ilova
19.01.2024 19:41
1. Orta asyrlarda Angliýada kanun bardy. Şazada jenaýat eden bolsa, beýleki çagalar jezalandyrylardy. Bu maksat bilen ýörite jeza we ýurmak uçin çagalar köşkde saklanyardy.

2.Ýaponiýada aglaýan çagalaryň bayramy bar. Baýramyň manysy, birnäçe sumo pälwanyna 1 ýaşyna ýetmedik çagalar berilyar. Ýeňmek üçin sumo pälwan çagany urmazdan ýa-dagygyrmazdan aglatmaly bolýar. Ilkinji aglaýan çaga sumo pälwany hasaplanyar.

3.. Günorta Koreýada doglan çaganyň ýaşy, doglan ýylyndan ýa-da aýyndan däl-de, enäniň göwreli bolan gününden hasaplanýar. Şonuň üçin koreý çagalary beýleki ýurtlarda ýaşaýan deň-duşlaryndan 9 aý uly.

4.Marokkanyň soltany Ysmaýylyň, dünýäde iň kop çagaly hökümdar hökmünde ady taryha girdi. Çagalarynyň umumy sany 900-a deň.

5.Awstriýada we Angliýada gara pişik ýoluňyzdan geçse, bu şowlulygyň alamatydyr.

6.. Dünýäde möýüň bir görnüşi bar, ol dünýä inen badyna enesini iýýär. Gadymy däp-dessurlara görä, ene möý çagalarynyň geljegi üçin janyny pida etmeli.

