Bize mälim bolan tyllaýy güýz pasly Ýer ýüzüniň ähli ýerinde ýok. Mysal üçin, Ekwatorda hiç wagt güýz bolanok.
Russiýada we Ýer ýüzüniň demirgazyk şarynda güýz pasly sentýabr aýynda başlaýar we noýabrda tamamlanýar. Tersine Günorta ýarym şarda mart aýynda başlanyp, maý aýynyň ahyryna çenli dowam edýär.
XVIII asyra çenli Russiýada güýz pasly düýbünden başgaça hasaba alyndy, ýagny ol 23-nji sentýabrda başlanyp, 23-nji dekabrda tamamlanypdyr.
Ýewropanyň ýurtlarynyň hemmesinde güýz aýlary sentýabr- noýabr aralygy hasaplanýar. Irlandiýada bolsa köp adamlar köne däbe eýerýär we güýz awgust aýynda başlanýar diýlip hasaplanýar.
Amerikaly alymlar geçiren synagynyň çäginde gyzykly statistika ýygnamagy başardylar. Netijede güýzde doglan adamlaryň ortaça beýleki aýlarda doglanlardan uzak ýaşaýandyklary öňe sürüldi.
Güýz depressiýasy düşünjesi ählimize tanyş bolsa gerek. Geçirilen gözleglere görä, ortaça her 100 adamdan 5-si güýz reňkinden ejir çekýär.
Meteorologiki sebäplere görä, atmosfera basyşynyň peselmegi ýylyň beýleki döwürlerine garanda güýzde has aýdyň ýüze çykýar, oňa esasan hem uly ýaşly adamlar duýgur bolýarlar.
Ýüze çykýan heläkçilikleriň köpüsi güýzde bolýar, ýagny bu ýagdaý ýagynyň güýçli ýagmagy, düşen ýapraklaryň köp ýygnanmagy we şemalyň täsirinde öwüsmegi bilen baglanyşykly. Şeýle ýagdaýlar pyýadalar, ýolagçylar üçin kynçylyklary döredýär.
“Güýz” sözi dürli dillerde “hasyl” diýmekligi aňladýar.
Ýapraklar diňe güýzde däl-de başga möwsümlerde hem düşýär, ekwatorial we tropiki zolaklardaky ösümlikleriň köpüsi ýapragyny dökýärler.
Sentýabr-noýabr aýlarynda doglan bäbejikleriň beýleki möwsümlerde doglanlara garanda 100 ýaşa çenli ýaşamak ähtimallygy ýokarydyr.
Alymlar global ýylylygyň güýz reňkine täsir edip biljekdigini öňe sürýärler.Ýer şary gyzdygyça ýapraklar reňkiniň üýtgemegini yza süýşürip başlaýar. Mundan başga-da ýapraklar düzümindäki glýukozany gyzyl pigmentiň emele gelmegi üçin däl-de, täze şahalaryň ösmegi üçin harçlaýarlar.