ilova
22.02.2024 13:51
Begenjem ýüzüme gaharly seredip dur, gepem goşanak. Menem gyz halyma ilki habar atmana utandym. Sekiniň galdyrylan ýeriniň bir tarapyna geçip, süpürip başladym. Gitdigiçe Begenç tarapa ilerleýärdim. Süýşmese üstüne süpürip tozan etjekdim. Olam "Sen meni akmak saýýaňmy" diýen şekilde gaharly seredip durdy. Ony görüp aljyraýadym, gorkyp başladym. Ýeri bahanalap ahyryn men:
-Eýleräk süýşäýde, tozan bolar diýdim.
+ Läle sen meniň bilen oýun etýärmiň ýa äsgereňokmy?! -diýip, üstüme gygyrdy.
Kekeläp:
- Nämeee?! Näme etdim men. Asyl sen äsgereňok. Iki gündir habar ýok. Gelibem hiç zat ýok ýerden üstüme gygyrýaň.
+Hiç zat ýok ýerdenmi?! Men seniň ýaňy işiň öňünde näçe sagat kökenek boldum. Habar etýän, habar ýok. Bolmanda jogap ýazaýarlar. Äsgermän etýäň şu zatlary.
- Nämee?! Sen meniň işimemi bardyň?
+Sen meniň soragyma jogap bersene. Näme üçin jaňymy almadyň? Ondan gelen smslerime-de jogap bereňok.
-Men seniň smsleriňem jaňynam göremak. Ynanmasaň garaş häzir- diýip, telefonymy alyp çykdym. Görsem smslerem, jaňlaram görülmändir. Özem sessizlikde durdy. Görüp Begenjiň gahary birazyrak bolsa-da ýatyşdy. Sesini çykarmady. Menem diluzynlygymy edip:
-Näme üçin işime bardyň?-diýip, ýylgyryp seretdim. Ýene gaharly maňa seretdi. Yza tesdim. Şol wagtam garşy tarapdan Merdan üsti başyn kakyp geldi:
-Oh-ho Läläm, men üsti başymy arassalap geldim sen şujagaz ýeri entegem süpürmänsiň-ä. "Lälämmi?!" diýip ýuwaşdan geňgalyjylyk bilen sorady. Menem başga pikir etdirmez ýaly:
+Burnusumagymy görmesem, iş edesim gelenok. Saňa garaşyp durun.
-Wah, görýäňmi Läläm-dä.
Begenç, Merdanyň adymy "Läläm" diýip, süýjüdip aýtmasyna gahary gelýär, hemem geň galýar. Ahyrynam:
-Näme üçin "Läläm" diýäň? Ýa araňyzda...
Sözüni bölüp, Merdan:
+"Läläm " diýmän näme diýeýin. Hem goňşym, synpdaşym, hem partadaşym... Baý depder göçürdendir-ä, onnam diýäýýäs-dä. Heýwiii ýöne agasy bir eştdäýmesin, öň meni yzarlap ýör. Eştse bujagaz günümem gider.
Men-ä aýdyşyn görüp hezil edip güldüm. Merdanam jakgyldap gülküme goşyldy. Begenjem çala ýylgyran boldy-da oňaýdy. Entegem öýkesi bardygyny aňyp bolýardy.
Men arassalaşdyryp, oglanlar-a täzeden sekini ýerine süýşürtdim. Sag bollaşyp öýe girdik.
Şol güni Begençden hiç hili habar hatyr ýokdy. Öz-özüme bir göwünlik berip, bir käýeýädim. Onuň işime gelmesi, maňa garaşmagy meni al asmana uçuryp arzuwlarda gezdirýärdi. Umydymy güýjetýärdi. Birdenem "Wah käşgäm telefonymy sessizde goýmadyk bolsadym, kinelenip gaharlanmazdy" diýip, öz-özüme käýeýädim. Şeýtdirip günümi geçirdim.
