ilova
16.01.2024 07:53
Oglan gyzy ýüreginden arzylap söýýärdi, onuñ her minudynyñ manysyny diñe shol mährem gyz tutýardy! Gyz hem oglany ýüreginden söýýärdi. Durmushynyñ ýekeje gününem öz ýaryndan aýra geçirip bilenokdy... ...Bir gün bolsa oglan gyzyñ garyndashlaryndan öz mähreminiñ agyr derde uçranyny bilýär! Gyzyñ ýüreginde kemçilik bar eken, oña ýashamaga üç aýa golaý wagt galandygyny aýtýalar. Gyzy diñe bir usul bilen bejerip bolýady.

Olam bashga ýürek goýmalydy. Ýöne bu az wagtda nireden täze ýürek tapjak?! Özem donorlaryñ ýüregi üçin ondan bashga-da müñlerçe ýarawsyz adamlar kösenýärdiler we garashýardylar. Pahyrjyk gyz öz ölümini boýnuna alyp ýashap ugraýar.

Ýöne oglana aýdyp bilmeýärdi. Çünki ony gynandyrasy gelmeýärdi. Ol öz içinden soñkuja günlerimem bolsa, diñe shonuñ mährinden ganyp ýashajak, galanja ömrümi diñe shoña bagsh etjek diýip pikir edýärdi. Ýöne, ynha, gyzyñ bir jorasy oglanyñ ýanynda bu zatlary dilinden sypdyraýýar. Oglan shol bada gyzyñ ýanyna barýar. Iki sany gosha gumra meñzäp duran ashyklar gujaklashyp zaryn-zaryn aglaýarlar. Olar biri-birisiz nädip ýashasynlar?!

Oglan bärde ýalñyz, gyz bolsa añyrda! Birden bu zatlara ýagtylyk aralashdy duruberdi - gyza onuñ üçin ýürek tapylany aýdyldy. Oglan bilen gyz muña uçaýjak bolup begendiler. Dünýäniñ içi söýgüden dolup giden ýaly boldy. Haýal etmän gyzy hassahana ýerleshdirdiler we operasiýa etdiler. Operasiýa showly geçdi, gyz gözlerini açan badyna oglany sorady. Ýöne dash-töweregindäki adamlar onuñ gelmändigini aýtdylar. Ikinji günem oglandan habar bolmady. Ýöne onuñ adyndan gyza ak bägüller geldi. Gyz muña gaty begendi. Oglan shu wagt gyz bilen görüship bilmeýändigini hatynda ýazýardy we soñuny "Ezizim, seniñ shu dünýäde ýashap, dem alyp ýöreniñ meñ üçin iñ uly bagt!" diýip soñlaýardy. Gyz muña gaty ruhlandy we geljekde öz söýen ýary bilen neneñsi bagtly boljakdygyny göz öñüne getirip wagtyndanam öñ gutuldy. ...Bir aý töweregi wagt geçdi, oglandan habar bolmasa-da, gül bilen hatlar gelip durdy.

Gyz hassahanadan çykdy. Öýlerine gelensoñ, oglana jañ etdi. Ýöne onuñ eli öçükdi. Shol günüñ gijesem gyza ak bägüller bilen hat geldi. Hatda sheýle sözler bardy: Mähribanym, gutulansyñ diýip umyt edýän! Meñ üçin edil shu wagt ýekeje gezek ýylgyrsana! Bolsana, näziñi çekdirme-de, meñ üçin ýekeje gezek ...! Ynha-da, sen ýylgyrdyñ! Men bagtly! Gaty bagtly, gülüm! Ýöne señ üçin bir habarym bar. Meni bagyshla, biz indi hiç wagt görüship bilmeris. Men bu gülleri hatlarym bilen bile saña her gün ugratmagyny dostumdan haýysh etdim. Mähribanym, men seni söýýän! Shunça wagtlap görüship bilmesegem, men hemishe señ ýanyndadym.

Çünki señ içiñde meñ ýüregim urýar ahyryn...! Bagyshla..! Men seniñ bütin ömrüñ asmanda goragyñ bolaryn...!
24
98
fhny
20 Yanwar 2024
🥹aglatdy
garagozlem
16 Yanwar 2024
Hakyky soygm bar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.