7. Hytaýda nikalaşmak, maşgala gurmak we ş.m. üçin kagyz pullara mahabat ýazmak däbe öwrüldi. Sebäbi pul gysga wagtyň içinde onlarça ýa-da ýüzlerçe eliňe girip biler. Netijede, mahabat berýän ýigit ýa-da gyz bagtyny has çalt tapar.
29
233
ilova
17.01.2024 18:56
Çagalar biziñ geljegimizdir, nesil daragtymyzdyr. Ýöne köp ene -atanyň täze doglan bäbäk hakda düýbünden bilmeýän zady gaty köp.
Bilmek möhüm bolan çagalar hakda gyzykly maglumatlar.
1.Çagalaryň bedenleri beýnisi bilen deň derejede ulalsa, agramy 77 kg toweregi bolýar.1 aýa çenli.
2.Saz gurallaryny çalmagy ýa-da aydym aytmagy halaýan çagalar, matematika ukyplarny, konsentrasiýasyny we el-göz koordinasiýasyny ep-esli ýokarlandyrýarlar.
3. Çagaňyz gürläp başlamazdan öň aýdýanlaryňyza düşünýär. Eneler bäbekleri bilen gürleşmegi gowy görýäler. Çaga 1 ýaşyna ýetende, takmynan 70 söze düşünerler. Kän gürlemese-de, oňa näme diýýändigiňi bilýär. Şonuň üçin çagaňyz bilen gürleşmegi dowam ediň.
4. Çagalar özlerni görkezmegi gowy görýärler. Olaryň hyýallaryny we döredijiligini ösdürýän ýaly edip höweslendirmeli.
5. Çagalar ýakynlarynyň özüni alyp barşyna öýkenip ( sosial we emosional ) hereket etmegi öwrenýärler.
6. Çagalar üçin aglamak aragatnaşygyň bir usulydyr. Çaganyň aglaýşyna jogap bermek, ony gujaklamak we rahat gürleşmek, çaga ynam we howpsuzlyk duygusyny berýärsiňiz.
7. Çagalar özlerni howpsuz duyup, maşgala agzalary we olara ýakyn adamlar bilen oýnanda we gatnaşykda bolanda çalt öwrenişýärler. Näçe köp duysalar, eştseler we görseler, şonça-da çalt öwrenişýärler. Şeýle çagalar has özüne ynamly, öz-özüne hormat goýýarlar we durmuşdaky kynçylyklary has aňsat çözüp bilýärler.
8. Çagalaryn wideolary, multfilmleri we görkezişleri bäbekleri intellektual ösmegine goşant goşmaýar, sebäbi wideo çaganyň anyk signallaryna jogap bermeýär. Şonun üçin ene-atalaryň çagasy bilen oýnamagy, çagasynyň akylly bolmagyny isleseler, telewizor ýa-da multfilm açmazlygy has gowydyr.
9. Ene-atalar we beýleki ulular bäbekler bilen yzygiderli gürleşmeli, çagalar üçin kitaplary, žurnallary, okamaly we aýdym aýtmaly. Çaga entek sözlere düşünmese-de, bu irki " gepleşikler "sosial, dil we öwreniş endiklerini ösdürmäge kömek edýär.
10. Soňky gözlegler ilkinji bäş ýylyň çaganyň beýnisiniň ösmegi üçin möhümdigini we ilkinji üç ýylyň çaganyň beýni arhitekturasynyň emele gelmegi üçin iň möhümdigini tassyklaýar. Çagaňyzyň görýän,degen, dadyp görýän ys alýan ýa-da eşiden zatlarynyň hemmesi çaganyň beýnisini pikirlenmek , duymak, hereket etmek we öwrenmek üçin şekillendirýär.
11. Çagalar şol bir wagtyň özünde dem alyp we iýip bilerler. Şonuň üçin bäbekler ejesiniň süýdüni gaty içmegi we uklamagy gowy görýärler.
12.Täze doglan çaganyň garnynyň mukdary bary-ýogy 5-7 ml. Bu kiçijik alça ýaly. 3 günden soň 4-5 esse köpelýär we hozuň ululygyna ýetýär.
13. Çaga doglandan soň gözleri ömrüniň dowamynda ululygyny üýtgetmeýär we beýleki organlardan tapawutlylykda çaga bilen ösmeýär.
14. Çagalar beýniniň ähli ýerlerini bir wagtda ulanýarlar. Muny alymlar synag geçirip gördüler.
14
27
ilova
16.01.2024 07:53
Oglan gyzy ýüreginden arzylap söýýärdi, onuñ her minudynyñ manysyny diñe shol mährem gyz tutýardy! Gyz hem oglany ýüreginden söýýärdi. Durmushynyñ ýekeje gününem öz ýaryndan aýra geçirip bilenokdy... ...Bir gün bolsa oglan gyzyñ garyndashlaryndan öz mähreminiñ agyr derde uçranyny bilýär! Gyzyñ ýüreginde kemçilik bar eken, oña ýashamaga üç aýa golaý wagt galandygyny aýtýalar. Gyzy diñe bir usul bilen bejerip bolýady.

Olam bashga ýürek goýmalydy. Ýöne bu az wagtda nireden täze ýürek tapjak?! Özem donorlaryñ ýüregi üçin ondan bashga-da müñlerçe ýarawsyz adamlar kösenýärdiler we garashýardylar. Pahyrjyk gyz öz ölümini boýnuna alyp ýashap ugraýar.

Ýöne oglana aýdyp bilmeýärdi. Çünki ony gynandyrasy gelmeýärdi. Ol öz içinden soñkuja günlerimem bolsa, diñe shonuñ mährinden ganyp ýashajak, galanja ömrümi diñe shoña bagsh etjek diýip pikir edýärdi. Ýöne, ynha, gyzyñ bir jorasy oglanyñ ýanynda bu zatlary dilinden sypdyraýýar. Oglan shol bada gyzyñ ýanyna barýar. Iki sany gosha gumra meñzäp duran ashyklar gujaklashyp zaryn-zaryn aglaýarlar. Olar biri-birisiz nädip ýashasynlar?!