Ýazyň güni. Daň säheri, sowujak şemal. Guşlaryň jürküldisi şähtiň açýardy. Her günki işimize tebigatyň özi hem goltgy berip ruhy taýdan kömegini etýärdi.
Işe ir baryp, günlük işlerimi näçe ir dynsam şonça-da arakesme wagtym uzap, öýe ir gaýdyp bilÿärdim. Şol günem işe özümi berip, işlerimiň ýarysyny tamamladym. Arakesme wagtymy epeý uzapdy. Kofe içip, gyzlaryň çykmasyna garaşýardym. Birdenem Merdan jaň etdi.
-Alo burnysumak.
+Alo Lälejan...
-How, gowmy saglykmy?
+Hudaýa şükür, özüň nähili?
Çäýnek-käse,
Öý-küme,
Tüwi-ýarma
Mal-gara,
çöp-çalam,
goñşy golam...
-Bolly-bolly, gowy hemmesi.
+Läleeee! Saňa bara, gowja habarym barda.
-Näme habar?
+Bugün üýşüp aýlanmaga gidäýeli
-Hmm... Aý ýok bu habaryň-a erbet. Bilýäñ-ä öýdäkiler göwnäp, barmaýar.
+Men bar-a. Men diýseň ugratýarlar.
-Howwa, onyňam dogry...
+Gitýäsmi onna?!
-Bilemak, öýdäkilerdenem, gyzlardanam soraýyn olar razymyka?!
+Bolýa Läläm, jogabyňa garaşýan.
-Wii dur, dur. Oglanlardan diňe ýeke özüňmi?!
+Begenç bar
-Bollymy
+Bollu-da şol. Ýa ýene üýşüreýinmi?!
-Ýok. Bolýar onna jogabyny aýdaryn-diýip, telefony goýdym.
Begenç gitjegini eştdenimde, şatlykdan uçayjak boldym. Aramyzy sazlamak üçin pursatdan doly wagtdy. Onna-da " özümi agras alyp barmaly, asyl-ha öýkelemeli men, öýkelemeli!" diýip, öz-özüme akyl satýardym. Öýdäkilere-de "Merdan bar-a" diýip, eýdip-beýdip yrdym. Gyzlara-da arakesmä çykanlarynda duýdurdym. Olaram lakgy-lukgusyny köpeldip gitmejek boldular. Onna-da olary yrmak kyn bolmady. Öň beýdip bir ýeri gitmäne höwäslenmän soň, gyzlaram ýuwaşdan aňdylar. "Täze myhman oglan, köňlüne giripdir-ow" diýip, öz aralarynda degen boldular. Menem gepi başga zatlara sowan bolup iş wagtyny zordan getirdim. Başga wagt çalt gutarýan arakesme, gyzlaryň üstümden düşme gürrüňleri bilen gutarmany bilmedi...
... Wagtam ýetip geldi, aýnanyň öňünde sypap sermenip, saçlarymy daraýan. Geýen köýnegim halys magnyma baty berenokdy. Başga-da köwşümiň reňkinde köýnegimem ýokdy. "Öňler näme bolsa, şo bolsun" diýip, üns bermezdim. Bu gezek bolsa özümde üýtgeşik duýgularyň bardygyny aňýardym. Geçen günleri ýatlap, bu duýga umytly garaýardym.
Ahyryn bolsa, gelnejemiň köýnegimiñ reňkinde köwşüniň barlygy ýadyma düşip, gelnejeme jaň edip soradym. Olam "Ýeke baldyzym, janyn sag bolsun!" diýip, sözümi ýykyberenokdy. Inni bolsa özümden hoş. Ýaglygymy hemişekilerden üýtgeşik daňdym. Iki örüm saçym öňüme alyp, elime-de ejemiň ören dokma sumkasyny elime aldym. Sagada seretsem wagtam bolupdyr. Öýden çyksam goňşy tarapdan hiç hili ses ýokdy, duralgada-da adam. "Gijä galaýdymmykam" diýip, kaýinmäne başladym. "Merdanam aýtman gidiberdimi-kä?!, aý howwa " gyzlar aýratyn barar-da" diýen bolmaly".
