ilova
21.02.2024 09:37
Her ýylyň tomus aýlarynda " Awaza" üçin Balkanabat şäherden bir oglan goňşymyza myhmançylyga gelerdi. Her ýyl üns bermeýärdim, ýöne geçen ýyl birhili ünsümi çekýärdi. Gelşikli, syratly, edepli, uzyn boýly, gür gara saçlydy. Öý eýesem synpdaşym bolansoň onuň bilen salamlaşanymda olam öwran-öwran maňa seredip durýardy. Iki günden soň gitdi. Azajygam bolsa, gynanypdym.
Ine bir gün adaty gün. Işlerimden dynyp internet sahypalarynda gezim edip ýörün. Köpden bäri Begenç atly oglany mowzuklary bilen teswirlerimden göz öňüme alyp öz ýanymdan halaýardym. Şol gün bolsa tanyşmaga pursat boldy. Özümin Türkmenbaşylygymy aýdanymda bolsa, " Goňşymyzy tanadyp, şony tanaýarmyň " diýip sorady. Görüp otursam şo-ol myhman oglan eken. Birhili tolgundymam, begendimem. Soňabaka men oňa " Myhman oglan" diýip ýüzlenýärdim. Olam kyn görenokdy. Biri -birimiziň üstünden köp degişýädik. Bir gün biz tarapa ýolunyň düşjekdigini aýtdy. Geljegini eşidenimde begenip uçaýjak boldum. Sebäbi azragam bolsa, ol oglanda göwnüm bardy.Diýilen günem ýetip geldi. Ýöne iki gündir ondan habar alamokdym. Geldim diýibem aýtmady. " Dogry näme üçin aýtsyn " diýip, käte öz-özüme gürläp, gynanýanam.
Men öýüň ýeke gyzy, körpeleri. Bir agam bar gelnejemem köplenç işde. Menden soň işden gelýär. Öýde agam oňa " Işleme öýde otur, öýüň işini et ejeme kömekleş, jigimden soň işden gelýäň. Jigime işden soň öýüň işleri agyr " diýse-de diňläberenokdy. "Men höwes edip okadym, şu käri halap, şu käri çagalykdan arzuw edýänimi bilýäň-ä sen. Maňa öýde otur diýme." diýip, günaşa günden dawa bolýardy. Agamyň gözünde gelnejemi beter garalamajak bolup, işden ir çykyp bilsem, ylgap gelýärdim. Naharam, öýem wagtynda taýyn edýärdim. Şol günem işden ir çykdym. Öýe-de ir geldim. Gelibem nahar, şoruň ugruna çykdym. Jigilerimem gapdalymdan asylşyp, " Ol, bu "diýip güýmeýärdiler. Telefony açyp görmäge asyl-ha elim ýetmedi. Agşamam howa ýel-tozan bolansoň, howlyň çöp-çalamam artypdyr. Daşary çykyp bir gyrada duran süpürgä elimi uzaltdym welin, goňşa Begenje meňzeş bir oglanyn girenin gördüm. Içimden " Ýa Begenç geläýdimi-kä ?! Aý, gelen bolsa hökman aýdardy. Merdandyrlaý, şolam Begenje meňzäp dura " diýip, pikirlendim. Merdan meniň synpdaşym, bir mekdepde bile okap, bir partany bile bölüşdik. Maňa köplenç Lälejan diyerdi. Agam ýok wagtam "Läläm" diýip, ýüzlenerdi. Howlyny süpürip ýören wagtym, Merdan gapydan çykdy. Daş-töwerege garanjaňlap birden maňa gözi düşdi.
-Oh-ho, Lälejan. Daşaryny süpürýäňmi?!
-Howwa burnysumak. Kömekleşmäge geldinmi?!
-Diýme maňa burnysumak. Çagakam bolaýypdyryn indi dälä. Aýý howwa. Aslynda Läläme biziňem gapyny süpürip göýber-ä diýjekdim.
-Bäý-bä başga arzuw-isleg?!
-Sen şony et, galan işi soň aýdaryn.
-Ayu, gaýtam gel lakga-lukgyny azaltda şu sekini süýşüriş!
-Aý meniň muňa ýekeözüm, güýjüm ýetmez. Garaş häzir. " Begenç hew Begenç " diýip, öýe tarap gygyrdy. Tolgunyp, aljyrap başladym." Begenç gelipdir " diýip, içimden zol-zol gaýtalaýardym. Gapydan Begenç çykdy. Meni görmändi. Merdan ýagdaýy aýdanda, göni maňa seretdi. Ýylgyryp habar atanyna garaşýardym. Ýok! Gaýtam meni görüp gaşy çytyldy. Merdanyň sözüni ýykmajak bolup, kömekleşmäne geldi. Sekini süýşürdiler. Merdanyň üsti-başy hapalandy. "Gitme häzir ýene yza süýşürmeli " diýsemem, arassalap geleýin diýip, gitdi. Begenjem ýüzüme gaharly seredip dur...

Dowamy bar...
1-nji bölümiň soňy...
28
92
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.