Oglan bärde ýalñyz, gyz bolsa añyrda! Birden bu zatlara ýagtylyk aralashdy duruberdi - gyza onuñ üçin ýürek tapylany aýdyldy. Oglan bilen gyz muña uçaýjak bolup begendiler. Dünýäniñ içi söýgüden dolup giden ýaly boldy. Haýal etmän gyzy hassahana ýerleshdirdiler we operasiýa etdiler. Operasiýa showly geçdi, gyz gözlerini açan badyna oglany sorady. Ýöne dash-töweregindäki adamlar onuñ gelmändigini aýtdylar. Ikinji günem oglandan habar bolmady. Ýöne onuñ adyndan gyza ak bägüller geldi. Gyz muña gaty begendi. Oglan shu wagt gyz bilen görüship bilmeýändigini hatynda ýazýardy we soñuny "Ezizim, seniñ shu dünýäde ýashap, dem alyp ýöreniñ meñ üçin iñ uly bagt!" diýip soñlaýardy. Gyz muña gaty ruhlandy we geljekde öz söýen ýary bilen neneñsi bagtly boljakdygyny göz öñüne getirip wagtyndanam öñ gutuldy. ...Bir aý töweregi wagt geçdi, oglandan habar bolmasa-da, gül bilen hatlar gelip durdy.

Gyz hassahanadan çykdy. Öýlerine gelensoñ, oglana jañ etdi. Ýöne onuñ eli öçükdi. Shol günüñ gijesem gyza ak bägüller bilen hat geldi. Hatda sheýle sözler bardy: Mähribanym, gutulansyñ diýip umyt edýän! Meñ üçin edil shu wagt ýekeje gezek ýylgyrsana! Bolsana, näziñi çekdirme-de, meñ üçin ýekeje gezek ...! Ynha-da, sen ýylgyrdyñ! Men bagtly! Gaty bagtly, gülüm! Ýöne señ üçin bir habarym bar. Meni bagyshla, biz indi hiç wagt görüship bilmeris. Men bu gülleri hatlarym bilen bile saña her gün ugratmagyny dostumdan haýysh etdim. Mähribanym, men seni söýýän! Shunça wagtlap görüship bilmesegem, men hemishe señ ýanyndadym.

Çünki señ içiñde meñ ýüregim urýar ahyryn...! Bagyshla..! Men seniñ bütin ömrüñ asmanda goragyñ bolaryn...!
24
98
ilova
15.01.2024 08:11
Är-aýalyñ 25 ýyllygy
Äri bn aýalynyñ ukusy tutanok diýýa. Ertir olaryn durmuş guranyna 25 yyl dolyar. Onson agşam ýatyrka aýaly pikir edyar.
-Arim ertir mana name surpriz ederka, belkem ol mana in gowy goryan koynegimi alyp berer.
Ari pikir edyar:
-Egerde men ony ilkinji goren gunum olduren bolsadym, onda ertir turmeden chykardym.

Gowherin Jemaldan alan kremi.
Gowher jorasy Jemala sms yazyar.
- Gyw Jemal! Señ beren kremini çaldym şu wagt. Birinji gezek ulanyp goryan. Naçe wagt
durmaly yuzumde bu krem?
-Aslynda 10 minut durmaly. Yone sen ikiyuzli bolanyn uçin 20 minut duraysyn.