Derrew Merdana jaň etdim. Çagyryp dur alanok. Has hem aladalandym. Gyzlara jaň etjek bolup durkam, Merdanyň özi jaň edäýdi. Görüp otyrsam, entäk olar öýden çykmandyrlar-a. Begenip duralga tarap ýöredim. Gyzlara inniki duralgada garaşansoň, olardan arkaýyndym. Awtobusam göründi. Şol wagtam Merdan dagynam gelip ýetişdiler. Münüp bir çetde otyrdym. Oglanlaram yzda otyrdylar. Dogrysy, gynandym Begenç bilen hiç hili gep goşup bolanakdy. Inniki duralgada-da, gyzlar mündi. Olar ýanyma gelip, gep gürrüňe güýmediler. Şeýtdirip uzak ýoly ýakyn edip, "Älemgoşar" seýilgähine geldik.
Düşüp, jemlenişdik. Hal-ahwal soraşyp durduk. Begenç gapdalyma gelip:
-Salam owadan gyz
Gep goşanyna, içim nälerçe begense-de gaşymy çytdym.
-Bolýar how, gaşyňy çytma. Dogrusyny aýtsam bagyşla. Näbileýin, bilmändirindä. Bagyşlaa! -diýip, naýynjar seretdi. Köp uzadyp durman "Bolýar" diýip, baş atdym. Entek gürlemesemde, ol muňa razy-dy.
-Doňdurma alyp bereýinmi?! Wiiii ýok, ýok. Öňem-ä doň sen, eretmek kyn. Gowsy patrak alyp bereýin, patrak ýaly açylyp gidersiň.
Bu sözleri täsirlidi, ýylgyryp seredenimi bilmän galdym. Edil şol wagt gözlerim, gözleriniň üstünde-di.Ilkinji gezek seredipdim, ol gözlere. Içimden parran ot geçipdi. Gözlerinden özümi görýärdim, ýylgyrýardy.. Meniň üçin şol wagt ähli zat ümsümlikdi. Şol wagt Bägüliň dürtmesi özüme getirdi. Görüp otursama özümi oňa beripdirin.
Gülzar:
-Heýwi, men-ä şul aksionlaryň ählisine münjek. Içiñiz ýansyn, sizem gorkdaň bir gyrada duruň.
Merdan:
+Hew, hew duraberi sen bir. Başga gezek geleňde münersiň. Gaçyp, bir ýeri-ň döwülip ýörmesin. Soňra agaň bizi sag goýmaz. Öň Läläň agasy yzarlap ýör, başyma bela edip, seň agaňy almana ýagdaý ýok- diýip, gülüşdirdiler-de goýdular. Degişip, gülüşip şol günümizi, ýatdan çykmajak pursatlara baýatdyk. Sagadam giç bolupdy, gyzlar "beter giç bolmaka gideýli" diýip, öýli öýümize dagadyk. Bizem taksiden düşüp öý tarapa ýöredik. Merdan "Men jigilerime, doňdurma alyp geleýin. Öňümden çykanlarynda boş barmaz ýaly" diýip, dükan tarapa sowuldy. Men ýöräberdim. Begenjem yzym bilen gelýärdi. Öýe tarap ýakynlamda, Begenç:
-Bir minut aýak çeksene Läle.
Sakga durdym, yzyma öwürlip, "Näme boldy diýen şekilinde" seredip durdym...

