ilhano_va
07.01.2024 20:03
Çaga dünýä indi. Bir adam ýene
Goşuldy ozalky millionlaň ýanna.
Öýne gaýdyp geldi owadan ene.
Çaga at dakdylar.
Meretmi, Anna –
Gürrüň adynda däl. Ýa-da enäniň
Görmeginde-de däl. Bu ýöne mysal.
Ýaş, sagdyn enäniň ak süýdün emip,
Her gün iki mysgal, belki kän mysgal
Çaganyň tenine agram goşuldy.
Geçdi üç-dört hepde. Çagyrdy ZAGS.
Owadan harp bilen adyny ýazyp,
Ýaş ataň eline berdiler kagyz.
«Ýörjen-ýörjen» boldy. Ýöräp başlady.
Iki ätmäkä-de ýykyldy ýere.
«Ýetiň, ýetiň!» diýip, gygyrsa ata,
«Waý, köşegim!» diýip, topuldy ene.
Ýedisine ýetdi.
Mekdebe gitdi.
On ýyl gülüp girdi işiklerinden.
Kakasy gutlasa bäşliklerini,
Ejesi aýlandy bäşliklerinden.
Onsoň «Salam!» diýip bardy bir jaýa,
Olam «Salam!» diýip, gaýtardy jogap.
Bäşlik bilen girdi. Bäşlik bilenem
Okady. Hiç kimsiz başyny çarap,
Ne-hä adamlardan kömek sorady,
Ne-de ýoldaşlarna ýetirdi kömek.
Hiç kimiň edenne telek diýmedi,
Ne-de oň edenne diýdiler telek.
Ne ýoldaşy boldy, ne-de bir dosty,
Ne guwanýan, ne-de gynanýan zady.
Bar bilen-biteni kitap, depderi
Öz bäşligi
hem-de özüniň ady.
Boýy, atasynyň boýundan ötdi.
Görmegeý. Seretseň gözüň doýanok.
Şeýdip ýigrimiden ätledi ýaşy –
Bir görse,
daşynda bir adamam ýok.
Birden eýmenç gorkdy, ýüregi gysdy,
Hopugyp, öýünden çykdy sabada,
Köne ýoldaşlaryn tapdy bir ýerden, –
Soraşdy ahwalyn, paýlaşdy derdin –
Doguldy adam.
Kerim Gurbannepesow
22
46
ilhano_va
07.01.2024 14:05
Örän aýdyň hem çuň bir hakykat bar:
Diriler ölüpdir. Diriler ölýä.
Ýöne şol ölenler müň ýyllar ötüp,
Başga biri bolup inýär bu dünýä.
Beýle bolsa kimkä meniň geçmişim?
Şahyrmykan?
Aşykmykan?
Ýa daýhan?
Ýa ol namartmykan çyn sözden gorkýan
Hem gorkusy üçin çyn söze duşman?
Eger şahyr bolsa, meniň şygrymy
Özüm bolup menden gizlin okýandyr.
Ejiz şygrym üçin saçlaryn ýolup,
Menligine ajy gözýaş dökýändir.
Eger aşyk bolsa, söýmediklerme
Söýýän diýenime ýanyp-bişýändir.
Ol meniň ruhumyň kazysy ýaly,
Öz päkligi bilen maňa duşmandyr.
Eger daýhan bolsa toprakdan alyp,
Oňa bermeýänme tutýandyr için,
Hem onuň bir oňat dilegi bardyr
Topraga bir tohum atarym üçin.
Indi bu ýaşlygam ötüşip barýa,
Etsemim bar bolsa, boldy bir çeni.
Gije-gündiz şahyr, aşyk hem daýhan
Depämden seredip goýmaýar meni.
Dünýede çyn sözüň sarpasyn saklap,
Çyn söz üçin özüm ederin gurban.
Ýazaryn, söýerin, tohum seperin.
Razy bolar
Şahyr,
Aşyk hem Daýhan.
Ölsem, dogry sözüň şol duşmanyny
Inkär eden — meni öper bu ýerim,
Müň ýyl ötüp, ýene döräp, şol şahyr.
Aşyk, daýhan bolup dowam ederin.
Yzyma seretsem, bir giden umman,
Öňüme seretsem, bir giden umman.
Geçmişiň öňünde uly bergim bar.
Geljegiň öňünde uly bergim bar.
Gurbannazar Ezizow
22
55
ilhano_va
07.01.2024 11:03
Oba çagyrsalar, ýitirýän özüm.
Diýýärin aljyrap: «Bararyn hökman.»
Soň çilimmi otlap, ýumýaryn gözüm.
Çozýar ýok pikirler üstüme bakan.
...Ine tämiz geýnip, bararsyň bärden.
Tanyşdyr adamlar, gezilen ýerler.
(Ýeri, ýazmak kärin tapdyň sen nirden?
Näme diýerkäler? Näme diýerler?!)
Hana, hol gapdalda bir ýigit otyr,
Şondan gorkup, özüm alyp bilemok.