Awtobusda yaş gyzlar.
Awtobusda 15-16 yaşly iki sany gyz dur diyya. Onson bir oglan bulara degip:
-Gor nahilije owadanja gyzlar.
Bujagaz gyzlaram utanyp,aljyrap, ýylgyryp:
-Edil beylede daldir-le.
Oglan:
-Borla oyun etdim.
33
427
ilova
14.01.2024 00:04
Arada dişlerimiñ biri agyrdy-da, lukmana yüz tutdum.O-da seredip gördi-de:
-Azylaryña abat, ýöne akyl dişiñ çüýräp başlapdyr-diydi.Menem edil dişsiz galaýjak ýaly:
-Onuñ ýaly bolsa, ony bejereweri-diÿdim.
-Aý agam, ol bejererden geçişipdir, gowsy sogrup taşlaýaly.
Men ony sogursa akylymdan jyda düşerin öÿdüp, ör-gökden geldim:
-Sogurmak iñ sonky çäre dälmaý? Bejeräýeli-le!
-Ol dişiñ öñi-soñy hiç zada peýdasy ÿok. Azylaryñdanam añyrda, köklerem gyşyk.
-Onda näme oña beýle gowy at dakdylarka?
-Onuñ sebäbi ol diş adamyñ akyly goýalyşar uçurlarynda çykýar. Şonuñ üçin bolaýmasa.
Şol mahal:" Onda akmaklara akyl dişi asla çykmaýarmyka?" diýip soraýasym geldi, ýöne lukmanyñ menem olardan oñly dal hasaplaýmagyndan heder edip, dilimi sakladym. Onda-da başga bir zady soraman saklanyp bilmedim.
-Ony sogursañ akylyma zeper ýetäýmezä?
Lukman hezil edip güldi:
-Şu wagta çenli ýüz adamyñ dişini sogurandyryn. Şolaryñ biriniñem akyl-huşuny ýitirip, hassahana eltilenini eşidemok.
Men dişimiñ sogrulmagyna ylalaşsamam-a ylalaşdym welin, şol günden soñ ikirjeñlendim ýördüm. Bir etmeli işimi unutsamam, bir ýerde bir zadymy galdyrsamam akyl dişimi sogurdanymdan gördüm. Ine, edil şu wagtam size ýene bir aÿtjak zadym bardy, yadymdan çykdy-da. Şo-da akyl dişiñ yoklugynyñ edýän oýny bolmaly. Ÿogsa-da akylyñ bilen bile gelen zady sogrup zyñarsyñ-da, ondan gowy bolarmy diýsene?! Akyl dişim çüýrügem bolsa agzymda bolsa beýle zatlar bolmasa-da bolmazdy. Gowsy, men ýene lukmanyñ ýanyna gidip, akyl dişimiñ ýerine emeli diş goýduraýyn. Edil ýeri hoñkaryp durandana gowy bolar. Akylymyn soñuna çykaýmankam hökman şeýdeýin.
24
229
ilova
13.01.2024 08:02
Bir adam işden ýadap öýüne gelende, bäş ýaşlyja oglunyň gapynyň agzynda özüne garaşyp duranyny gördi. Çaga kakasyndan her sagatda näçeräk gazanýandygyny sorady. Kakasy argyn göwresini diwana goýberdi-de:
– Şol zatlar seniň işiň däl-ä, oglum – diýip jogap berdi. Emma çagajyk ýeň bermän:
– Kaka jan, bilesim gelýär-dä – diýdi.
– Beýle bilesiň gelýän bolsa aýdaýyn: her sagatda ýigrimi dollar gazanýan.
Oglanjyk biraz oýurganyp durandan soň:
– Kaka jan. Onda maňa on dollar karz beräý-dä – diýip, ýadaw kakasyndan pul sorady.
Muňa kakasynyň hasam gahary gelip:
– Bolar-bolgusyz oýunlaryňa berer ýaly, mende üýşüp ýatan pul ýok! Hany derrew otagyňa git, gapynam ýap! — diýdi.
Ogly sesini çykarman otagyna gidip gapysyny ýapandan soňam kakasynyň hüňňürdisi ýatmady:
– Şu zamanaň çagalaryna düşüner ýaly däl. Çaga nädip onça puly soramaga het edip bilýärkä?!
Bir sagat töweregi wagt geçenden soň kakasy az-kem köşeşipdi. Puluň näme üçin gerekdiginem soramandygy hakda oýlandy. Oglunyň otagyna baryp, krowatynda uzanyp ýatan oglundan uklap-uklamandygyny sorady. Ogly:
– Uklamadym – diýdi. Kakasy oglundan ötünç sorady:
– Saňa gatyrak käýäýdim öýdýän oglum. Meni bagyşla! Bu gün biraz agyrrak işledim, ýadapdyryn – diýip, elindäki puly uzatdy. – Al oglum, on dollaryňy!
Muny eşiden oglanjyk tarsa ýerinden turdy-da, kakasyna sagbolsun aýtdy:
– Sag bol, kaka jan!
Şondan soň ol ýassygynyň astyndan eplem-eplem ownuk pullaryny çykardy. Elindäkisini hem üstüne goşup, pullaryny sanamaga durdy. Oglunyň bu hereketini gören kakasy ýene-de gaharlanjak boldy:
– Puluň barka, näme üçin ýene pul soraýaň?! Seniň biderek oýunlaryňa berere pulum ýok diýip ýaňy aýtdym-a saňa!
Çaga kakasynyň käýemesine üns bermedi. Ol:
– Ýöne meniň pulum ýeterlik däldi-dä! Indi jemläp bildim – diýdi-de, elindäki pullaryny kakasyna uzatdy:
– Kaka, ine saňa ýigrimi dollar! Indi meniň bilen oýnamaga bir sagadyňy aýryp bilýäňmi?
17
79
ilova
12.01.2024 12:46

