli diýip sargady diýdi. Sowgatly gutyny berip gitdi. Näme etjegini bilmeýärdi erkek adam doňup galdy birden.
Sowgady açdy ýokarda aýalynyň ýazan haty bardy.
Ezizim bilýäňmi maňa köýnek alyp bermek üçin, öz gowy görýän sagadyňy almakdan boýun towladyň. Indi men sowgat etýän.
" Ezizim doglan güniň gutly bolsun. Bu sowgadym kabul et" diýip ýazylgydy. Gutyda goşar sagat bardy.
Ýenede bir ýazgy bar.
"Işden öýe gijä galan wagtlaryň garaşýan her minudym ölüm ýalydy. Belkide indi gijä galmarsyň." Doglan güniň bilen uzak ýaşa.
Şol gün adamsy işden gelende aýalyny tapmadyk güni.
Aýaly, adamsyna sowgat saýlamaga hemde, doglan güninde getirip bermekleri üçin marketlere sargamaga gidipdi. Öýüne gelýärkä hem telefony zarýady öçýär. Adamym meni alada etmesin diýip köçedäki telefondan adamsyna jaň etmek üçin, ýoluň beýleki tarapyna geçip barýarka, örän tizlikli gelýän ulagy görmändi. Şeýdip ýaralanyp hassahana düşýär.