ilova
27.01.2024 19:30
Näme üçin gün-günden ýagşylaň sany
Kemäp barýar,ýamanlyga öç bolup?
Şeýtandanmy, nebisdenmi, bilmenem,
Ne sebäpden, dideler yör aç bolup.

Bir-birege sylag hormat nirede?
Nirede? her sözi kasam ýigitler?
"Dost" diýeniň tilikiden pis çykyp dur,
Artan, eýesine topulýar itler.

Utanyp diýemde, bur gözel gyza,
Üşäýme gyz, "ýupka"däl-de köýnek geý!
Gahar-gazap bilen, batly ses bilen
Birje jogap geldi, olam bolsa:"Eý!"

Garaz, düzeder diýip ýalňyşyn aýtsaň
Begenmäň ýerine, duşmany öýder...
Soň kimsiň, kimlerden-oňa seretmez.
Dilini uzaldyp depäňden gaýdar...

Indi gürlemänjik gezäýsemmikäm ,
Onda-da "gürle"diýip türterlermikä,
Ýa herkimiň özüne göräräk bolsam,
"Sen adam bolmarsyň!" diýerlermikä.
20
36
garik
27 Yanwar 2024
Manyly eken👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.