Arada dişlerimiñ biri agyrdy-da, lukmana yüz tutdum.O-da seredip gördi-de:
-Azylaryña abat, ýöne akyl dişiñ çüýräp başlapdyr-diydi.Menem edil dişsiz galaýjak ýaly:
-Onuñ ýaly bolsa, ony bejereweri-diÿdim.
-Aý agam, ol bejererden geçişipdir, gowsy sogrup taşlaýaly.
Men ony sogursa akylymdan jyda düşerin öÿdüp, ör-gökden geldim:
-Sogurmak iñ sonky çäre dälmaý? Bejeräýeli-le!
-Ol dişiñ öñi-soñy hiç zada peýdasy ÿok. Azylaryñdanam añyrda, köklerem gyşyk.
-Onda näme oña beýle gowy at dakdylarka?
-Onuñ sebäbi ol diş adamyñ akyly goýalyşar uçurlarynda çykýar. Şonuñ üçin bolaýmasa.
Şol mahal:" Onda akmaklara akyl dişi asla çykmaýarmyka?" diýip soraýasym geldi, ýöne lukmanyñ menem olardan oñly dal hasaplaýmagyndan heder edip, dilimi sakladym. Onda-da başga bir zady soraman saklanyp bilmedim.
-Ony sogursañ akylyma zeper ýetäýmezä?
Lukman hezil edip güldi:
-Şu wagta çenli ýüz adamyñ dişini sogurandyryn. Şolaryñ biriniñem akyl-huşuny ýitirip, hassahana eltilenini eşidemok.
Men dişimiñ sogrulmagyna ylalaşsamam-a ylalaşdym welin, şol günden soñ ikirjeñlendim ýördüm. Bir etmeli işimi unutsamam, bir ýerde bir zadymy galdyrsamam akyl dişimi sogurdanymdan gördüm. Ine, edil şu wagtam size ýene bir aÿtjak zadym bardy, yadymdan çykdy-da. Şo-da akyl dişiñ yoklugynyñ edýän oýny bolmaly. Ÿogsa-da akylyñ bilen bile gelen zady sogrup zyñarsyñ-da, ondan gowy bolarmy diýsene?! Akyl dişim çüýrügem bolsa agzymda bolsa beýle zatlar bolmasa-da bolmazdy. Gowsy, men ýene lukmanyñ ýanyna gidip, akyl dişimiñ ýerine emeli diş goýduraýyn. Edil ýeri hoñkaryp durandana gowy bolar. Akylymyn soñuna çykaýmankam hökman şeýdeýin.