Çagalar biziñ geljegimizdir, nesil daragtymyzdyr. Ýöne köp ene -atanyň täze doglan bäbäk hakda düýbünden bilmeýän zady gaty köp.
Bilmek möhüm bolan çagalar hakda gyzykly maglumatlar.
1.Çagalaryň bedenleri beýnisi bilen deň derejede ulalsa, agramy 77 kg toweregi bolýar.1 aýa çenli.
2.Saz gurallaryny çalmagy ýa-da aydym aytmagy halaýan çagalar, matematika ukyplarny, konsentrasiýasyny we el-göz koordinasiýasyny ep-esli ýokarlandyrýarlar.
3. Çagaňyz gürläp başlamazdan öň aýdýanlaryňyza düşünýär. Eneler bäbekleri bilen gürleşmegi gowy görýäler. Çaga 1 ýaşyna ýetende, takmynan 70 söze düşünerler. Kän gürlemese-de, oňa näme diýýändigiňi bilýär. Şonuň üçin çagaňyz bilen gürleşmegi dowam ediň.
4. Çagalar özlerni görkezmegi gowy görýärler. Olaryň hyýallaryny we döredijiligini ösdürýän ýaly edip höweslendirmeli.
5. Çagalar ýakynlarynyň özüni alyp barşyna öýkenip ( sosial we emosional ) hereket etmegi öwrenýärler.
6. Çagalar üçin aglamak aragatnaşygyň bir usulydyr. Çaganyň aglaýşyna jogap bermek, ony gujaklamak we rahat gürleşmek, çaga ynam we howpsuzlyk duygusyny berýärsiňiz.
7. Çagalar özlerni howpsuz duyup, maşgala agzalary we olara ýakyn adamlar bilen oýnanda we gatnaşykda bolanda çalt öwrenişýärler. Näçe köp duysalar, eştseler we görseler, şonça-da çalt öwrenişýärler. Şeýle çagalar has özüne ynamly, öz-özüne hormat goýýarlar we durmuşdaky kynçylyklary has aňsat çözüp bilýärler.
8. Çagalaryn wideolary, multfilmleri we görkezişleri bäbekleri intellektual ösmegine goşant goşmaýar, sebäbi wideo çaganyň anyk signallaryna jogap bermeýär. Şonun üçin ene-atalaryň çagasy bilen oýnamagy, çagasynyň akylly bolmagyny isleseler, telewizor ýa-da multfilm açmazlygy has gowydyr.
9. Ene-atalar we beýleki ulular bäbekler bilen yzygiderli gürleşmeli, çagalar üçin kitaplary, žurnallary, okamaly we aýdym aýtmaly. Çaga entek sözlere düşünmese-de, bu irki " gepleşikler "sosial, dil we öwreniş endiklerini ösdürmäge kömek edýär.
10. Soňky gözlegler ilkinji bäş ýylyň çaganyň beýnisiniň ösmegi üçin möhümdigini we ilkinji üç ýylyň çaganyň beýni arhitekturasynyň emele gelmegi üçin iň möhümdigini tassyklaýar. Çagaňyzyň görýän,degen, dadyp görýän ys alýan ýa-da eşiden zatlarynyň hemmesi çaganyň beýnisini pikirlenmek , duymak, hereket etmek we öwrenmek üçin şekillendirýär.
11. Çagalar şol bir wagtyň özünde dem alyp we iýip bilerler. Şonuň üçin bäbekler ejesiniň süýdüni gaty içmegi we uklamagy gowy görýärler.
12.Täze doglan çaganyň garnynyň mukdary bary-ýogy 5-7 ml. Bu kiçijik alça ýaly. 3 günden soň 4-5 esse köpelýär we hozuň ululygyna ýetýär.
13. Çaga doglandan soň gözleri ömrüniň dowamynda ululygyny üýtgetmeýär we beýleki organlardan tapawutlylykda çaga bilen ösmeýär.
14. Çagalar beýniniň ähli ýerlerini bir wagtda ulanýarlar. Muny alymlar synag geçirip gördüler.