Dowamy bar
27
87
ilova
21.02.2024 09:37
Her ýylyň tomus aýlarynda " Awaza" üçin Balkanabat şäherden bir oglan goňşymyza myhmançylyga gelerdi. Her ýyl üns bermeýärdim, ýöne geçen ýyl birhili ünsümi çekýärdi. Gelşikli, syratly, edepli, uzyn boýly, gür gara saçlydy. Öý eýesem synpdaşym bolansoň onuň bilen salamlaşanymda olam öwran-öwran maňa seredip durýardy. Iki günden soň gitdi. Azajygam bolsa, gynanypdym.
Ine bir gün adaty gün. Işlerimden dynyp internet sahypalarynda gezim edip ýörün. Köpden bäri Begenç atly oglany mowzuklary bilen teswirlerimden göz öňüme alyp öz ýanymdan halaýardym. Şol gün bolsa tanyşmaga pursat boldy. Özümin Türkmenbaşylygymy aýdanymda bolsa, " Goňşymyzy tanadyp, şony tanaýarmyň " diýip sorady. Görüp otursam şo-ol myhman oglan eken. Birhili tolgundymam, begendimem. Soňabaka men oňa " Myhman oglan" diýip ýüzlenýärdim. Olam kyn görenokdy. Biri -birimiziň üstünden köp degişýädik. Bir gün biz tarapa ýolunyň düşjekdigini aýtdy. Geljegini eşidenimde begenip uçaýjak boldum. Sebäbi azragam bolsa, ol oglanda göwnüm bardy.Diýilen günem ýetip geldi. Ýöne iki gündir ondan habar alamokdym. Geldim diýibem aýtmady. " Dogry näme üçin aýtsyn " diýip, käte öz-özüme gürläp, gynanýanam.
Men öýüň ýeke gyzy, körpeleri. Bir agam bar gelnejemem köplenç işde. Menden soň işden gelýär. Öýde agam oňa " Işleme öýde otur, öýüň işini et ejeme kömekleş, jigimden soň işden gelýäň. Jigime işden soň öýüň işleri agyr " diýse-de diňläberenokdy. "Men höwes edip okadym, şu käri halap, şu käri çagalykdan arzuw edýänimi bilýäň-ä sen. Maňa öýde otur diýme." diýip, günaşa günden dawa bolýardy. Agamyň gözünde gelnejemi beter garalamajak bolup, işden ir çykyp bilsem, ylgap gelýärdim. Naharam, öýem wagtynda taýyn edýärdim. Şol günem işden ir çykdym. Öýe-de ir geldim. Gelibem nahar, şoruň ugruna çykdym. Jigilerimem gapdalymdan asylşyp, " Ol, bu "diýip güýmeýärdiler. Telefony açyp görmäge asyl-ha elim ýetmedi. Agşamam howa ýel-tozan bolansoň, howlyň çöp-çalamam artypdyr. Daşary çykyp bir gyrada duran süpürgä elimi uzaltdym welin, goňşa Begenje meňzeş bir oglanyn girenin gördüm. Içimden " Ýa Begenç geläýdimi-kä ?! Aý, gelen bolsa hökman aýdardy. Merdandyrlaý, şolam Begenje meňzäp dura " diýip, pikirlendim. Merdan meniň synpdaşym, bir mekdepde bile okap, bir partany bile bölüşdik. Maňa köplenç Lälejan diyerdi. Agam ýok wagtam "Läläm" diýip, ýüzlenerdi. Howlyny süpürip ýören wagtym, Merdan gapydan çykdy. Daş-töwerege garanjaňlap birden maňa gözi düşdi.
-Oh-ho, Lälejan. Daşaryny süpürýäňmi?!
-Howwa burnysumak. Kömekleşmäge geldinmi?!
-Diýme maňa burnysumak. Çagakam bolaýypdyryn indi dälä. Aýý howwa. Aslynda Läläme biziňem gapyny süpürip göýber-ä diýjekdim.
-Bäý-bä başga arzuw-isleg?!
-Sen şony et, galan işi soň aýdaryn.
-Ayu, gaýtam gel lakga-lukgyny azaltda şu sekini süýşüriş!
-Aý meniň muňa ýekeözüm, güýjüm ýetmez. Garaş häzir. " Begenç hew Begenç " diýip, öýe tarap gygyrdy. Tolgunyp, aljyrap başladym." Begenç gelipdir " diýip, içimden zol-zol gaýtalaýardym. Gapydan Begenç çykdy. Meni görmändi. Merdan ýagdaýy aýdanda, göni maňa seretdi. Ýylgyryp habar atanyna garaşýardym. Ýok! Gaýtam meni görüp gaşy çytyldy. Merdanyň sözüni ýykmajak bolup, kömekleşmäne geldi. Sekini süýşürdiler. Merdanyň üsti-başy hapalandy. "Gitme häzir ýene yza süýşürmeli " diýsemem, arassalap geleýin diýip, gitdi. Begenjem ýüzüme gaharly seredip dur...