Törde çaý süzüşip gojalar ýatyr,
Olar hakynda-ha gürrüňimem ýok.
Ine, birden obaň garry, jahyly
Söhbet gurar gazet, goşgy barada.
«How, Eziziň ogly, goşgyň nähili?
Ýeňillig-ä ýokdy biziň obada.
Agraslyk süýdüni ilki emeňde,
Sen emipdiň päk süýdüni hak sözüň,
Oglum, oňarsaň-a ilki çenenme,
Çenendiňmi, boş geçmesin oklaryň.»
Diňläp, ýere girmän otyrsyň zordan.
Wah, basymrak ýarylmazam gara ýer.
(Ýeri, ýazmak kärin tapdyň sen nirden?
Näme diýerkäler? Näme diýerler?!)
Ýeri, hol, agzyndan süýt ysy aňkap
Duran garagolam gyrpyp gözlerin.
Diýer: «Goşgy ýazmak bolupdyr aňsat,
Şeýle goşgular-a menem ýazaryn.
Bulaň göterýäni dünýäniň derdi,
Melul bolup ýörler gülleň ysyna.»
Wah, bir özi bolsa gapam diýerdim,
Meň başyma oňky näme diýsene!
..Oba çagyrsalar, gideýin nädip?!
Men misli söweşden eýmenýän soldat.
Yza iki ädip, öňe bir ädip,
Ahyr ýola düşýän, ýüzümi sallap.
Öz-özümi iýmän saklanýan zordan,
Hakydamda bolsa şol eýmenç sözler:
— Ýeri, ýazmak kärin tapdyň sen nirden
Näme diýerkäler? Näme diýerler?
Gurbannazar Ezizow
21
37
ilhano_va
06.01.2024 22:31
Hiç düşünip,
Hiç düşünip bilemok.
Bu ýerde bir hili bulaşyklyk bar.
Men «bar» diýsem,
«ýok» diýjegne şübhe ýok
Men ýagyşy söýýän,
Oň söýýäni gar.
Dört diwardyr
Üçegimiz bir biziň,
Emma ol şonda-da etmeýär müýni.
«Men gaýkyny söýýän, sen kimi?»
diýýän,
Ol arkaýyn jogap berýär:
«Küýkini!»
Diýýärin «Sen bilgeşleýin edýärsiň,
Çigişdirýäň aradaky düwüni.»
Oň gözlegi towuklaryň arpasy,
Men söýýärin ýöne arpa suwuny.
Hiç düşünip,
Hiç düşünip bilemok,
Ötjek pikirimiz bir ýere gelmän
Bolmajak bolanda bolmaz ekeni
Ol-a meni söýýär!
Men ony söýýän.
Gurbannazar Ezizow
26
77
ilhano_va
06.01.2024 19:14
Aý ýöne,
Keýpine hoş salam ýollaýan Güne,
Keýpine aýdym aýdýaryn,
Tanyşlyk üçin däl —
Gyzlara duşsam,
— Salam keýgim
— diýip geçýän keýpine.
Garagol çagany guş deý göterip,
Mündürýärin sazdan doly kelläme
Suwa daş zyňýaryn bökýär, oýnaýar
Ýeri, şol suwa daş zyňamda näme.
Dükanlaryň witrinasy enaýy,
Dükana dykylyp girýärin, ine,
Soraýaryn onuň-munuň bahasyn.
Satyn almakçy däl,
Ýöne keýpine.
Guşlaram baglarda jagylda-jugul,
Ýollarda baglaram guşlary bilen,
Bu täsin gün ýaýnap otyr enaýy,
Keýpine,
Keýpine,
Ýöne keýpine.
Çaga ýaly bu arassa asmana
Kelläm degip,
Owaz edýär keýp bile.
Onsoň neneň Saturnyň halkasyn
Şlýapa dek geýmejek sen keýpine.
Gurbannazar Ezizow
29
47
ilhano_va
06.01.2024 15:28
Dünýede her kimiň öz gylygy bar,
Oňatlary saýlap-seçgin — diýdiler.
Edep-sypaýçylyk adamy bezär,
Mydam gödeklerden gaçgyn — diýdiler.
Diýişleri ýaly, gaçdym-da ýördüm,
Gödekligem meni kowlap ýörmedi.
Ol öňümden çyksa, ýüzüm öwürdim,
Oň nä derdi — asyl gaty görmedi.
Sypaýy diýlenler bolýar her hili
Juda sypaýylar daşym aldylar.
Duýman durka, kastlary bar ýaly,
Sypaýlygmyň dulugyna çaldylar.
Sypaýçylyk bilen hormat etdiler.
Sypaýçylyk bilen adym tutdular.
Sypaýçylyk bilen arzan satdylar.
Sypaýçylyk bilen etdiler baryn.
Soň ýene diýdiler ýanyma gelip,
Mert ýigide näzik bolmak ýaraşmaz.
Bardyr adamlarda şeýle bir gylyk, —
Ajyň ýokmy — süýjüňe-de garaşmaz.