Erkekler, adatça, dawalary çalt çözýärler we nägileliklerini basym ýatdan çykarýarlar. Psihologlar muny erkekleriň geljege has köp üns berýändikleri we maksatlaryna ýetmek üçin tiz öňe gitmek hyjuwlary bilen baglanyşdyrýarlar. Zenanlar üçin bolsa bu möhüm — gahar-gazaba atlanmak we adalat gözlemek.


Erkekler ownuk zatlara kän bir üns bermeýärler. Olar beýleki adamlaryň daş keşbinde ýa-da özüni alyp barşynda ownuk aýratynlyklary duýmaýarlar.Erkekleriň ömrüniň dowamlylygy köpsanly sebäplere görä zenanlaryňkydan gysgadyr. Olaryň arasynda (çilim çekmek, alkogol içmek, sagdyn däl iýmitleri iýmek) ýaly ýaramaz endikleri edýänleri, saglyk ýagdaýyna üns bermeýänleri we ş.m juda azdyr.


Erkeklerde alada we depressiýa ýaly ruhy çökgünlikler seýrek bolýar. Geçirilen barlaglara görä, aýallaryň howsala düşmek we alada etmek ýaly ruhy bozulmalardan ejir çekmegi erkeklere garanyňda takmynan üç esse köp bolýar.


Erkekler emosiýalaryny ýüze çykarmak babatda has çydamlydyr. Beýleki adamlaryň duýgularyny kesgitlemekde we öz duýgularyny beýan etmekde aýallardan pesdedir.Güýçli jynsyň wekilleri köp geplemegi halamaýarlar. Sosial-psihologiki barlaglar erkekleriň we aýallaryň gepleşmegi dürli maksat bilen ulanýandygyny görkezýär. Şeýlelikde, erkekler köplenç halatda diňe maglumat alşyp-berişmek üçin gepleşýärler, zenanlar bolsa sosial aragatnaşygy saklamak üçin köplenç gepleşýärler.


Erkekler saglyk bejergisini öýde almagy göwnejaý hasaplaýarlar we lukmançylyk kömegini almak üçin hassahana zenanlardan az ýüz tutýarlar. Birnäçe gyzykly faktlar: Aýallar bilen deňeşdirilende erkekleriň süňkleri has güýçli bolýar, ýöne ýürek-damar ulgamlary örän gowşak gelýär, şeýle-de erkekleriň arasynda daltonizmiň ýaýramagy zenanlara garanyňda 20 esse ýokarydyr.Erkekler güýç we tizlik talap edýän işjeň işlere ökdedir, zenanlar bolsa takyklygy we çeýeligi talap edýän meselelerde tapawutlydyr.


Bu tapawutlaryň diňe umumy häsiýete eýedigine, mahsuslyk aýratynlygyny özünde jemleýän umumy tendensiýalardygyna düşünmeli. Erkekleriň we aýallaryň hemmesi birmeňzeşem däldir, her adamyň özboluşly häsiýetleri, şeýle-de özboluşly aýratynlyklary bardyr.

18
24
ilova
09.01.2024 21:48

Dostlarym, gijäňiz rahat bolsun!

Ynjalsyn ýürekler, dynç alsyn göwre.