Dowamy bar...
1-nji bölümiň soňy...
28
92
ilova
01.02.2024 07:59
1.Eger adamyñ gözi bir kamera bolsady onda 576 mega piksel bolardy.

2.Çalt gaharlanyan adamlar köpsi gaharly däl streslidir.

3.Dünýäde adamlaryñ sanyndan tovuklaryñ sany köpdir.

4.Ýylanlaryñ eşdijilik ukyby ýokdur.

5.Balykgulagyñ 25.000-e golaý dişi bardyr.

6.Eger 3 minutlyk sovuk duşa girseñiz onda 40 kalori ýakarsyñyz.

7.Ýangyn söndüriji enjamy kimiñ oýlap tapany belli däl. Sebäbi patenti yangynda yok bolupdyr.

8.Eder myşsañyz ( pres ) güýçli derejede agyrýan bolsa onda; nemli palatensany mikrawolnowkada 30 sekuntlap gyzydyryñ. Soñra agyrýan myşsañyza ýapyñ.

9.Osminoglar ajyganda öz gollaryny iýýärler.

10.Gadymy pinguwinler uçup bilipdir.

11.Ýer ýüzünde günde ortalama 8.6 million gezek ýyldyrym düşýär.

12.Bir kör syçan günde 90 metr tunel gazýar.

13.Źirafa dili bilen gulagyny arassalap hem bilýär.

14.Dünýäde 4300 tapawutly din bar.

15.Pariźda adamdan it köpdir.

16.Burnuñyz bilen başam barmagyñyz deñdir.

17.Dünýäde 400 milliona golaý it bar diýip çaklanylýar.

18.Bir astronodyñ eşigi 11 million dollardyr.
28
119
ilova
28.01.2024 14:38
Dünýä döräli bäri ynsanoglunyň iň uly arzuwy bagtly bolmakdyr. Hatda iň bir ýagşy dilegleriň, iň ajaýyp sözleriň, iň gowy gutlaglaryň, iň päk arzuwlaryň hem soňy “Bagtly bol! Alnyň bagtyň açyk bolsun!” diýlen sözler bilen jemlenýär. Bagtly bolmagyň syrlary nämede?!

1. Öz-özüňiz babatynda dogruçyl boluň!

Öz-özüňe ýalan sözlemek ýaly gysga wagtlyk nepi degýän ýagdaýlar köplenç halatda durmuşda entäk ýeterlik tejribämiziň bolmadyk döwründe ýüze çykýar. Şol döwürde näme etmelidigini, nähili ýoly saýlamalydygyny ýüregimize geňeşmegiň ýerine, özümizi beýleki kişiler, aýratyn hem deň-duşlarymyz bilen deňeşdirmek arkaly anyk karara gelýäris. Bu bolsa soňy bilen ýüze çykjak ençeme şowsuzlyklaryň başyny başladýar. J.Izzo görä, bagt munuň özi hemmeler üçin gymmatly bolan zat däl-de, diňe seniň üçin gymmatly bolan zatdyr. Şu kada eýerip ýaşap bilýän adam bagtly bolmagyň ilkinji syryny özleşdirdi diýmekdir. Eger-de, käwagt kalbyňa gulak goýup, öz-özüňe “Meniň barýan ýolum meni bagta eltýärmi?” diýen sowaly sorasak we ýürekdeşlik bilen jogap bersek, soňy bilen ençeme gezek puşman etmeklikden saklanyp bileris.

1. Puşman etmäň!

“Ýalňyşmakdan gorkmaň. Çünki hiç haçan ýalňyşmadyk adam – bu hiç bir iş etmedik adamdyr” diýilýär. Aslynda, soňy gowy netijeler bilen tamamlanýan işlere batyrgaý çemeleşilmelidir. Çemeleşmekden gorkulmaly däldir. Aslyýetinde puşman etmek haýsydyr bir zadyň anyk dogry ýa-da ýalňyşdygyny bilip şol işi etmeklik ýa-da etmezlikdir. Dostuň kömege mätäç halatynda oňa ýardam bermezlik, ata-enäniň diýeninden çykyp, olaryň gyňryşyna gitmeklik soňundan puşman etmekligi mejbur edýän ýagdaýlardyr. Puşman etmezlik üçin durmuşyň biziň öňümize dikýän päsgelçiliklerinden baş alyp çykmaklygy başarmalydyrys. Puşman etmek ejizligiň miwesidir. Haçan-da bir işi amal etmäge ejizlesek, onda ertir şol işi etmedigimiz üçin puşman etjekdigimizi hakdyr. Wyždanyňa geňeş, durmuşa batyrgaý çemeleş!