Eýsem, ýaranjaňlyk, öz külbäň küýi
Göriplik hem juda-juda küteklik
Ýaly gylyk-häsýet duş gelýän güni
Iň ýaramaz gylykmydyr gödeklik?
Baş çykarmak gerek şeýle gylykdan,
Näçe çuň düşünseň şonça-da ýagşy.
Kebzä pyçak sokýan sypaýçylykdan,
Tumşugyňa kakýan gödeklik ýagşy.
Eý, siz, sypaýylar, men taýa bakan
Gelmäweriň leşger çekip, dökülip.
Ýaşasyn hak üçin gulakdan çekýän,
Göni göze bakýan sagdyn gödeklik!
Gurbannazar Ezizow
22
54
ilhano_va
06.01.2024 12:14
Men kiçijik şäherleri söýýärin!
Ol ýerde hemme zat sadadan-sada.
Uly şäherlerde tapylgysyz zat,
Bu ýerde ýer bolýar myhmanhanada.
Bu şäherde hemme tanyş, mähriban,
Hilesi ýok, allary ýok gepinde.
Onuň bir çetinde güläýse biri,
Derrew eşidýärler beýle çetinde.
Bu kiçijik şäherjigiň göwni giň,
Ol bagyşlap bilýär, gynaman jany.
Ilki: «Ajap şäher, owadan şäher!»
Soňam «Oba!» diýip, çykyp gidýäni.
Bü ýerde kän hapa işler edilmez,
Asylly işlerem edilmez kelte.
Çüňki bütin şäher anygna ýeter,
Ýerden tylla halka galkanda erte.
Bu şäherde dul gapysy kakylmaz,
Gyzylmy-ak, mele şerapdan doýup.
Bu şäherde gündiz ýagty söýerler,
Garaňky gijäni parahat goýup.
Bu şäherde söz diýeniň — namysdyr.
Şoň üçinem ikilik ýok gepinde.
Onuň bir çetinde aglaýsa biri,
Derrew eşidýärler beýle çetinde.
Gurbannazar Ezizow
21
57
ilhano_va
06.01.2024 00:16
Söýgüm, kabul eýle janan,
Ýürekde perýat galmasyn,
Yşk, ýandyrdy onki synam,
Öçür onda ot galmasyn.
Bagt, bazaryn gyzdyryp gel,
Päk söýgüňi syzdyryp gel,
Görüplerden ozduryp gel,
Duşman ýüzi şat galmasyn.
Sökeli, ömür ýodasyn,
Bozmany kaým-kadasyn,
Göter gülüm yşk badasyn,
Boşat syrdan zat galmasyn.
Barlyk, gözel seniň bilen,
Söýdüm artyk kemiň bilen,
Kalbyň birle meniň bilen,
Gaýgy-gussa wagt galmasyn.
Synaglarda, mert duraňda,
Çäresi bor, dertleriňde,
Dünýäň, taryh depderinde,
Bizden ýaman at galmasyn.
Süleýman Tekayew
27
61
ilhano_va
05.01.2024 21:59
Birden gök asmana dikildi gözüm.
Ah, ol görnüş! Gözüm nämeler görýär.
Gül düzüň üstünden düzümde-düzüm,
Göwnüňi göterip, durnalar barýar,
Her ýyl syn edýärin men bu görnüşe,
Her ýyl gözlem şu görnüşden doýmaýar.
Durna geçýär... misli adam durmuşy.
Durna geçýär... geçmesini goýmaýar.
...Adamlara hiç etmändim erbedi,
Ýagşylygy bolsa az etdim juda.
Köçede maksatsyz entäp ebedi,
Tekepbirdim. Düşdüm dostlamdan jyda.
Hiç kim maňa erbet adam diýmedi.
Ýöne ýagşam diýmediler, elbetde.
Şeýle agyr jeza meni gynady.
Şeýle jeza goýdy meni ezýetde.
Köp ýalňyşdym. Bu ümmülmez dünýäni,
Kitap däl-de, ýalňyş bilen öwrendim
Durnalar!
Durnalar!
Ine, şuň ýaly
Ýollar bilen sizi garşylan mendim.
Öňem uçupsyňyz hatarma-hatar,
Ýene uçarsyňyz uzakdan-uzak.
Ýöne bir gün meňem ahyrym ýeter,
Bir gün ajal gurar ömrüme duzak.
Oňat bilýän, menden soňam aýlanyp
Geçersiňiz. Şu akym bir durmasyn.
Ine, şu ynanja mäkäm baglanyp,
Kükregimde ýürek goýar urmasyn.
Ýöne az ýalňyşsyn menden soňkular,
Ýöne durmuş gara günler görmesin.
Durna geler!
Durna gider!
Durna ger!
Il daş çykyp garşy alar durnasyn!
...Her ýyl syn edýärin men bu görnüşe,
Her ýyl gözlem şu görnüşden doýmaýar.
Durna geçýär... misli adam durmuşy,
Durna geçýär... geçmesini goýmaýar.
Gurbannazar Ezizow
20
26