UMYT
Näme üçindir köpümiz "umyt" biz üçin meselämize (problem) položitel netije beriji diýip düşünýäris. Eger bir gezek gowy netijä getirmese umyt etmegi taşlap başlaýarys, durmuşdan sowaşýarys. Bu ýagdaýlara gelmegimiziň bir sebäbi bar. Bize oýunyň başynda düzgünleri ýalňyş berdiler. Umyt - ýykalan ýeriňden galdyryjy güýçdir. Menzile ýetip-ýetmezlige ol däl, seniň ädimleriň sebäpdir. Ädimleriň näçe köp, uzyn, ynamly ätleseň menzile ýatersiň. Umyt silkinip, özüňe gelmegiň sebäbidir. Ýene-de ýykylaryn diýip, aýaga galmakdan çekinme. Şertler näçe kesirleşse, sende ol derejden kem galma.
Umydy başgaça aýtsak, hany asyl netije otrisatel bolsa-da položitel görkezýän äýnekdir. Meselem, açyk meýdançada ileri seredemizde ýer bilen asmanyň birikýändigini göreris. Ýöne näce ilerlesek-de netije üýtgemez. Ýer bilen asman birikmeýäni bize mälimdir, ýöne ileri seredemizde ol netijäni görkezmez bize. Edil umyt hem şeýle birzatdyr. Käwagt netijäni almak ähtimallyk 0 bolsa-da bes etdirmeýär.
"Umytsyzlyk bize haramdyr."
Hz. Muhammet (s.a)