3. Söýmegi başaryň!

Beýik italýan-amerikan ýazyjysy Leo Buskaglia şeýle diýýär: “Durmuş söýgüden ybaratdyr we söýgüni ýitirseň, durmuşy-da ýitirdigiňdir”. Söýmek hem-de söýülmek bagtly we manyly ömri ýaşamagyň esasy şertleriniň biridir. Bagtyýar we manyly ömrüň baş şertiniň söýgüdigine doly gözýetirip, ýene-de söýmezlik, betbagtlygy özümize kabul etmeklikdir. Nädip söýýän we söýülýän ynsan bolmaly?! Bu soragyň jogaby söýgüni duýmagy we beýleki biriniň kalbyna ornaşdyrmagy başarmakdan gelip çykýar. Ilki bilen özümize hormat goýşumyz ýaly, özümizi hem söýmelidiris. Ikinjiden, bize ýakyn bolan ynsanlary söýmegi, üçünjiden bolsa olara söýgümizi ýetirmegi başarmalydyrys.

4. Bagtly pursatlary duýmagy başaryň!

J.Izzo “Bagta barýan ýol, bagtly günleriň bardygyny duýmakdan başlanýar” diýýär. Eger islesek, her günümizi ömrümiziň iň bagtly günlerinden birine öwürmek biziň özümize baglydyr. Säher bilen sag-aman örmek, maşgala bolup, başy jem ertirlik edinmek, ruhubelentlik bilen işli işine, okuwly okuwyna gitmek, öňüňden çykan tanyşlaryňa mähirli salam berip, olaryň hal-ýagdaýyny soramak, işiňde, okuwyňda öz paýyňa düşýän borçlary doly amala aşyryp, netijeli we halal zähmet çekmekligiň lezzeti bilen öýüňe dolanmak, ýolda guşlaryň jürküldisine, baglarda açylan güllere, adamlaryň ýüzündäki şatlyga guwanmak, öýüňe gelip, bir iş gününiň ýa-da okuw gününiň netijesinde Watanyň ösüşine zerre goşant goşmagyň buýsanjy bilen gök çaýyň başynda dem-dynç almak munuň özi ähli ajaýyplyklaryň özeni bolan bagtdyr.

5. Netijeli ýaşamaklyga çalyşyň!

J.Izzonyň gürrüňdeş bolan ähli pähimdarlary, dana adamlary üçin iň möhüm wezipe özüňden soňkulara haýyrly bir zady goýup gitmeklikir. Aslynda, bu pikir akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

Magtymguly sözle herne bileniň,

Özüňe kemlik bil, aýtman öleniň,

Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,

Senden soňkulara ýadygär bolsun – diýen setirleri bilen has hem berk baglanyşýar.

Durmuşyň baş maksady hem şundan ybaratdyr. Durmuşda bagtly bolmaklyk ondan çuwal dolusy zat almak däl-de, yzyňda giden bir harman galdyryp bilmeklikdir. Bagtly bolmak üçin durmuşyň saňa beren nygmatyndan has känrägini sen oňa bermelisiň.

çeşme:turkmenportal
24
25
ilova
27.01.2024 19:30
Näme üçin gün-günden ýagşylaň sany
Kemäp barýar,ýamanlyga öç bolup?
Şeýtandanmy, nebisdenmi, bilmenem,
Ne sebäpden, dideler yör aç bolup.

Bir-birege sylag hormat nirede?
Nirede? her sözi kasam ýigitler?
"Dost" diýeniň tilikiden pis çykyp dur,
Artan, eýesine topulýar itler.

Utanyp diýemde, bur gözel gyza,
Üşäýme gyz, "ýupka"däl-de köýnek geý!
Gahar-gazap bilen, batly ses bilen
Birje jogap geldi, olam bolsa:"Eý!"

Garaz, düzeder diýip ýalňyşyn aýtsaň
Begenmäň ýerine, duşmany öýder...
Soň kimsiň, kimlerden-oňa seretmez.
Dilini uzaldyp depäňden gaýdar...