Howpurgap oýanmaň, gara basmasyn,

Gije düýşüňizde sallançak üwräň.

Ýazylsyn öýkeler, undulsyn kine.

Gahar-gazap gitsin tüsse dek gaýyp.

Ýigitler, wepaly söwer ýaryňyz

Ýatsyn gujagňyzda saçlaryn ýaýyp.

Tolgunyp,ogrynça bakan ýigdekçä

Biperwaý sereden bolupdyň sen, gyz!

Ýygralyk huşuňda salsa-da badak,

Düýşüňde bir seni goýmasyn ýalňyz.

Säher ukyňyzdan oýarsyn guşlar,

Täzeden doglan dek dünýä ser salyň.

Dostlarym, gijäňiz rahat bolsun,

Bu gohly dünýäni unduň birsalym!

22
38
ilova
05.11.2023 08:27

Kiçijik çaga gök kitiň damarlaryndan ýüzüp bilýär.

Ugandada ilatyň 50%-i 15 ýaşdan kiçi.

Iň pes adamlar ýaponlar, iň ýokary adamlar gollandiýalylar.

Adamyň tüýküligi adaty suwdan üç esse ýokary temperaturada gaýnadylýar.

1979-njy ýylda Pensilwaniýa ştatynda iki çaga adaty bolmadyk at dakdy: Pepsi we Cola.

Doňuzlar asmana nädip seretmelidigini bilmeýärler.

Dil adam bedenindäki iň güýçli myşsadyr.

Pişikler ömrüniň takmynan 70% -ini uklaýarlar.

Horazlar boýnuny gymyldadyp bilmese gygyryp bilmeýärler.

Her gezek asgyrsaňyz, kelläňizdäki käbir beýni öýjükleri ölýär.

Eýfel diňine çykmak üçin 792 basgançakdan geçmeli.

Adam saçlary we dyrnaklary ölümden soň ösmegini dowam etdirýärler.

Futbolçylaryň köpüsi her oýunda takmynan 8-9 kilometre ylgaýarlar. Futbol karýerasynyň dowamynda futbolçy Angliýadan Hytaýa çenli aralyk bilen deňeşdirip biler.

Akylly adamlaryň saçlarynda has köp sink we mis bar.

Russiýa, çäginde 12 deňiz bolan ýeke-täk ýurt.

Pingwin ýüzüp bilýän, ýöne uçup bilmeýän ýeke-täk guşdyr.

28
100
ilova
31.10.2023 22:45

OVADAN GURLEMEK BARADA DEGISHME AHENINDE HEKAYA

Gadym wagtlarda medreselerin birinde bir ussat bar eken.Ol derslerinde suhangoylik,owadan gurlemek,sozuni sunnalap duşundirmegi owreder eken.Ozi hem gaty owadan yerlikli gurlar eken.

Bir gun ders gidip durka,talyplaryn biri çekinjenlik bilen gurlemage rugsat sorap şeyle diyipdir:"Ey gadyrly we zehini bilen hemmelere nusga bolan ussadym!Gyş gunlerin birinde daş-towerek imisala wagty,edil bizin ders geçyan pursatymyzda,otagymyzyn ortasynda yanyp duran we bizin daşynda oturup yylanyan ojagymyzyn,al-gyzyl bolup lowlayan odundan galan kozlerinden bir uçgunjyl uçup,aralygyn uzaklygyna we pasgelçiligin koplugine garamazdan,siz yaly beyik şahsyn geymegine mynasyp bolan, in ussat ellerin doreden we edil şu wagt başynyzda yer alan,renklerin in pakizesi bolan ak renke eye bolan owadan sellanize gonup,gonan yerini yakyp,edil şu wagt hem tutaşyp baryandygyny siz yaly beyik ussadyn dersini bolup habar beryandigim uçin otunç sorayaryn."

Muny eşden owadan sozun ussady bolan mugallym gaharyndan çym-gyzyl bolup :"Akmak,gysgaça sellan yanyar".diyip aydyp bilmedinmi diyipdir.

28
332