Indi gürlemänjik gezäýsemmikäm ,
Onda-da "gürle"diýip türterlermikä,
Ýa herkimiň özüne göräräk bolsam,
"Sen adam bolmarsyň!" diýerlermikä.
20
36
ilova
26.01.2024 10:39
UMYT

Näme üçindir köpümiz "umyt" biz üçin meselämize (problem) položitel netije beriji diýip düşünýäris. Eger bir gezek gowy netijä getirmese umyt etmegi taşlap başlaýarys, durmuşdan sowaşýarys. Bu ýagdaýlara gelmegimiziň bir sebäbi bar. Bize oýunyň başynda düzgünleri ýalňyş berdiler. Umyt - ýykalan ýeriňden galdyryjy güýçdir. Menzile ýetip-ýetmezlige ol däl, seniň ädimleriň sebäpdir. Ädimleriň näçe köp, uzyn, ynamly ätleseň menzile ýatersiň. Umyt silkinip, özüňe gelmegiň sebäbidir. Ýene-de ýykylaryn diýip, aýaga galmakdan çekinme. Şertler näçe kesirleşse, sende ol derejden kem galma.

Umydy başgaça aýtsak, hany asyl netije otrisatel bolsa-da položitel görkezýän äýnekdir. Meselem, açyk meýdançada ileri seredemizde ýer bilen asmanyň birikýändigini göreris. Ýöne näce ilerlesek-de netije üýtgemez. Ýer bilen asman birikmeýäni bize mälimdir, ýöne ileri seredemizde ol netijäni görkezmez bize. Edil umyt hem şeýle birzatdyr. Käwagt netijäni almak ähtimallyk 0 bolsa-da bes etdirmeýär.

"Umytsyzlyk bize haramdyr."

Hz. Muhammet (s.a)
28
32
ilova
25.01.2024 07:09
Kä­bir adam bi­yg­ty­ýar ýag­daý­da bar­mak­la­ry­ny şyr­kyl­dad­ýar. Bu en­dik ada­ma ka­na­gat­lan­ma duý­gu­sy­ny be­rip, her ge­zek gaý­ta­lan­yny duý­man gal­ýar. Bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­mak bo­gun­la­ryň çiş­me­gi­ne ýa-da art­ri­tiň (bo­gun­la­ryň so­wuk­la­ma­sy) dö­re­me­gi­ne se­bäp bol­ýar di­ýen dür­li ga­ra­ýyş­lar bar. Eý­sem, bu ga­ra­ýyş­lar yl­ma esas­lan­ýar­my?
Rew­ma­to­log­lar (bo­gun şi­kes­le­ri luk­ma­ny) bu ga­ra­ýyş­la­ry yl­my esas­da sel­je­rip, bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­mak en­di­gi ba­ra­da şeý­le ne­ti­je çy­kar­dy.
Bar­ma­gy­ňy şyr­kyl­da­daň­da çyk­ýan ses bo­gun­lar­da­ky si­no­wi­al su­wuk­lyk­lar­da­ky kö­pür­jik­le­riň ýa­ryl­ma­gyn­dan dö­re­ýär. Si­no­wi­al su­wuk­lyk bo­gun­la­ry «ýag­la­ma­ga» kö­mek ed­ýän te­bi­gy mad­da bo­lup, sag­dyn he­re­ket et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­mak kö­pür­jik­le­riň dö­re­me­gi­ne se­bäp bol­ýan gar­şy­lyk­la­ýyn ba­sy­şy dö­red­ýär. Bi­ler­men­leriň öň­ler şyr­kyl­dy­ny kö­pür­jik­le­riň çök­me­gi di­ýip ha­sap­la­ýan­dyk­la­ry­na ga­ra­maz­dan, ge­çi­ri­len tä­ze bar­lag­lar bar­mak­lar­da­ky se­siň ha­ky­kat­dan hem kö­pür­jik­le­riň dö­räp-ýa­ryl­ma­gyn­dan ýü­ze çyk­ýan­dy­gyny gör­kezdi. Bar­mak­la­ry şyr­kyl­da­da­ny­ňyz­dan soň, der­rew gaý­ta­lap bil­me­jek­di­gi­ňi­ze göz ýe­ti­ren bol­ma­gy­ňyz müm­kin. Mu­nuň bio­lo­gik se­bä­bi bo­lup, boş­lu­gyň we kö­pür­ji­giň dol­­ma­gy üçin 20 mi­nut tö­we­re­gi wagt ge­rek.Bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­mak bo­gun çiş­me­si­ne se­bäp bol­ýar­my?
Luk­man­lar bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­ma­gyň art­ri­tiň ös­me­gi bi­len bag­la­ny­şy­gy­nyň ýok­du­gy­ny, ýag­ny sag­lyk üçin zy­ýan­ly däl­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ge­çi­ri­len köp san­ly bar­lag­lar­da bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­ma­gyň bo­gun­la­ryň çiş­me­gi­ne se­bäp bol­ýan­dy­gy ba­ra­da su­but­na­ma ta­pyl­ma­dy.
Ka­li­for­ni­ýa­ly ýa­zy­jy Do­nald Un­ger bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­mak art­rit tö­wek­gel­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar di­ýen çak­la­ma­ny der­ňe­mek üçin örän tä­sin sy­nag ge­çiripdir. Ol 50 ýyl­dan gow­rak çep eli­niň bar­mak­la­ry­ny her gün azyn­dan 2 ge­zek şyr­kyl­dadypdyr. Bu en­di­gi sag eli­ni­niň bar­mak­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­tir­mändir. Ýa­zy­jy çep eli­niň bar­mak­la­ryn­da
36 müň 500 ge­zek kö­pür­jik­le­ri ýa­ryp­dyr. Sy­na­gyň ahy­ryn­da, ýag­ny 50 ýyl­dan soň iki eli­niň bar­mak­la­ry­ny luk­man­çy­lyk bar­la­gyn­dan ge­çir­ýär. Ne­ti­je­de, bar­mak­la­ryn­da bo­gun çiş­me­si­niň ýok­du­gy ýü­ze çy­kyp, bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­ma­gyň zy­ýa­ny­nyň ýok­du­gy­na göz ýe­tir­ýär. Do­nald Un­ger mu­ny su­but eden ýe­ke-täk ýa­zy­jy bo­lup, 2009-njy ýyl­da No­be­liň luk­man­çy­lyk ug­ry bo­ýun­ça baý­ra­gy­na my­na­syp bolýar.
Bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­mak bo­gun­la­ryň çiş­me­gi­ne se­bäp bol­ma­ýar. Ýö­ne bu en­dik köp­çü­lik ýe­rin­de ha­lan­ma­ýan­dy­gy se­bäp­li, müm­kin bol­du­gyn­dan bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­mak­dan ga­ça dur­ma­ly. He­re­ket­le­ri­ňe üns berip, özü­ňe erk et­mek esa­syn­da bu en­di­giň öňü­ni alyp bol­ýar
20
24
ilova
24.01.2024 21:02
🤔
24
178
ilova
23.01.2024 21:30
1. Goz onune getirin, siz bir awtobusyn safyory. Awtobusyn icinde 14 adam bar. 1nji duralgada 4 adam dusya, 5 adam munya. 2nji duralgada 3 adam dusya, 8 adam munya. 3nji duralgada 6 adam dusya, 11 adam munya. 4nji duralgada 7 adam dusya 13 adam munya. Sorag. Safyoryn ady name?
2. Bir cagadan yasyny soranlaryda ol:
- men gecen yyl 10 yasymdadym. Su wagt 11 yasymda. Inniki yyl 13 yasayan, diyyar. Nadip?
3. 56 ny ýarta bölseñ näçe bolýar?
21
164
ilova
22.01.2024 21:13

◇ Yagyşdan soň gelýän ysa "Petrikor" diýilýär.

◇ Müsürde her 200 ýylda bir gezek ýagyş ýagýar.

◇ Syýa doldurylan köl - Alžirde tapyldy. Kölden suw bilen kagyz ýüzüne ýazyp bolýar.

◇ Dünýädäki iň gymmat mekdep Angliýada bolup, ol "Halkara aýallar we jenaplar" mekdebidir. Bir aýlyk okuw tölegi $ 80,000 dollar

◇ Iň “çydamly” gala, Germaniýada Eltz galasy bolup, 850 ýyl töweregi wagt bäri bir maşgalanyň eýeçiliginde bolup, 33 nesilden-nesle geçdi. Gyzykly tarapy, ol hiç haçan ýok edilmedi we hiç haçan tutulmady.

◇ Dünýädäki iň agyr kitap, agramy 320 kg bolan London muzeýiniň geografiki atlasydyr.

◇ Aýallar erkeklerden 2 esse köp gözlerini gyrpýar.

22
151